Türkmenistanda telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslaryň sany 2021-nji ýylyň başky alty aýynda 8,5% artdy. Muňa ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň maglumatlary şaýatlyk edýär.
2020-nji ýylyň ahyrynda ýurtda 57 müň 422 sany telekeçi hasaba alnan bolsa, 2021-nji ýylyň 1-nji iýunynda bu görkeziji 62 müň 332 birlige ýetdi.Fiziki şahs hökmünde bellige alnan hususy telekeçileriň sanynyň artmagy ýurtda hususy işewürligi alyp barmak üçin mümkinçilikleriň giňeldilýändiginden habar berýär.
Munuň üçin döwlet tarapyndan salgyt ulgamyny kämilleşdirmek, telekeçileri bellige almak we olaryň işini ygtyýarlandyrmak çäreleri kämilleşdirmek boýunça zerur tagallalar edilýär.