2021-nji ýyl Ýewraziýa Sebitinde Nähili Geçdi

2021-nji ýyl Ýewraziýa Sebitinde Nähili Geçdi

Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda 2021-nji ýylyň Ýewraziýa sebitinde nähili geçendigine ser salmakçy.

2021-nji ýylda Kovid-19 pandemiýasyna garşy göreşiň dowam eden, döwletleriň ykdysadyýetlerini dikeltmäge synanşan ýyllaryndan biri boldy.

2021-nji ýylda Ýewraziýa sebitiniň ençeme ýurdunda saýlawlar geçirildi.Mysal üçin 2021-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda Gazagystanda möhletinden irki prezident saýlawlary we dolanşyk ulgamynyň özgerdilmegi üçin referendum hem-de ýerli we parlament saýlawlary geçirildi. 2021-nji ýylyň 20-nji iýununda Ermenistanda, 17-19-njy sentýabrda Russiýada, 28-nji noýabrda Gyrgyzstanda parlament saýlawlary geçirildi. 2-nji oktýabrda bolsa Gruziýada ýerli saýlawlar geçirildi. 2021-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda bolsa Özbegistanda prezident saýlawlary geçirildi.

Fergana jülgesindäki serhet düşnüşmezlikleri 2021-nji ýylda-da dowam etdi. Aprel aýynyň ahyrynda Gyrgyz-täjik serhet zolagynda bolan wakada onlarça adam aradan çykdy, ýüzlerçe adam ýaralandy. Gyrgyz-täjik serhet zolagynda ýylyň dowamynda dürli wakalar başdan geçirildi.

Sebit üçin ýylyň iň esasy wakasy bolsa Owganystanda Talibanyň dolanşygy ele geçirmegi boldy. Orta Aziýa döwletleriniň başda durmagynda ähli ýurtlar Owganystanyň gelejegi we sebitleýin howpsuzlyk meselelerini dürli platformalarda ara alyp maslahatlaşmaga başlady. Sebitde ýerleşýän ýurtlar Owganystana ynsanperwer kömegini berdiler.

2021-nji ýylda Azerbaýjan Garabagyň dikeldiş işlerini üstünlik bilen dowam etdirdi. Ermenistan hem Azerbaýjan hem-de Türkiýe bilen gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak üçin başlangyçlar etmäge başlady. Kadalaşma başlangyçlary ilki bilen ulaglar pudagynda edildi.

Russiýa-günbatar gatnaşyklaryndaky dartgynlyk 2021-nji ýylda-da dowam etdi. Ukrainada we Belarusda başdan geçirilen wakalar Russiýa-günbatar çekeleşiginiň beýanydyr.

2021-nji ýylda Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigi, Şahhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Kollektiw Howpsuzlyk Ylalaşygy Guramasy ýaly guramalaryň nobatdaky maslahatlary geçirildi. 2021-nji ýylyň awgust aýynyň 5-6-sy aralygynda Türkmenistanyň Awaza syýahatçylyk zolagynda Orta Aziýa döwletleriniň liderleriniň 3-nji maslahaty geçirildi.

2021-nji ýylda türki dilli döwletler garaşsyzlyklarynyň 30 ýyllygyny belläp geçdiler.Bu mynasybetli dürli çäreler guraldy.Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşi bahar aýlarynda resmi däl, güýz aýlarynda bolsa resmi sammitler geçirdi. 2021-nji ýylyň 31-nji martynda “Türküstan: Türk Dünýäsiniň Ruhany Paýtagtlaryndan Biri” atly resmi däl sammit onlaýn formatda geçirildi.

Sammitde Gazagystanyň Türküstan şäheri Türki dünýäniň ruhany paýtagtlaryndan biri diýip yglan edildi. 2021-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Stambulda Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň 8-nji sammiti geçirildi.Sammitiň çäginde guramanyň taze ofisi açyldy.

Sammitiň ahyrynda 121 maddadan ybrat Stambul jarnamasyna gol çekişildi.Guramanyň ady “Türki döwletler guramasy” hökmünde üýtgedildi.Sammitde Tüki dünýä 2040 maksatnamasy kabul edildi.aýratynam 2021-nji ýylyň sentýabr aýynyň 27-28-i aralygynda Türki dilli döwletleriň Parlamentarlar Assambleýasynyň 10-njy Sessiýasy Gazagystanyň Türküstan şäherinde geçirildi.

Jemläp aýdanymyzda 2021-nji ýyl sebitde ýerleşýän ýurtlar taýdan iňňän möhüm wakalaryň başdan geçirilen ýyly boldy.

Ýene degişli makalalar

Daşkentde aklanylýan 'basmaçylar' Aşgabatda näme üçin ýatlanylmaýar?
Täjik edebiýaty
Özbek edebiýaty: uzak geçmişden biziň günlerimize çenli
Zaki Walidi Togan
Türki Dünýäniň Konwensiýasy Kabul Edildi
Syýahatçylyk paýtagty bolar