2021-nji ýylda WTA-nyň Jemleýji çempionaty Meksikada geçiriler

2021-nji ýylda WTA-nyň Jemleýji çempionaty Meksikada geçiriler

WTA-nyň 2021-nji ýyldaky Jemleýji çempionaty Meksikanyň Gwadalahara şäherinde geçiriler. Bu barada tapgyryň resmi web sahypasyna salgylanyp, championat.com habar berdi.

Ýaryş 8-nji noýabrda başlar. Ol geçen we häzirki möwsümlerde Şençžen şäherinde (Hytaý) geçirilmelidi. Ýöne 2020-nji ýylda koronawirus pandemiýasy sebäpli WTA-nyň finaly ýatyryldy we bu möwsüm ýaryşy Meksikada geçirmek kararyna gelindi.

WTA-nyň ýolbaşçylygy WTA-nyň Jemleýji çempionatynyň, öňden meýilleşdirilişi ýaly, 2022-nji ýyldan 2030-njy ýyla çenli Şençžen şäherinde geçiriljekdigini öňe sürýär. Ýöne mart aýynda Gwadalahara WTA-250 ýaryşyny kabul etdi.

2019-njy ýylda Şençžen şäherinde geçirilen WTA-nyň Jemleýji çempionatynda awstraliýaly tennisçi Eşli Barti ýeňiji bolupdy. Şonda ol ukrainaly türgen Elina Switolinany 6:4, 6:3 hasabynda ýeňipdi.

Ýene degişli makalalar

Tennis täzelikleri
Gonkongda täze Greater Bay Airlines awiakompaniýasy döredilýär
Hytaýda 500 metrden beýik diňleri gurmak gadagan edildi
Lissabon geljegiň şäheri
Dünýäde milliarderleriň sany rekord derejä ýetdi
Geljekde haýsy şäherlerde uly innowasiýa üstünlikleri bolup biler?