2022-nji ýylda Türkmenistanyň banklary tarapyndan berlen karzlaryň umumy mukdary 38,61 milliard manat boldy. Karzlar boýunça göterim mukdary 3,3% boldy. Bu barada Türkmenistanyň Merkezi bankyna salgylanmak bilen Trend habar berýär.
Ortaça 2,68% göterim bilen 34,29 milliard manat edara görnüşli taraplara berildi. Şahsy taraplara ortaça 8,19% göterim bilen 4,32 milliard manat karz berildi.
Ozal habar berşimiz ýaly, 2023-nji ýylyň aprel aýynyň başyna POS terminallaryň sany boýunça Türkmenistanyň banklarynyň sanawy neşir edildi. Sanawa laýyklykda, Daýhanbank döwlet täjirçilik banky öňdebaryjy boldy.