2021-nji ýylda Türkmenistan garaşsyz ýurt bolmagynyň 30 ýyllygyny, dünýäniň pandemiýa aladalaryna garamazdan, uludan baýram etdi, öz dolandyryjy partiýasynyň - TDP-niň otuz ýaşyny belledi we ýene bir ýyl ýurt ykdysadyýetiniň 'bedew bady bilen ösýändigini' tassyklady.
Bu türkmenistanlylaryň indi halkara jemgyýetçiligi, dünýäniň beýleki ýurtlary bilen 30 ýyl bäri formal taýdan özbaşdak gatnaşyk gurýandyklaryny, ýurduň syýasy-ykdysady meselelerini özbaşdak çözýändiklerini görkezýär we, synçylaryň köpüsiniň pikirine görä, kiçi-girim üstünlik däl.
Bu ýyl Sowet Soýuzynyň darganyna, GDA-nyň döredilenine hem 30 ýyl boldy, emma Türkmenistanda ilata SSSR-iň dargamagynyň esasy sebäpleri, Türkmenistanyň nädip garaşsyz ýurt bolşy barada 30 ýyl bäri anyk, giň we töwerekleýin düşünidirş berilmän gelýär.
Bu ýyldaky ýene bir gowy täzelik Türkmenistanyň Tokioda geçirilen Olimpia oýunlarynda garaşsyz ýurt hökmünde alan ilkinji we ýeke-täk olimpia medaly bilen bagly. Ýöne ol medaly agyr atletikaçy Polina Gurýewa gazanan hem bolsa, türkmen metbugatynda ýurduň sport üstünligi üçin taryplanan prezidentiň ogly boldy.
Bu ýyl gazanylan syýasy ýa diplomatik üstünlikleriň arasynda, sebitdäki ýurtlar bilen gatnaşyklaryň ygjamlaşmagy bilen, Türkmenistanyň Azerbaýjan bilen Hazardaky dawaly meselelerini çözmegini, Türki geňeşiň sammitine ilkinji gezek agza hökmünde gatnaşmagyny hem bellemeli bolsa gerek.
Merkezi Aziýa boýunça analitik Brýus Panniýeriň pikiriçe, bu geňeşe agza bolmagy Türkmenistana ykdysady we söwda ugurlary boýunça bähbitli bolup biler.Galyberse, analitigiň pikiriçe, Türkmenistanyň geňeşe goşulmak karary türkmen resmileriniň şu wagta çenli eýeren “üzňelik syýasatynyň bähbitlerine” şübheli çemeleşip başlandyklaryny görkezýär.
Emma Aşgabat öňden gelýän pasport meseleleri bilen, pandemiýa döwründe daşary ýurtlarda, hususan-da Türkiýede kyn ýagdaýa düşen raýatlaryna ýeterlik goldaw bermezlikde, aktiwistlere we olaryň garyndaşlaryna basyşy güýçlendirmekde tankytlanýar.
Bu ýyl Türkmenistanda köplenç aç-hor bolýan, urlup ýa zäherlenip öldürilýän itleriň bolmanda bir tohumynyň, alabaýlaryň "maňlaýynyň açylandygy", bu meselä hem prezident, hem onuň wise-premýer ogly derejesinde uly üns berilýändigi öňe sürülýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow 27-nji dekabrda ozal, şu ýylyň 25-nji fewralynda çykaran kararyny üýtgedip, "Türkmen alabaýynyň baýramyny döretmek hakynda" ýene bir karar çykardy. Ýadyňyzda bolsa, bu ýyl Aşgabatda dikilen it heýkeli hem uly dabara bilen açylan desgalaryň biri boldy.
Ýöne bu eýesiz itlere we pişiklere görülýän ýowuz çäreleriň soňlanandygyny, durmuşyň has owadan, lezzetli bolýandygyny aňlatmaýar.Türkmenistanlylar indi formal taýdan 30 ýyl bäri garaşsyz, özbaşdak, dünýewi, demokratik we hukuk döwletinde ýaşaýarlar; bu 30 ýylyň birinji ýarymynda ýurda ilkinji prezident S.Nyýazow ýolbaşçylyk eden bolsa, ikinji ýarymynda G.Berdimuhamedow ýolbaşçylyk etdi.
Bu döwürde ozal ilkinji prezidentiň we onuň ýakynlarynyň, soň ikinji prezidentiň we onuň ýakynlarynyň, şol sanda atlaryň heýkellerini dikmek ýörgünli boldy, indi bu sanawa alabaý itleriniň hem heýkeli goşuldy. Ýöne hukuk toparlary we aktiwistler ýurtda ne haýwan hukuklarynyň, ne adam hukuklarynyň sylanýandygyny aýdýarlar.
Olaryň pikiriçe, awtoritar dolandyryş Türkmenistany ösüşe däl-de, tesişe getirdi, korrupsiýa giň ýol açdy.
Korrupsiýa diýlende şu ýyl geçirilen žurnaslist dereňewleriniň netijeleri, "ýegenleriň biznesi" barada çap edilen maglumatlar, ýurduň ikinji prezidentiniň "arhitektorlygynda" gurlan uly desgalar hem ýada düşýär.Has anygy, Berdimuhamedow bu ýyl hem ýüzlerçe million dollar bahasy bolan taslamalary tassyklap, açylyş dabaralaryna baryp, aýdymçy we tansçy mähelläniň "alkyşyny almaga" ýaltanmady. Şol desgalaryň biri bilen birlikde, bu ýylky garaşszylyk baýramynda Türkmenistanyň täze alan ýaraglary, harby tehnikalary hem görkezildi.
Azatlyk türkmen esgerleriniň kynçylyklary bilen bir hatarda Aşgabadyň ýüz millionlarça dollar harçlaýan gizlin ýarag söwdasy, täze döwlet tribunasy barada hem öz wagtynda habar beripdi.
2017-nji ýyldan bäri 27-nji sentýabrda bellenilýän baş baýramçylyk bu ýyl pandemiýa we gurak gelen ýyl bilen baglylykda çuňlaşan agyr ykdysady kynçylyklaryň fonunda, Ilatyň arasynda koronawirus hadysalarynyň we ölüm habarlarynyň görlüp-eşidilmedik derejede köpelen wagtynda bellendi.
Azatlygyň ynamdar çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, Türkmenistanda koronawirus keselçiligi bilen bagly 25 müňden gowrak adam heläk boldy.Emma Türkmenistan dünýäde bu keseliň hiç bir hadysasyny resmi taýdan hasaba almadyk az sanly ýurtlaryň biri bolup, çäklendirmeler bilen hatarda, baýramçylyk dabaralaryny hem uludan tutdy.
Baýramçylykdan öň gelip gowşan maglumatlar-da, soň döwlet TW-sinde görkeziilen şekiller hem hökümetiň bu baýramçylgy mümkin boldugyça dabaralandyrmaga çalşandygyny tassyklaýar. Görnüşinden, ýurduň esasy baýlygynyň adamdygyny aýdýan häkimiýetler bütin dünýä ýaýran aldajy keseliň türkmenistanlylary "sylap goýjagyna" gaty ynanýar ýa-da adamlaryň jan saglygyny beýle bir alada etmeýär.
Bu ýyl diňe garaşsyzlygyň däl, eýsem Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň hem 30 ýyllygy bellenildi.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň gutlagyndan çen tutulsa, TDP ýurduň “kanunçylyk, hukuk esaslarynyň döredilmeginde, aňyýet ulgamynyň ösdürilmeginde, halkara gatnaşyklaryň syýasy taýdan esaslandyrylmagynda möhüm orun eýeleýär".Emma synçylar we tankytçylar ozalky Kommunistik partiýanyň bir günde Demokratik partiýa öwrülmeginiň hakykatda garaşylan syýasy azatlyklara, hakyky köppartiýalylyga böwet basmak üçin oýnalan oýun bolandygyny aýdýarlar.
Bu iş ýüzünde ozalky SSSR-i çökeren bir partiýalylygyň formal ýagdaýda saklanyp, partiýanyň hem däl, eýsem diňe bir adamyň hökmürowanlygynyň döredilmeginiň başlangyjy boldy diýip, Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy Hudaýberdi Hally Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy.
Bu ýyl diňe Türkmenistan we TDP däl, eýsem Türkmenistanda döredilen we gadagan edilen ilkinji garaşsyz neşirleriň biri "Daýanç" žurnaly hem 30 ýaşady we Azatlyk bu neşir, şol sanda ýurtdaky metbugat azatlygy problemasy barada ýörite wideogepleşik hem çap etdi.
Türkmenistanda söz, metbugat azatlygy meselesi bu ýylam berk gözegçilik astynda galdy.Türkmen häkimiýetleri şindem metbugat diňe gazanylandygy aýdylýan üstünlikleri wagyz etmeli, "onuň ilaty ýurtda we dünýäde bolýan zatlar bilen bitarap ýagdaýda habarly etmek wezipesi ýok" diýip pikir edýäne meňzeýär. Şunuň bilen baglylykda, häkimiýetler öňki ýyllar raýatlaryň garaşsyz habar, deňagramly maglumat almak islegine garşy çanak antennalary goparyp, saýtlary petikläp göreşen bolsalar, soňky döwürde VPN gözegçiligini ýa gadaganlygyny güýçlendirdiler.
Türkmen häkimiýetleri ilatyň maglumat, habar almagyna garşy söweşlerini, Azatlygyň habarçylarynyň 4-nji ýanwarda beren maglumatlaryndan çen tutsak, 2021-nji ýyly VPN hyzmatlaryny 'gysmak', düzgün bozanlary 'tutmak' bilen garşylap, dekabaryň aýagyna çenli göreş alyp bardylar.
Görnüşinden, häkimiýetler ýurt daşyndaky türkmen aktiwistleriniň barha we barha gatalýan sesleriniň ýurt içindäki işsizleriň pikir-düşünjesine täsir ýetirmeginden howatyr edýärler. Şol bir wagtda, Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki metbugaty, mejbury abunaçylyk praktikasynyň saklanyp galandygyna garamazdan, hem okyjysyny, hem diňleýjisini ýitirdi, hökümet öz wagyzlarynyň netijesizliginden we halk öňünde ynamdan gaçmakdan alada galýar diýip, ýerli synçylar aýdýar.
Mundan öň prezident Berdimuhamedow metbugaty yzygiderli tankytlap, media ýolbaşçylaryndan nägileligini bildiren bolsa, indi bu meselä wise-premýer Reşit Meredow hem goşuldy.Ol 24-nji dekabrda geçirilen mejlisde geljek ýyl Türkmenistanda daşary ýurtlaryň esasy halkara habar agentlikleriniň wekilhanalarynyň açyljakdygyny aýtdy. Şeýle-de, resmi habara görä, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň düzüminde Halkara habarlar merkezini döretmek teklip edilýär; bu Türkmenistan baradaky maglumatlary dünýä jemgyýetçiligine çalt ýetirmäge we, ýerli ilaty dünýäde bolup geçýän halkara ähmiýetli möhüm syýasy, ykdysady we durmuş wakalary barada anyk maglumat bilen üpjün etmäge kömek eder.
TDH-nyň maglumatyna görä, Türkmenistan ýakyn goňşy we iri sebit döwletleri bilen habarçy alyşmak, agentlikleriň arasynda gatnaşyk gurmak tagallalaryny hem edýär.Bu, belki-de, Türkmenistanyň habar meselesinde özüni çetleşdirmekden peýda tapmandygyna düşünendigini aňladýandyr.
Bir tarapdan, Türkmenistan ýene öz gazanan üstünliklerini bütin dünýä birtaraply wagyz etmek gürrüňini edýär, ikinji tarapdan bolsa, türkmenistanlylaryň daşary ýurtlardaky möhüm wakalardan habarly bolmagy barada gürrüň edýär.Eýsem, raýatlaryň garaşsyz maglumat almagyna garşy göreşip gelen häkimiýetler bu meselede üýtgeşiklik edip bilermi?
2021-nji ýyl, keçelçilik aladalarynyň üstesine, türkmenistanlylaryň durmuş derejesiniň öňki ýyllardaka garanda hem peselmegi bilen taryha girdi; Azatlygyň ýerli habarçylarynyň paýtagtdan we sebitlerden beren habarlaryna görä, bir tarapdan mejbury zähmetiň we dürli köpçülik çäreleriniň, pul salgytlarynyň agram salmagy bilen, ilatyň maliýe kynçylyklary, manat nagtlaşdyrma we azyk nobatlary ýyl boýy saklanyp galdy.
Şeýle-de, deilegçilik edýän adamlaryň, çagalaryň köpelendigi, mätäçlik bilen bagly öz janyna kast edýän adamlar barada hem maglumatlar gelip gowuşýar. Işsizligiň, aýlyklaryň azlygynyň we durmuş gymmatlamasynyň adamlary gaty köseýändigine garamazdan, hökümet ýylboýy ýokary ösüş sanlaryny çap etdi, türkmen metbugaty ykdysadyýetiň bedew bady bilen ösýändigini aýdýar.
Türkmen metbugaty bir ýana, durmuş hakykaty başga ýana. Ýöne bu ýyl türkmen hökümetiniň çap edýän ösüş sanlary diňe ýerli halkda we synçylarda däl, halkara guramalarynda hem ullakan sorag döredene meňzeýär. Ýogsa, aýdyňlyk meselesi ýa-da onuň asla ýoklugy babatynda Türkmenistan, ýurduň netbit-gaz girdejileri bilen baglylykda, halkara guramalary tarapyndan ozalam az tankytlanmandy.
Bu ýyl bolsa, hatda COVID-19 aladalary sebäpli halkara guramalary tarapyndan berilýän ýüzlerçe million dollaryň harçlanyşy hem aýdyň bolman galdy. Şu aralykda, Bütindünýä bankynyň iýun aýynda çap eden soňky hasabatynda Türkmenistan, ygtybarly maglumatlaryň ýoklugy sebäpli, “Global ykdysady perspektiwalar” atly hasabatdan çykaryldy.
Has anygy, “Esaslandyrylan hildäki ygtybarly maglumatlaryň ýoklugy sebäpli, Bütindünýä banky häzirki wagtda Türkmenistan we Wenesuella boýunça ykdysady önüm, girdeji ýa-da ösüş maglumatlaryny çap etmeýär.Türkmenistan we Wenesuella makroykdysady agregatlardan aýrylýar” diýip, hasabatda aýdyldy.
Bu Türkmenistanyň hödürleýän resmi ykdysady görkezijileriniň iri halkara maliýe guramalary tarapyndan alga alynman başlandygy barada bir ýylda çykan ikinji habar boldy. Ýadyňyzda bolsa, Halkara walýuta fondy hem aprelde türkmen hökümetiniň resmi statistiki sanlaryny ulanmagy bes etdi.
Aýdaly, türkmen hökümeti fewralda 2020-nji ýylda Türkmenistanda Jemi Içerki Önümiň ösüş depgininiň 5,9 göterime deň bolandygyny aýtdy, emma Halkara pul gaznasy şol ýyl Türkmenistanda Jemi Içerki Önümiň ösüş derejesiniň 0,8 göterime barabar bolandygyny öňe sürdi.
Emma Aşgabat, edil öňküsi ýaly, uly ösüş sanlaryny çap etmegini dowam etdirýär we hökümet mejlislerinde ýujrtdaky ykdysay çökgünlik barada açyk gürrüň edilmeýär. Şol bir wagtda, synçylar Türkmenistanyň soňky ýyllardaky iň agyr ykdysady kynçylyklary bilen ýüzbe-ýüz bolandygyny öňe sürýärler.
Käbir pikirlere görä, bu çökgünlik Aşgabatda 2017-nji ýylda geçirilen Aziýa oýunlaryna gňrlen taýýarlygyň çäklerinde gurlan uly desgalar we beýleki netijesiz taslamalar, nebit bahalarynyň kesgin aşaklamagy, Aşgabadyň käbir iri gaz müşderilerini ýitirmegi bilen düşündirilse, ikinji tarapdan, giň ýaýran hökümet korrupsiýasy bilen baglanyşdyrylýar.
Türkmen hökümetiniň başlygy soňky ýyllarda korrupsiýa garşy birnäçe göreş yglan etdi; resmileriň käbiri wezipesinden boşadyldy, käbiri türmä hem basyldy, ýöne synçylar bu meselede esasy oýunçylaryň saklanyp galýandygyny öňe sürýärler.
Eger anyk gürrüň etmeli bolsa, düýbi ABŞ-da ýerleşýän "Crude Accountability” guramasy Türkmenistany "kleptokratiýa modeli” hökmünde häsiýetlendirýär. "Türkmenistan göreldeli kleptokratiýa bolup, döwlet girdejileri talanýar we ýurduň prezidenti ägirt uly we peýdasyz proýektlere milliardlarça dollar harçlaýar" diýip, halkara guramasynyň hasabatynda aýdylýar.
Hasabatyň awtorlarynyň gelen netijelerine görä, ýurtda dörän häzirki agyr ykdysady krizis maliýe serişdeleriniň näderejede manysyz ulanylandygyny subut edýär. Şeýle-de olar dünýäniň iň düşnüksiz ykdysadyýetli ýurtlarynyň biri bolan Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň prezident Berdimuhamedowyň döwründe hasam ýapylandygyny belleýärler.
Berdimuhamedow nebit-gaz pudagyny üýtgedip gurup, doly özüne garaşly etdi: Uglewodorod baýlyklaryny dolandyrmak we ulanmak boýunça döwlet gullugyny ýatyrdy we onuň deregeine aç-açan bolmadyk döwlet kompaniýasyny döretdi, bu komaniýanyň işi, girdejisi, çykdajylary... barada hiç hili maglumat çap edilmeýär, prezidentiň maşgalasy ýurduň esasy biznes gurluşlaryna gözegçilik edýär diýip, hasabatyň awtorlary belleýär.
Halkara jemgyýetçilik guramasynyň we garaşsyz žurnalistleriň geçiren deňewlerinde prezidentiň aýal doganlary we giýewileri, halk içinde 'ýegenler' diýip tanalýan maşgala agzalary barada maglumat berilýär, hususan-da Durdynabadyň adamsy Annanazar Rejepowyň, onuň ogullary Şamyradyň we Hajymyrat Rejebowlaryň, döwlet serişdeleriniň hasabyna, prezidentiň saýasynda "işi rowaç" biznesmenlere öwrülendigi aýdylýar.
Hökümet tankytçylary bu ýyl prezident maşgalasynyň ýurtdaky gözegçiliginiň has güýçlenendigini, ýönekeý adamlaryň durmuşlarynyň bolsa has agralandygyny aýdýarlar.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow aprelde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň başlygy boldy.Bu onuň indi hem kanun çykaryjy häkimiýete, hem ýerine ýetiriji häkimiýete başlyklyk edýändigini görkezýär.Emma bu ýagdaý synçylarda bir topar sorag döretdi.
Sebäbi, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, prezident ýarawsyzlyk sebäpli öz wezipesini ýerine ýetirip bilmese, onuň ygtyýarlyklary täze prezident saýlanylýança Halk Maslahatynyň başlygyna berilmeli.Bu mesele türkmen häkimiýetlerini ozal, S.Nyýazow ýogalanda hem kyn ýagdaýa saldy we ahyrynda şol wagtky parlament spikeriniň türmä basylmagy bilen çözüldi.
Belki-de şu tejribe bilen bagly, prezident bu ýyl öz ogly Serdaryň wezipe-ygtyýarlyklaryny has artdyryp, onuň Ministrler kabinetiniň mejlislerinde esasy emeldarlaryň birine öwrülmegine ýol açdy.Bu ýagdaý prezidentiň saglygynyň ýaramazlaşýandygy we ogluny öz ornuna taýýarlaýandygy baradaky çaklamalaryň köpelmegine getirdi.
Ýöne bu ýyl 2016-njy ýyldan bäri dürli jogapkär wezipelerde işlän we, soňky döwürde hökümetde tas esasy adam bolan Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylyk ukybynyň ýa başarnygynyň pesdigini, umuman alnanda bolsa, onuň syýasy-ykdysady düşünjesiniň sowet döwründe beýnisi bekän kakasynyňdan kän tapawutlanmaýandygyny görkezdi diýip, synçylar aýdýar.
Bu pikir ilki onuň nobatlar prezidentiň abraýyny gaçyrýar diýip, çörek nobatlaryny daňdan sagatlaryna geçirtmegi bilen dörän bolsa, prezident tabşyrygy esasynda sebitlere aýlanyp, bazar nyrhlary bilen tanşyp gelenden soň has güýçlendi diýip, aşgabatly ykdysatçy aýdýar.
Anonimlik şertinde gürleşen 55 ýaşly ykdysatçy ozal prezidentiň ogly daşary ýurtlarda okady, azat bazar gatnaşyklary barada kakasyndan biraz başgaçça pikir edýändir diýip çaklandygyny, emma onuň welaýat saparlaryndan gelip, döwlet TW-sinde lenji çykarylan propagandany gaýtalap durşuna gaty geň galandygyny aýtdy.
Sebitleriň ýaşaýjylarynyň prezidentiň oglundan eden inçejik tamalarynyň hem çykmandygyny, lapykeç bolandyklaryny Azatlygyň habarçylary hem habar berdiler.Bu ýagdaý prezidentiň hem, onuň oglunyň-da emele gelen agyr ýagdaýyň sebäplerine analiz berip, çykalga hödürläp bilmejekgini görkezýär diýip, ozalky suw gurluşyk inženeri, ozalky ilçi Nurmuhammet Hanamow Azatlyk radiosyna aýtdy.
Onuň pikiriçe, döwlet oba syýasatyny düzetmese, konkurensiýa ýol bermän, monopoliýany güýçlendirmegini dowam etdirse, azyk meselesini çözüp bilmez.
Türkmenistan gelýän ýylda ilat ýazuwyny geçirmäge taýýarlanýar. Ýöne ozal, 2012-nji ýylda geçirilen ilat ýazuwynyň netijeleri, näme sebäpdendir, yglan edilmedi.Synçylaryň köpüsiniň pikirine görä, munuň esasy sebäpleriniň biri ýurtdaky hakyky demografiki ýagdaý bilen häkimiýetleriň öňki yglan eden sanlarynyň arasyndaky uly tapawut bilen bagly bolup biler.
Emma ýurtda şondan soňky ýyllarda dörän ylşyrymly ýagdaýlar, iş, okuw diýip ýa başga sebäpler esasynda daşary ýurtlara gidip, şol ýerlerde galan ýa resmi Aşgabadyň döreden emeli kynçylyklary netijesinde yzyna dolanyp bilmeýän on müňlerçe adam garaşylýan ösüş sanlarynyň peýdasyna bolarmy diýen sorag bar.
Berdimuhamedow 2007-nji ýylda häkimiýet başyna gelende netijeli bilim özgertmelerini, giň internet elýeterliligini, ýewropa ölçeglerindäki durmuş derejesini wada berdi; emma ýurduň bilim pudagyndaky korrupsiýa her ýyl müňlerçe türkmenistanlynyň daşary ýurtlara okuwa gitmegine, iň bir zehinli, başarnykly ýaşlaryň bolsa, başga ýurtlarda galmagyna sebäp boldy.
Munuň üstesine, ozal daşary ýurtlarda okap gelen ýaşlaryň diplomlaryny ykrar etdirmekleri, işe ýerleşmekelri uly problema bolan bolsa, bu ýyl okuwyny tamamlap, ýurduna, yzyna gelip bilmeýän, başga ýurtlarda bikanun ýagdaýa düşýän ýaşlaryň köpelýändigi barada habarlar bar.
Emma resmi Aşgabat özüni sylaýan ýurtlaryň iň üns berýän meseleleriniň birini, beýnileriň gaçmagyny görmezlige, bilmezlige salýar diýip, synçylar aýdýar. Ýurduň içindäki ýaşlar bolsa, iň haýal we iň gymmat internet hyzmatlary sebäpli, köpçülik çäreleri we ideoligiýa zerarly, bilimsiz galyp, öz gelejeklerini ogurlatmaga mejbur bolýarlar.
Ilat ýazuwy meselesine gaýdyp gelsek, Azatlyk bu ýyl geljek ýyl geçiriljek ilat ýazuwynyň maglumatlaryny rejelemek we seljermek işlerine gönüden-göni gatnaşýan döwlet edaralarynyň üç resmisinden maglumat almagy başardy.Olaryň biriniň sözlerine görä, 2022-nji ýylda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyny geçirjek döwlet edaralary, prezidentiň diwanyna hödürlemek üçin, eýýäm deslapky hasabatlary taýýarlapdyr. Ähli hasaplara görä, Türkmenistanyň ilatynyň “hakyky görkezijisi” 2,7-2,8 million adama deň diýip, ynamdar çeşmäniň redaksiýa beren maglumatynda aýdylýar. Şol bir wagtda, diňe Türkiýede 1,5 million, käbir hasaplamalara görä, iki milliona golaý türkmen migrantynyň ýaşaýandygy aýdylýar.
Emma muňa garamazdan, häkimiýetler daşary ýurtlarda işläp, yzynda galan maşgalasyny ekleýän türkmen raýtlarynyň ne pasport meselelerini ýerinde çözdi, ne-de näsaglan, gyssagly yzyna dolanmak isleýän raýatlara wagtynda kömek etdi. “Biz, beýleki ýurtlaryň raýatlary ýaly, Western Union arkaly pul ibermek mümkinçiliginden hem peýdalanyp bilemzok” diýip, Azatlyk bilen söhbetdeş bolan zähmet migrantlary aýdýar.
Ikinji tarapdan, Türkmenistana dolanmak isleýän raýatlardan, hatda näsag adamlardan, öňki studentlerden hem uly möçberlerde para soralýandygy hakynda maglumatlar gelip gowuşýar.Synçylar bu ýagdaýlaryň şu ýyl has kän maşgala täsir ýetirendigini, ilatyň häkimiýetlerden nägileleiginiň barha ösýändigini aýdýarlar.
Ikinji tarapdan, ýurtdaky işsizlik we umytsyzlyk zerarly, ýollar açylsa, daşary ýurtlara gitmek isleýän adamlaryň köpelendigi, häkimiýetleriň indi ýurtdan gitjek adamlary saklamak üçin goşmaça çäklendirmeleri girizmäge taýýarlanýandygy aýdylýar.
Ýurtdaky ýagdaýyň agyrlaşmagy, gidip-gelmek mümkinçilikleriniň kynlaşmagy daşary ýurtlardaky türkmen aktiwistleriniň tankydy sesleriniň, protest hereketiniň güýçlenmeginiň esasy sebäbi hasaplanýar. Ýöne bu hili protest aksiýalary başga-başga, garşylykly, bikanun reaksiýalary hem döretdi. Ýurt içinde Pygambergeldi Allaberdiýew, Myrat Düşemow ýaly aktiwistler dürli möhletler bilen azatlykdan mahrum edildi, lukman Hursanaý Ismatullaýewa bolsa, öz hünär, iş haklaryny talap edip, hukuk goraýjylaryň we garaşsyz žurnalistleriň sözlerine görä, toslanan jenaýat işi esasynda, uzak ýyllyk türme tussaglygyna höküm edildi.
Orsýetde ýaşaýan zähmet migranty we blogger Azat Isakow, egindeşleriniň aýtmaklaryna görä, mejbury ýagdaýda Aşgabada alnyp gidildi.
Bellemeli ýeri, ol Türkiýede studentleriň jemgyýetçilik guramasyny döredip, Azatlyga interwiýu bereninden soň, aldaw ýoly bilen Aşgabada äkidilen Ömruzak Omarkulyýewden soň, daşary ýurtdan alnyp gaçylan ikinji aktiwist boldy. Ýene bir bellemeli zat bolsa, bu adamlaryň ne özleri, ne garyndaşlary, ne-de aklawçylary bilen habarlaşyp bolýar, olaryň ykballary ýapyk gapylaryň arkasynda çözülýär we halkara guramalarynyň bikanun saklanan adamlary boşatmak baradaky çagyryşlary köplenç diňlenmeýär.
Türkiýedäki aktiwistler bolsa, protest hereketi bilen baglylykda, her hili basyşlara sezewar edilendiklerini aýdýarlar.
Daşary ýurtlardaky türkmen aktiwistleriniň protest hereketleri bilen baglylykda, taryha gudýän ýylda gowy habarlar hem eşidildi.Mysal üçin, Türkmen Helsinki gaznasynyň 27-nji dekabrda beren habaryna görä, türk häkimiýetleri Türkmenistanyň Stambuldaky konsulhanasynyň öňünde protest bildirmekçi bolan türkmen aktiwistleriniň hereketinde jenaýat alamatlaryny görmedi. Ýatlatsak, türkmen aktiwistleri öz hukuklaryny talap edip, türkmen konsullygynyň öňünde parahatçylykly demonstrasiýa geçirmegi planlaşdyrypdy.
Emma olaryň birnäçesi, türkmen diplomatlarynyň şikaýatlary netijesinde, türk polisiýasy tarapyndan tussag edildi. 23-nji dekabrda Stambulda geçirilen sud diňlenişiginde kazy bäş türkmen aktiwistini, Merjen Agaýewany, Hamragül Goçyýewany, Parahat Myradowy, Dürsoltan Taganowany we Hanum Rasulowany, “hereketlerinde jenaýat alamatlarynyň ýokdugy sebäpli” aklady diýip, düýbi Bolgariýada ýerleşýän hukuk guramasy habar berdi.
Emma ýyla syn edilende, Türkmenistanyň ýene bir agyr ýagdaýy, ol ýagdaýdan ejir çekýän müňlerçe maşgala, çagalar we garrylar göz öňüňe gelýär.Türkmenistan nebit-gazly ýurtlaryň arasynda bolşy ýaly, ilatynyň jan başyna iň kän tussag düşýän ýurtlaryň arasynda hem öň hatarlarda durýar.
Hasaplamalara we dowamly yglan edilýän günä geçişlerde azatlygya çykan adamlaryň gürrüňlerine görä, soňky 30 ýylda türkmen türmeleriniň ýüki örän agyr boldy, emma häkimiýetler ýurduň jenaýat we jeza maglumatlaryny, bu ulgamda çuň ornaşan korrupsiýany we adam gynamalaryny gizlin saklamaga çalyşýarlar, türmeden çykyp, metbugata ýa hukuk toparlaryna interwiýu beren raýatlaryny bolsa, daşary ýurtlarda hem susdurmaga çalyşýarlar.
Bu geçen ýyl Moskwa gelip, türkmen türmesinde şaýat bolan häkimiýet eden-etdiliklerini adam hukuklaryny goraýan "Memorial" merkezine gürrüň beren türkmenistanly zenan babatda hem şeýle boldy.Azatlyk ol zenanyň türme hakykatlaryny birnäçe bölek edip okyjylaryna we diňleýjilerine ýetirdi.
Azatlyk türkmen türmelerinde diri ýitenler, dini ynançlary sebäpli yzarlanýan raýatlar barada hem yzygiderli maglumat bermäge çalyşýar.
2021-nji ýylyň ýanwarynda Azatlyga ozalky häkim Ýazgeldi Gündogdyýwiň Tejendäki berk düzgünli türmede aradan çykandygy mälim boldy. 64 ýaşyndaky Ý.Gündogdyýew prezident S.Nyýazowyň janyna kast etmek synanyşygy diýilýän iş boýunça günäli tapylyp, 2003-nji ýylda uzak möhletli türmä basylan onlarça türkmen raýatynyň diňe biri bolup, 18 ýyldan gowrak daşarky dünýäden üzňelikde, garyndaşlary, aklawçylar, halkara hukuk guramalarynyň wekilleri bilen görüşdirilmän saklandy.
Azatlygyň çeşmeleri onuň 2020-nji ýylyň dekabr aýynyň aýagynda ýogalandygyny, merhumyň jesediniň hossarlaryna 31-nji dekabrda gowşurylandygyny aýtdylar.
"Olary diri görkeziň” kampaniýasynyň nobatdaky hasabat-synynda aýdylmagyna görä, 2002-nji ýyldan bäri Türkmenistanda mejbury ýitirim edilmegiň pidasy bolan raýatlaryň sany 162 adam bolup, olaryň 97 sanysynyň ykballary näbelli bolmagynda galýar. Şeýle-de, hasabatyň awtorlarynyň ynanjyna görä, hökümet mejbury ýitirim edilenleriň käbiriniň tussaglykda ýogalandygyny ýaşyrmagyny dowam etdirýär. “Ýitirim bolanlar” baradaky maglumatlar dört topara bölünýär.
Birinji kategoriýa “noýabrçylar” diýilýänler girýär; olar 2002-nji ýylyň 25-nji noýabryndaky döwlet agdarylyşygy synanyşygy diýilýän bilen göni ýa gytaklaýyn bagly bolan adamlardan ybarat. “Ýitirim bolanlaryň” ikinji toparyny “yslam ekstremizmi” aýyplamalarynda aýyplanan adamlar düzýär. Üçünji topar ykdysady jenaýatlarda we öz wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda aýyplanan ýokary derejeli resmilerden ybarat bolsa, dördünji topary raýat jemgyýetiniň aktiwistleri düzýär.
Herhal, ýylyň dowamynda käbir gowy habarlar hem boldy. Mysal üçin, Hytaýdan alnan 8 milliard dollardan gowrak bergi-borjuň üzülendigi aýdylýar. Wise-premýer Şahym Abdrahmanow bu habary Hytaýyň Döwlet ösüş bankynyň Sinjiaň şahamçasynyň 8-nji iýunda beren resmi habaryna salgylanyp aýtdy, ýöne goşmaça detal bermedi.
Ýene bir gowy habar, Aşgabatdaky rus ilçiniň beren maglumatyna görä, 2021-nji ýylda "Gazropm" "Türkmengazdan" alýan gazyny iki esse köpeldipdir. Ýöne resmi Aşgabat bu söwdalardan gazanan pullarynyň möçberini aýtmaýar, şol sanda Eýrandan almaly gaz tölegini alyp almandygyny hem, duşdan geçirmedik bolsak, belli etmedi.
Mundan başga, gazyň bahasy hem gymmatlady.Bularyň hemmesi gowy alamatlar, emma olardan Türkmenistanyň ýönekeý raýatlaryna näme peýda boldy, bu belli däl.Ikinji tarapdan, Türkmenistan soňky döwürde nebit-gaz senagaty bilen bagly, howany hapalamkada tankyt edilýär.
Bu ugurdaky meseleleri, himiýa pudagy bilen baglylykda, ýerli ýaşaýjylar hem tassyklaýar. Ýewropa Bileleşigi bolsa, Türkmenistan bilen aradaky söwda gatnaşyklarynyň esasan energiýa pudagyna degişlidigini aýdyp, Aşgabady ykdysadyýetini diwersifikasiýa etmäge çagyrdy.
2021-nji ýylda başga, garaşylmadyk bir waka hem boldy, türkmenistanlylar we halkara jemgyýetçiligi, Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň Aşgabda sapary bilen baglylykda, türkmen prezidentiniň ýanýoldaşyny, on bäş ýyllap bir gezek hem jemgyýetçilige çykarylmadyk Ogulgerek Berdimuhamedowany ilkinji gezek görmek bagtyna eýe boldy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.