2021-nji ýylyň tebigy heläkçilikleriniň zyýany 170 milliard dollardan geçdi

2021-nji ýylyň tebigy heläkçilikleriniň zyýany 170 milliard dollardan geçdi

Dünýäde tamamlanyp barýan 2021-nji ýylda bolup geçen tebigy heläkçilikleriň 10-synyň ýetiren ykdysady zyýany 170 millard dollardan hem geçdi, bu barada The Hill neşiri ýazýar.

Ýagny gazetiň ýazmagyna görä, Hristian kömegi atly haýyr-sahawat guramasynyň her ýylky çap edýän nutugynyň bu ýyldakysynda şu ýyl bolup geçen tebigy heläkçiliker has köp pidalara hem-de adamlaryň mejbury öz öýlerini terk etmegine getiripdir. Netijede ýylyň has çynlakaý heläkçilikleriniň onusynyň ýetiren zyýany mundan bir ýyldakydan 20 milliard dollar artyk bolupdyr.

Tebigy hadysalaryň üçüsi ABŞ-da we Ýewropada bolup, olaryň iň howplusy Amerikanyň günortasynda we gündogarynda awgustda heläkçilikleri döreden Ida harasatydyr, onuň ýetiren zyýany 65 mlrd dollar, ikinji tebigy hadysa

Ýewropada iýulda bolan suw joşmalary— zyýany 43 mlrd, üçünjisi Tehasdaky fewral garly harasaty, zyýany 23 milliard dollara deň.

Ýene degişli makalalar

MHM mollalary şugulçylyga çekýär, başga dinlere uýýan adamlar barada habar bermegi talap edýär
Serjo Mattarella ikinji möhlete Italiýanyň prezidenti saýlandy
Aýaz Baba
Ysraýyl Daşary Ýurtlulara Goýlan Çäklendirmäni 29-njy Dekabra Çenli Uzaltdy
Sosial-demokratlar partiýasy Bundestaga saýlawlarda üstün çykdy
Armin Laşete ynam bildirdi