2021-nji ýylyň jemi boýunça Türkmenistan bilen Tatarystanyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň peselendigi bellige alyndy. Ol 77,5 mln dollara deň boldy, bu ondan öňki ýyl bilen deňeşdirilende 27% pesdir. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow Aşgabada bolan iş saparynyň dowamynda aýtdy.
Tatarystanyň Baştutany Türkmenistana KAMAZ açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory Sergeý Kogogin we Tatneft açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory Nail Maganow dagy bilen bilelikde geldi diýip, Respublikanyň prezidentiniň metbugat gullugy ýazýar.
Minnihanow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, şeýle hem ýurduň öňki prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläkde giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy.Tatarystanyň baştutany hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly kuwwatlyklaryň, aýratynam, nebit gözlegi, nebit çykarmak, nebit daşamak, awtoulag, awia, gämi gurluşyk, himiýa önümleri bilen üpjün etmek ýaly ugurlarda kuwwatlyklaryň bardygyny belledi.
Wekiliýetleriň birek-birege saparlarynyň netijesinde birgiden şertnamalar durmuşa geçirildi diýip, tatar tarapy belledi.Bularyň hataryna soňky üç ýylyň dowamynda KAMAZ awtoulagynyň 2 müňe golaýynyň getirilmegi degişlidir.Häzirki wagtda Türkmenistanyň dört welaýatynda okuw-hyzmat ediş merkezleriniň bölümleriniň gurluşygy alnyp barylýar.
Maý, iýun aýlarynda olaryň ikisini açyp, ulanmaga bermek meýilleşdirilýär.Geçen ýylyň aýagynda bolan saparyň netijeleri boýunça Tatneft ugry Türkmenistanyň Prezidentiniň ýokary bahasyna mynasyp boldy we bu işiň dowamy hökmünde şertnamalaryň möhleti uzaldyldy.
Goturdepe nebit ýatagynda gara altynyň çykarylyşyny artdyrmak barada wezipe goýuldy. 2021-nji ýylda türkmen bazary we beýleki russiýaly öndürijiler Tatneft Toparynyň kärhanalarynyň umumy bahasy 56 mln manatdan gowrak (1,35 mlrd rubl) bolan çig mala girmeýän önümler bilen üpjün edildi. Şeýle-de, daşary ýurtlardan gelýän önümiň ornuny tutjak taslamalar, esasanam, nebit senagatyna degişli enjamlary abatlamak boýunça önümçiligi guramak işi hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlary bolup durýar.
Aşgabat Tatarystany Russiýanyň ykdysady we senagat taýdan iň bir ösen sebitleriniň biri hasaplaýar diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow belledi we ysnyşykly hyzmatdaşlyk däplerini dowam etdirmäge taýýardygyny ynandyrdy.