2022-nji ýylda Türkmenistanyň demir ýol ulgamynda işleriň agramly bölegi döwrebaplaşdyrylar

2022-nji ýylda Türkmenistanyň demir ýol ulgamynda işleriň agramly bölegi döwrebaplaşdyrylar

Türkmendemirýollary agentliginiň amala aşyrýan esasy maýa goýum taslamalary şu ýyl demir ýollaryň durkuny täzelemäge we döwrebaplaşdyrmaga gönükdiriler ― diýip, Türkmenistan: Altyn asyr habar berýär.

Gurluşygyň potratçysy Demirýollary AGPJ agentligiň tabşyrygy boýunça Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda, demir ýoluň 4975-nji kilometrinde, 112-nji geçelge bilen Uzynsuw stansiýasynyň aralygynda täze köpri gurýar.Döwrebap ýol desgasy 120 ýyldan gowrak wagt bäri ulanylyp gelýän demir köpriniň ornuna gurulýar.

Täze desga has köp suw geçirijiligi, seýsmiki durnuklylygy we ulanyşda ygtybarlylygy bilen tapawutlanýar.Onuň köpri bölegi 100 metrden gowrak bolup, umumy uzynlygy 1900 metre barabardyr.

Sil akymynyň ýolunda gurulýan köpriniň taslamasyny Türkmendemirýollary taslama-barlag instituty taýýarlady. Täze köpriniň işe girizilmegi bilen, bu ýerde otlularyň ortaça tizligi has ýokarlanar.

Häzirki wagtda köpri gurujylar dört sütüniň esasyny berkitdiler we kese berkidijileri armirleýärler.

Türkmendemirýollary agentligi Demirýollary AGPJ-i bilen bilelikde Mary ― Serhetabat demir ýolunda döwrebap suw geçirijileriň birnäçesiniň we Serhetabat etrabynda Guşgy derýasynyň üstünden köpri gurýar. Bu işler Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 11-nji fewralyndaky Owganystan ― Türkmenistan ― Azerbaýjan ― Gruziýa ― Türkiýe ― Ýewropa ugrunyň geçirijilik mümkinçiligini artdyrmak baradaky talaplarynyň çäklerinde ýerine ýetiriler. Bu desgalaryň işe girizilmegi bilen otlularyň ortaça tizligi has artar.

Demirýolçylar elektrowozlary ýa-da elektrootlulary ulanmak üçin demir ýoluň uçastoklarynda ýerine ýetirilýän işlere çäreler toplumyny ornaşdyrmaga taýýarlanýarlar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019 ― 2025-nji ýyllarda ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen Maksatnamasynyň çäklerinde Awstriýanyň inženerçilik hyzmatlaryny etmäge ýörüteleşen “BERNARD Gruppe ZT GmbH” garaşsyz kompaniýasynyň gatnaşmagynda Türkmendemirýollary agentliginde Türkmenistanyň demir ýollaryny elektrifikasiýalaşdyrmagyň tehniki-ykdysady esaslary (TYE) düzülýär.

Hususan-da, onuň birinji tapgyrynda Aziýanyň ösüş bankynyň karz serişdelerini çekmek bilen Aşgabat ― Duşak uçastogyny döwrebaplaşdyrmak we elektrifikasiýalaşdyrmak göz öňünde tutulýar.TYE häzirki şpal öndürýän zawody döwrebaplaşdyrmak ýa-da täzesini gurmak ugurlary goşular. Şu ýylyň ikinji ýarymynda tehniki-ykdysady esaslaryny düzmek işlerini tamamlamak göz öňünde tutulýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda täze wagon abatlaýyş zawodyny gurmak meýilleşdirilýär
“Demirýollary” AGPJ bilen “Türkmen Demirýol Ekspress” HJ amatly nyrhlarda müşderilere hyzmat edýär
Demirýollary AGPJ täze hyzmaty Bir gezeklik ýapynjalary hödürleýär
Diýarymyz bagy-bossanlyga öwrülýär
FESCO (RF) we Özbegistan Türkmenistanyň çäginden geçýän üstaşyr ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk ederler
Russiýa Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üstünden Owganystana we Eýrana däne eksport etmäge gyzyklanma bildirýär
Türkmenpoçta PAK we Demirýollary AGPJ Türkmenistanda ýük daşamalaryny ýeňilleşdirýär