2022-nji ýylda dünýäde elektromobil satuwy rekord derejä ýetip biler

2022-nji ýylda dünýäde elektromobil satuwy rekord derejä ýetip biler

Şu ýyl elektromobil satuwy rekord derejä ýetip biler diýip, Halkara energetika agentligi (HEA) çaklaýar. Şonuň bilen birlikde, ol 2050-nji ýyla çenli zyňyndylaryň nol derejesini gazanmak boýunça maksatlara ýetmek üçin beýleki pudaklarda-da has işjeň çäreleri görmegiň zerurdygyny belleýär. Muny interfax.ru ýetirýär.

HEA-nyň ýyllyk “Tracking Clean Energy Progress (TCEP)” hasabatynda 2021-nji ýylda global elektromobil satuwynyň iki esse ýokarlanandygy we munuň tutuş awtomobil bazarynyň, takmynan, 9%-ine barabardygy aýdylýar. 2022-nji ýylda bolsa satuwyň ýeňil awtomobilleriň umumy satuwynyň 13%-ini eýeläp, rekord derejä ýetmegine garaşylýar. Öň, HEA 2021-nji ýylda elektromobil satuwynyň 6,6 milliona ýetendigini habar berdi. 2022-nji ýylyň birinji çärýeginde görkeziji 2021-nji ýylyň ilkinji üç aýy bilen deňeşdirilende 75% ýokarlanyp, 2 milliona barabar boldy.

HEA-nyň maglumatlaryna görä, elektromobil öndürijileriniň 2050-nji ýyla çenli zyňyndylaryň nol derejesini gazanmak boýunça meýilnamanyň çäklerinde 2030-njy ýyl üçin öňde goýlan maksatlara ýetmäge ähli mümkinçilikleri bar. Şol bir wagtyň özünde agentlik elektromobil satuwy bilen bagly ýagdaýyň heniz “global hadysa” däldigini belleýär.

Ýene degişli makalalar

HEA 2025-nji ýylda Ýewropada tebigy gaza islegiň artjakdygyny çaklaýar
JOINT STATEMENT FOLLOWING THE 4TH MEETING OF SPECIAL REPRESENTATIVES AND ENVOYS FOR AFGHANISTAN IN THE "CA-EU" FORMAT IN ASHGABAT
A MEETING OF SPECIAL REPRESENTATIVES FOR AFGHANISTAN IN THE "CA-EU" FORMAT WAS HELD AT THE MINISTRY OF FOREIGN AFFAIRS OF TURKMENISTAN
Russiýanyň kärhanalarynda iş ugurlary boýunça ýiti ýetmezçilik duýulýar
Coca-Cola alyjylary ýalňyşdyrmakda aýyplandy
Huawei-iň akylly sagatlary we gulaklyklary žurnalistleriň baýraklaryna eýe boldy
HUMANITARIAN COOPERATION IS ONE OF THE MOST IMPORTANT COMPONENTS OF THE POLICY OF NEUTRALITY OF TURKMENISTAN