2021-nji ýylyň iň gowy smartfony belli edildi

2021-nji ýylyň iň gowy smartfony belli edildi

Bloger Markes Braunli 2021-nji ýylyň iň gowy smartfonlaryny atlandyrdy. Bu barada onuň YouTube-kanalynda ýerleşdirilen wideoda aýdylýar diýip, lenta.ru habar berýär.

15 milliondan gowrak abunaçysy bolan meşhur bloger özüniň kanalynda Samsung Galaxy S21 Ultra-ny tamamlanyp barýan ýylyň esasy smartfony diýip belledi.Awtor koreý brendiniň bu enjamynyň bahasynyň ýokary däldigini bellemek bilen, bazardaky iň deňagramly flagmandygyny aýtdy.

Mundan başga-da, bloger beýleki nominasiýalarda hem iň gowy smartfonlary saýlady.Uly ekranly iň gowy enjam Samsung Galaxy Z Fold 3 boldy.Gajet ulanylyşyny ýeňilleşdirýän 7,4 dýuýma çenli eplenýän ekrana eýedir.

Munuň tersine, hünärmeniň pikiriçe, iň ykjam gurluş 5,4 dýuým displeý bilen çykan iPhone 13 mini boldy.Esasy kamerafon iPhone 13 Pro bolup, awtoryň aýtmagyna görä, ol surata we wideo düşürmek üçin iň gowy funksiýalary aldy.

Braunli iň gowy akkumulýatorly telefon hökmünde bir batareýada bir gije-gündizden köp işläp bilýän iPhone 13 Pro Max-y saýlady.Bloger başga-da birnäçe gurluşlary aýratynlandyrdy.Samsung Galaxy S21 Ultra iň gowy dizaýn we öňki nesil bilen deňeşdirilende, has düýpli kämilleşme bilen tapawutlandy.

Awtor Google Pixel 6-ny pudagyň ösüşine goşan goşandy üçin sylaglady. Şeýle-de, 2021-nji ýylyň möhüm relizi eplenýän Microsoft Surface Duo 2 enjamy boldy.

Ýene degişli makalalar

Türkiyäniň Baş Ştabynyň başlygy NATO maslahatyna gatnaşdy
ABŞ-ly senatorlar syýasy tussaglary boşatmaga Berdimuhamedowy çagyrýarlar
Rodriges UFC Fight Night ýaryşynyň esasy söweşinde Dernden üstün çykdy
Daşary ýurt metbugatyna syn
Olimpiadanyň ilkinji rekordy: oýunlara 12 ýaşly skeýtbordçy gatnaşar
Ilkinji kosmos myhmanhanasy açylar