2021-nji ýylyň iýun aýy meteorologiki gözegçilikleriň taryhynda iň yssy bolanlaryň hataryna goşuldy

2021-nji ýylyň iýun aýy meteorologiki gözegçilikleriň taryhynda iň yssy bolanlaryň hataryna goşuldy

2021-nji ýylyň iýun aýy 2016, 2019 we 2020-nji ýyllaryň degişli döwürlerinden soň 2018-nji ýyl bilen dördünji orny paýlaşyp, dünýädäki iň yssy bolanlaryň birine öwrüldi. Copernicus hemra gözegçilik programmasynyň hasabatynda habar berlişi ýaly, geçen aý 1991 2020-nji ýyllardaky degişli döwürlerden Selsiý boýunça ortaça 0,21 gradus ýyly boldy. Bu barada TASS belleýär.

2021-nji ýylyň iýun aýy Ýewropada 2019-njy ýylyň iýun aýyndan soň ikinji iň yssy aý bolmak bilen, sebitiň gündogar böleginde özüniň ýokary derejesine ýetdi. Ýewropada geçen iýun aýynyň ortaça temperaturasy 1991 2020-nji ýyllaryň degişli döwürlerinden Selsiý boýunça 1,5 gradus yssy boldy.

Geçen aý Demirgazyk Amerikanyň käbir sebitlerinde birnäçe temperatura rekordlaryny täzelemek bilen, materikde meteorologiýa gözegçiliginiň tutuş taryhyndaky iň yssy iýun boldy.Arktik Sibir sebitinde 2021-nji ýylyň iýun aýy iň yssy iýun aýlarynyň bäşligine girdi.

Ol 2018, 2019 we 2020-nji ýyllardan soň dördünji orny eýeledi. Şol bir wagtyň özünde Antarktikada temperatura kadalydan pes boldy.Berlen netijeleriň ählisi hemralardan, gämilerden, uçarlardan we meteostansiýalardan dürli ölçegleri ulanmak bilen, kompýuter derňewine esaslanýar.

Ýene degişli makalalar

Haýwanat dünýäsiniň iň akylly jandarlary
Antarktikada öňi alynmaly esasy 5 ýagdaý
Dünýäniň bäşinji ummany
Aýna ýaly kebelek
Antarktikada iň uly buz bölegi gopdy
Dünýädäki iň uly aýsberg eredi