2021-nji ýylyň awgust aýy boýunça iň howply kompýuter wirusy mälim edildi

2021-nji ýylyň awgust aýy boýunça iň howply kompýuter wirusy mälim edildi

Kiberhowpsuzlyk çözgütleri bilen üpjün ediji “Check Point Software Technologies Ltd”-iň “Check Point” gözleg topary 2021-nji ýylyň awgust aýynda ulanylan iň işjeň we iň zyýanly programma üpjünçiligi barada hasabat ýaýratdy. Bu barada ferra.ru habar berdi.

Hasabata görä, seljermek üçin iň howply we kyn zyýanly programma üpjünçiligi - ýasama COVID-19-a bagyşlanan galp e-poçta kampaniýalarynda we dürli mowzukdaky fişing hatlarda ulanylýan Formbook boldy.Pidanyň kompýuterine düşensoň, Formbook düwmeleriň basylyşyny hasaba alýar, ekrandaky hereketleri ýazýar, ähli brauzerlerde diýen ýaly şahsyýet maglumatlary ýygnaýar, şeýle hem serweri dolandyryjynyň buýrugy boýunça faýllary göçürip alyp ýa-da ýerine ýetirip bilýär.

Bellenilişi ýaly, bu zyýanly programma üpjünçiligi Windows operasiýa ulgamynda duşýar. Ýöne onuň "ştamy" - Xloader welin esasy wirusdan bölünip, macOs-y nyşana alýar. Hünärmenleriň pikiriçe, bu programmalardan ýeke-täk gorag, ähli şübheli hatlaryň haýal etmän sebede (korzina) ibermekdir.

Ýene degişli makalalar

Kids Point çagalar üçin oýnawaçlaryň we harytlaryň internet dükanyny açdy
Kalyn “Le Point” žurnalyna reaksiýa bildirdi
Tölegleri diňe kart bilen kabul edýän döwlet dükanlarynda terminallar kadaly işlemeýär
Sanly ulgamyň döwrebap çözgütleri
Hamilton rekorda ymtylýar