2022-nji ýyl Türkmenistanda prezidentligiň 'maşgala mirasdüşerligi' arkaly geçirilmegine şaýat boldy

2022-nji ýyl Türkmenistanda prezidentligiň 'maşgala mirasdüşerligi' arkaly geçirilmegine şaýat boldy

Aramyzdan gidip barýan 2022-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanda iň möhüm syýasy waka, gürrüňsiz, ýokary döwlet wezipesiniň ata Gurbanguly Berdimuhamedowdan ogul Serdar Berdimuhamedowa geçirilmegi boldy.

Ýöne, dogrusy, ýurtda amala aşyrylan soňky häkimiýet çalşygy diňe bir 2022-nji ýyla mahsus waka däl. Geçip barýan ýyl Türkmenistanda soňky birnäçe ýyla ýaýbaňlandyrylan häkimiýeti çalyşmak prosesiniň, has takygy prezident wezipesini ata Berdimuhamedowdan ogul Berdimuhamedowa geçirmek prosesiniň netijelendirilen ýyly boldy.

Ýylyň jemlerine bagyşlanýan bu makala Türkmenistanda häkimiýet çalşygyna taýýarlygyň alamatlary hökmünde kabul edilen wakalaryň hronologiýasyna nazar aýlamaga synanyşýar.

2022-nji ýylyň 19-njy martynda Aşgabadyň Ruhyýet köşgi özüniň 22 ýyllyk ömründe ikinji gezek iň bir dabaraly wakalaryň birine şaýat boldy. Kakasy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2007-nji ýylyň 14-nji fewralynda kasam edip, prezident wezipesine girişen köşgünde, Serdar Berdimuhamedow ýokary döwlet wezipesine kasam kabul etdi.

Gara galstuk, gara penjek, gara balak we ak köýnek geýnip, sahna çykan ýaş Berdimuhamedow agras bakyşlar bilen sag elini Türkmenistanyň Konstitusiýasyna goýup, türkmen halkyna wepaly we dogruçyl hyzmat etmäge kasam etdi.

Dabara gatnaşýan hökümete wepaly halk wekilleri ýadaw bakyşlaryň astynda şowhunly el çarpyp, täze prezidenti gutlady.

“Halkyň Arkadagly zamanasy” yglan edilen 2022-nji ýylda öňki prezidentiň, “Arkadag” atlandyrylýan Gurbanguly Berdimuhamedowyň il gözünden, medianyň ünsünden çetleşmegini, onuň häkimiýet halkasyndan kenara çekilmegini çaklamak esassyz bolardy. Eks-prezident türkmen parlamentiniň ýokarky palatasynyň, Halk Maslahatynyň başlygy wezipesinde galdy. Täze prezident dessine “köşk şahyrlary” tarapyndan “Arkadagly Serdar” atlandyryldy.

Prezident wezipesini atadan ogla geçirmek prosesiniň dowamynda Türkmenistanda uzak ýyllardan bäri dowam edýän awtoritar syýasatdan, raýat we syýasy azatlyklaryň berk çäklendirilmeginden, ynsan hukuklarynyň kemsidilmeginden, galyberse-de, soňky birnäçe ýyl bäri ýitileşen ykdysady kynçylyklardan lagar düşen halka hiç hili reforma wadasy berilmedi.

Serdar Berdimuhamedow 2016-njy ýyldan öň ýurduň syýasy sahnasynda kän bir görünmeýärdi.Ol 2016-njy ýylyň noýabrynda Türkmenistanyň Mejlisine deputatlyga getirildi. Ýöne ýaş Berdimuhamedowyň wezipe basgançaklaryndaky beýgelişi 2018-nji ýyldan soň batlandy.

Ol 2018-nji ýylyň aprelinde daşary işler ministriniň orunbasary wezipesine bellendi, 2019-njy ýylyň birinji ýarymynda Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary, ikinji ýarymynda bolsa bu welaýatyň häkimi wezipelerine bellendi.Döwlet mediasy kiçi Berdimuhamedowyň bu sebite ýolbaşçylyk eden döwründe sebitde hem bugdaý borçnamasynyň, hem-de pagta borçnamasynyň üstünlikli berjaý edilendigini habar berdi.

Serdar Berdimuhamedow 2020-nji ýylyň fewralynda senagat we gurluşyk ministri wezipesine bellendi. Şondan bir ýyl soň, 2021-nji ýylyň 11-nji fewralynda wise-premýer, Ýokary döwlet gözegçilik edarasynyň başlygy wezipelerine bellendi, şeýle-de Döwlet Howpsuzlyk geňeşine girizildi.

Kiçi Berdimuhamedow gysga wagtyň içinde yzly-yzyna ýokary hökümet wezipelerine bellenilýän mahaly, onuň halk gözündäki orny, il öňündäki abraýy hem kepillendirilmäge çalyşylýardy.

Kiçi Berdimuhamedow 2017-nji ýylyň dekabrynda Ahal welaýatynyň Duşak obasynda bir saglyk merkeziniň açylyşyna gatnaşdy, 2018-nji ýylyň oktýabrynda günorta sebitde täze obalaryň düýbüni tutmak dabaralaryna gatnaşdy, 2019-njy ýylyň ýanwarynda bahasy 2,3 mlrd dollarlyk iri awtobanyň gurluşygyna badalga berdi, ýylyň dowamynda başga-da birnäçe möhüm desganyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.

Ol wezipesiniň has-da ýokarlanmagy bilen, has-da işjeňleşip ýurduň sebitlerine sapar edip başlady, bazarlara aýlandy, halkyň hal ýagdaýy bilen gyzyklandy, bularyň yz ýany bolsa, goňşy döwletlere, Özbegistana we Eýrana sapar edip, prezidentler bilen duşuşdy.

Türkmenistanda Serdar Berdimuhamedowyň wezipe basgançaklarynda gyssagly beýgeldilmegine parallel, ýurduň döwlet gurluşyna möhüm üýtgetmeler girizilýärdi.Türkmenistanda 2018-nji ýylda öňki Halk Maslahaty gaýtadan dikeldildi.Munuň yz ýany, eks-prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda kanun çykaryjy ulgamy iki palataly görnüşe geçirmek barada teklip bilen çykyş etdi.

Geçen döwrüň dowamynda türkmen parlamenti dessine iki palataly ulgama geçirildi.Gurbanguly Berdimuhamedow 2021-nji ýylyň aprelinde täze kanun çykaryjy ulgamyň ýokarky palatasy hökmünde esaslandyrylan Halk Maslahatynyň başlygy boldy.

Şeýlelikde, häkimiýeti atadan ogla geçirmek prosesiniň maňzyny yglan etmek üçin ýurtda ähli şertler doly taýýar edilipdi.

2022-nji ýylyň ýanwarynda Gurbanguly Berdimuhamedow duýdansyz ýagdaýda Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisiniň geçiriljekdigini yglan etdi. Adatdan daşary mejlisde möhüm kararlaryň kabul ediljekdigi aýdylýardy.

Munuň yz ýany, 11-nji fewralda, köp garaşylan nobatdan daşary mejlis gelip ýetdi. Türkmen döwletiniň ýolbaşçy halkasynyň, megerem, soňky birnäçe ýyl bäri üstünde işleýän iri taslamasyny yglan etmegiň, kontrolly prezident çalşygyny yglan etmegiň tüýs wagty gelipdi. Sebäbi, dalaşgär taýýar, halk taýýar, kanunçylyk taýýar, galyberse-de, eks-prezident üçin hem hemişelik wezipe taýýar edilipdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisde eden çykyşynda ýygnananlara ýüzlenip, özüniň prezident wezipesinden çekilmek niýetini äşgär etdi. Ol bu niýetini döwleti dolandyrmakda ýaşlara ýol bermek islegleri bilen esaslandyrmaga çalyşdy.

“Men ýurdumyzy ösdürmegiň täze tapgyrynda döwlet dolandyryşynda häzirki zamanyň ruhy şertleri, ýokary talaplary esasynda kemala gelen ýaş ýolbaşçylara ýol bermegi makul bilýärin. Özümiň toplan uly durmuş hem-de syýasy tejribämi bolsa mundan beýläk Halk Maslahatynyň başlygy hökmünde bu ugra gönükdirmegi maksat edinýärin” diýip, köne prezident ýygnananlara ýüzlendi.

Munuň yz ýany, Türkmenistanyň Mejlisi ýurtda möhletinden öň prezident saýlawlarynyň geçirilýändigini yglan etdi. 12-nji marta bellenen prezident saýlawlaryna çenli geçen 30 gün töweregi wagtyň dowamynda ýurtda saýlaw kampaniýalary ýaýbaňlandyryldy.

Saýlawlaryň yglan edilmeginiň yz ýany, garaşylşy ýaly, Türkmenistanyň Demokratik partiýasy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly, 40ýaşly wise-premýer Serdar Berdimuhamedowy prezidentlige dalaşgär hödürledi. Merkezi saýlaw topary kiçi Berdimuhamedowy derrew hasaba aldy.

Başga-da sekiz dalaşgär Merkezi saýlaw topary tarapyndan bellige alyndy. Ýöne jemgyýetçilik pikiri ýurduň syýasy sahnasynda ozal asla tanalmadyk dalaşgärler bilen deňeşdirilende, Serdar Berdimuhamedowyň ýeňiji yglan ediljekdiginiň ikuçsyzdygyny öňe sürýärdi.

Hamala, Serdar Berdimuhamedow üçin saýlaw kampaniýasy 2022-nji ýylyň fewralynda däl, has ozal, onuň wezipe basgançaklarynda beýgelip başlan döwürleri başlanan ýalydy.

Muňa garamazdan, Azatlyk Radiosynyň habarçylary birnäçe hepde dowam eden saýlaw kampaniýalarynyň dowamynda ýurt raýatlaryndan, şol sanda býujet işgärlerinden öz seslerini Serdar Berdimuhamedowa bermegiň talap edilýändigini habar berdiler.

Abraýly halkara guramalary, şol sanda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratiki institutlar we adam hukuklary boýunça edarasy mundan ozal saýlaw ulgamyny ösdürmek babatda Türkmenistana beren teklipnamalarynyň berjaý edilmeýändigine esaslanyp, saýlawlara synçy missiýasyny ibermedi.

Türkmenistanda 12-nji martda möhletinden öň prezident saýlawlary geçirildi. Azatlyk Radiosynyň habarçylary saýlaw güni käbir uçastoklarda býulletenleriniň Serdar Berdimuhamedowyň peýdasyna üýtgedilmegi ýaly saýlaw düzgün bozmalary barada habar berdiler.

Garaşsyz Türkmenistanda şu wagta çenli geçirilen saýlawlaryň hiç haýsy demokratik hökümetler we abraýly halkara guramalar tarapyndan “erkin we adalatly saýlawlar” hökmünde ykrar edilmedi.

Muňa garamazdan, Merkezi saýlaw topary Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly Serdar Berdimuhamedowy 72,97 göterim ses bilen prezident saýlawlarynyň ýeňijisi yglan etdi.

Şeýlelikde, 19-njy martda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul edip, prezident wezipesine girişdi.

Synçylar Türkmenistanda amala aşyrylan häkimiýet çalşygyny sebit ýurtlary üçin howply görelde atlandyrdy.

Glasgow uniwersitetiniň professory we Merkezi Aziýa meseleleri boýunça bilermen Luka Ançeski saýlawlaryň yz ýany, Twitter ulgamynda paýlaşan postunda Türkmenistanda durmuşa geçirilen “maşgala mirasdüşerligini” Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlary üçin howply görelde atlandyrdy.

Türkmenistanda durmuşa geçirilen häkimiýet çalşygy sebitde seýrek tolgunyşyklaryň dörän ýylyna gabat geldi. Ýylyň başlarynda Gazagystanda hökümete garşy köpçülikleýin protestler, Täjigistanyň Dagly-Badahşan sebitinde maý aýynda dörän protestleriň yz ýany çaknyşyklar, Özbegistanyň Garagalpagystan awtonom respublikasynda bolsa, tomus aýlarynda halk gozgalaňlary bolup geçdi.

Türkmenistanda ýokary döwlet wezipesiniň Gurbanguly Berdimuhamedowdan Serdar Berdimuhamedowa geçirilmegi halkyň soňky birnäçe ýyl bäri ýüzbe-ýüz bolýan ykdysady problemalaryny, maliýe kynçylyklaryny ýeňletmedi. Galyberse-de, ýurtda dowam edýän çäklendirmeler, şol sanda Internet ulgamyndaky garaşsyz maglumat çeşmeleriniň häkimiýetler tarapyndan berk gözegçilikde saklanylmagy, söz we metbugat azatlygynyň gysylmagy hem-de raýat azatlyklarynyň basgylanmagy bilen bagly ýagdaýlar şol öňküliginde galdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmen mediasy ABŞ diplomatynyň Türkmenistany "durnuklylyk adasy” atlandyrandygyny habar berýär
Özbegistanda Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
Özbegistan barada maglumatlar
Şu gün Şawkat Mirziýoýewiň Aşgabada sapary başlanýar
Özbegistanda dünýäde iň iri ýel elektrik stansiýasy peýda bolar
Ýaşyl seýilgähler dörediler