2020-nji ýylyň aýagynda Feýsbukda "Weçernýýa Moskwa" gazetiniň 1936-njy ýylyň 31-nji dekabryndaky sanynyň suratyny paýlaşdylar. Bu gazetiň SSSR-de köpçülikleýin repressiýalaryň başlangyjy bolan we 2021-nji ýylyň kalendaryna doly gabat gelýän 1937-nji ýylyň öňüsyrasynda çykan iň soňky sanydy.
Gazetiň birinji sahypasynda Staliniň portreti, içinde oňa bagyşlanan dabaraly waspnama, ilat ýazuwynyň geçiriljekdigi baradaky habar (2021-nji ýylda Orsýetde hem ilat ýazuwy geçiriler) ýerleşdirilipdir; şeýle-de öňde 1936-njy ýylda kabul edilen Stalin konstitusiýasynyň birinji ýyl dönüminiň durandygy ýatlanýar (nähili tötänlik!). Gazetiň bu sanyny çapa taýýarlan we ony neşir eden dört adam soňra atyldy diýip, “Memorial” jemgyýeti habar berýär.
Bellemeli ýeri, 2021-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň konstitusiýasyna girizilen soňky düzedişlere hem bir ýyl bolar. Şeýle-de, 2020-nji ýylyň aýagynda geçirilen hökümet mejlisinde Türkmenistanyň 2021-nji ýylda garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny bellejekdigi ýatladyldy. Ýöne Orsýetden tapawutlylykda, Türkmenistan indiki ilat ýazuwyny 2021-nji ýylda däl, 2022-nji ýylda geçirer.
1930-njy ýyllaryň syýasy repressiýalary we olaryň türkmen edebiýatynyň geljegine, jemgyýetçilik pikirine ýetiren täsirleri baradaky gürrüňe gaýdyp gelsek, Ýewropada ýaşaýan aşgabatly edebiýatçynyň pikiriçe, türkmenistanlylaryň şu günki nesliniň aň-düşünje ýagdaýyna düşünmek üçin, ozaly, otuzynjy ýyllaryň döredijilik wekilleriniň nädip öz ynançlaryna garşy goýlup, diýdimzor režime hyzmat etdirilişine düşünmek zerur.
Metbugat habarlaryndan belli bolşy ýaly, türkmen hökümetiniň otuzynjy ýyllarda esasy goýlan ýalan medeniýetini saklap galmak synanyşyklary öňki sowet respublikalarynyň aglabasyna, hususan-da Orsýete mahsus. Soňky ýyllarda, Kreml režiminiň has ýowuzlaşmagy netijesinde, Orsýetde sowet ýyllaryndaky syýasy repressiýanyň öwrenilmegine garşy hem bir topar çäre görüldi.
Emma türkmen hökümeti bu hili çäreleri baryp 1990-njy ýyllaryň başynda gördi we häzirki türkmen ýaşlary, soňky onýyllyklarda mekdep tamamlan oglan-gyzlar okuw kitabyndan Hydyrýa Derýaýewiň tas ýigrimi ýyllap türmede ýa sürgünde bolandygyny, oňa töhmet atylandygyny bilseler-de, bu töhmetiň näme üçin, kim tarapyndan atylandygyny we Kommunistik partiýanyň nämeden gorkandygyny bilmeýärler, okuw kitaplary we pedagoglar, hatda ene-atalary hem olara hökümetiň halkdan gorkmagynyň, zehinli adamlardan alada galmagynyň sebäplerini düşündirmeýär.
Ýogsa, hakykatdanam azat bazar ykdysadyýetine geçilýän bolsa, azatlyk, erkinlik, adam hukuklary hormatlanýan bolsa, sosializm ady bilen edilen jenaýatlar barada açyk gürrüň edilmegine bireýýäm wagt ýetdi.
SSSR-iň ýykylmagynyň öňüsyrasynda dörän erkinlik mümkinçilikleri, juda gysga wagt dowam eden hem bolsa, Döwlet howpsuzlyk komitetiniň arhiwleriniň açylmagyna, döwlet we döredijilik işgärleriniň arasynda bolup geçen zatlara arhiw dokumentleri esasynda seredilmegine şert döretjek ýaly hem etdi. Emma bu günki gün şol mümkinçilikden peýdalanan žurnalistleriň, şahyr-ýazyjylaryň we alymlaryň eden işleri gündiz eliň çyraly gözlenmeli kitaplara öwrüldi.
Mysal üçin, dilçi alym Tagangeldi Täçmyradowyň "Muhammet Geldiýewiň ömri we döredijiligi" (1989-njy ýyl), žurnalist Jumageldi Hommatdurdyýewiň "Elli ikinji nomerli order MÄTI KÖSÄÝEWE WE BAÝMUHAMMET GARRYÝEWE SUD EDILIŞI" (1991), şahyr Allaýar Çüriýewiň "Bir soragyň ýigrimi ýyllyk sütemi" (1993), taryhçy alym, ýazyjy Rahym Esenowyň "Syrly toslamalaryň pidalary" (1995) ýaly kitaplary taryhyň "ak tegmillerini" açmaga uzak ýyllardan soň edilen ilkinji we soňky synanyşyk bolmagynda galýar.
Şol ýyllarda, Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň senzurany gaýtadan dikeltmek we berkitmek tagallalary esasan, DHK-nyň arhiwleri açylsa, ol ýa-da beýleki töhmet bilen türmä basylan, türmede ölen ýa öldürilen adamlaryň hossarlary öz ýakynlarynyň aýagyndan töhmetçilikli arza ýazan adamlaryň nesillerine gowy garamaz, jemgyýetde agzalalyk dörär diýen bahana daýanýardy.
Bu bahana, görnüşinden, Allaýar Çüriýewiň agzalan kitapçasynda, ýazyjy Hydyr Derýaýewiň aýagyndan töhmetçiliklli arza ýazan adamlar barada aýdylmaly hakykatyň hem öňüni böwetläpdir.
Eger ýatlatsak, biz ozal ýazyjy we dilçi alym Hydyr Derýaýewiň edebi portretiniň 2009-njy ýylda çap edilen okuw kitabyndaky "ak tegmiller" hakynda gysgaça durup geçipdik.
Emma ol "ak tegmiller" diňe has soň çykan okuw kitabynda däl, entek aç-açanlyga umyt bar wagtynda çykan kitapda hem bar we awtor muny "Bu materiallarda Hydyr Derýaýewe garşy galp maglumatlary beren adamlaryň familiýalary doly görkezilmedi. Ol adamlaryň beren maglumatlarynda H.Derýaýew buržuaz milletçi hökmünde görkezilýär" diýip, açyk boýun alýar.
H.Derýaýewiň buržuaz milletçi hökmünde aýyplanmagynyň, "halk duşmany" bolmagynyň esasy tutaryklarynyň biri onuň türkmen dil biliminiň gözbaşynda duran alymlaryň biri bolmagyndan hem-de türkmen diline döwlet durumynyň berilmelidigine ynanmagyndan uç alýar.
Okuw kitaplarynda ýazyjynyň "Ganly penjeden" diýen at bilen çap etdiren we sürgünden gelenden soň "Ykbala" öwrülen romany barada belli bir düşünje berlen hem bolsa, onuň dilçi alym Hojamyrat Baýlyýew bilen ýazan okuw kitabynyň gadagan edilişiniň detallary ilkinji gezek diňe A.Çüriýewiň agzalan makalasynda açylana meňzeýär.
"Ýewropalylar üçin türkmen dilinden iş kitabynyň" "kemter taraplaryna" syýasy äheň berlipdir, ol baradaky "ylmy derňewi" okap, ýylgyranyňy duýman galýarsyň diýip, awtor bu ýylgyryşyň uzak dowam etmejekdigini, ol ýa-da beýleki jenaýatda aýyplanýan adamlaryň ýene özlerini, başga birlerini garalap, islendik görkezmäni bermäge taýyn boljakdygyny göz öňüne getirmän ýazýar.
Dowamy bar.