Geçen ýylyň ahyrynda bäsleşigi gurnaýjylar “Ýewropada ýylyň awtomobili” adyna dalaş edýän 29 awtomobili belli etdiler. Häzir sanaw finalçylar bolan 7 modele çenli azaldyldy, esasy we goşmaça nominasiýalarda ýeňijiler 1-nji martda yglan ediler. Bu barada tvoe-avto.com habar berýär.
Bäsleşige gatnaşmak üçin her bir awtomobil 2020-nji ýylyň ahyryna çenli Ýewropanyň azyndan bäş ýurdunda satuwa çykarylmalydy. Şeýlelikde, “2021-nji ýylda Ýewropada ýylyň awtomobili” bäsleşiginiň finalçylary şulardan ybarat: Citroen C4, Cupra Formentor, Fiat 500, Land Rover Defender, Skoda Octavia, Toyota Yaris we Volkswagen ID.3. Ýatlap geçsek, geçen ýyl bu ada Tesla Model 3 we Porsche Taycan modellerinden öňe geçmegi başaran Peugeot 208 eýe boldy.
Ondan öňki ýyl ýeňiji Jaguar I-Pace krossoweri boldy.Ozal sylaglamak dabarasy Ženewa awtosalonynda geçirilýärdi, indi koronawirus pandemiýasy sebäpli ol onlaýn görnüşde geçiriler.