2021-nji ýylyň başynda haýsy “iPhone” dünýäde has meşhur boldy?

2021-nji ýylyň başynda haýsy “iPhone” dünýäde has meşhur boldy?

Consumer Intelligence Research Partners (CIRP) kompaniýasynyň hünärmenleri 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde haýsy smartfona iň köp isleg bildirilendigini görkezýän barlag geçirdiler. Onuň netijesinde, ýylyň başynda iň köp isleg bildirilen smartfonyň, garaşylyşy ýaly, täze iPhone 12 däldigi anyklanyldy. Bu barada ferra.ru habar berdi.

Adatça, “Apple”-iň smartfonlarynyň ähli modelleriniň täze tapgyry hemişe uly meşhurlykdan peýdalanýar. Ýeke-täk kadadan çykma hökmünde hünärmenler "iPhone 12 mini" modelini görkezýärler.Onuň satylyşy hatda "iPhone SE" we "iPhone XR" modellerinden hem pes boldy. “Apple”-iň iň köp satylan smartfony barada aýdylanda bolsa, “iPhone 11” henizem öňdeligi özünde saklaýar.

Bu smartfon soňky çärýekde ABŞ bazarynyň 24 göterimini eýelemegi başardy diýip, "MyDrivers" habar berýär.Iň soňky hasabata görä, “iPhone 11” we “iPhone SE 2020” modelleri bazara liderlik etdiler.

Olar 2020-nji ýylda iň köp satylan iki model boldy diýip, çeşme habar berýär.

Ýene degişli makalalar

Täze rekord goýdy
Ýüzlerçe alym gol ýygnady: Emeli intellekti duruzyň
The Economist neşiriniň MA boýunça demokratiýa reýtingi: Türkmenistan ýene yzda, Özbegistan ýokarlandy, Gyrgyzystan Gazagystandan öňe geçdi
Elektroulaglar üçin 1,2 trillion dollar sarp ediler
Arassa energiýa 11 göterim ýokarlanar
ChatGPT: Kömekçimi ýa-da howpmy?
Ýaşamaga iň oňaýly 10 şäher