2020-nji ýylyň oktýabry: Milli Liderimiziň daşary syýasy başlangyçlarynyň ugry bilen

2020-nji ýylyň oktýabry: Milli Liderimiziň daşary syýasy başlangyçlarynyň ugry bilen

Türkmenistanyň köp sanly daşary ýurtly hyzmatdaşlary — aýry-aýry döwletler hem-de iri abraýly guramalar we esasy sebit düzümleri bilen dostlukly, özara ynanyşmak ýagdaýyndaky gatnaşyklaryny okgunly ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän parahatçylyk dörediji daşary syýasy strategiýasy bilen baglylykda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň aýratynlygy bolup durýar.

Ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan oktýabr aýynda onlaýn görnüşinde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda geçirilen halkara forumlar, işewür duşuşyklar, syýasy gepleşikler milli Liderimiziň başlangyjy bilen amala aşyrylýan Açyk gapylar we giň özara bähbitli hyzmatdaşlyk syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Geçen aýyň başynda iki dostlukly ýurduň Söwda-senagat edaralary tarapyndan guralan duşuşykda türkmen-belarus hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary hem-de döwletara haryt dolanyşygyny artdyrmak üçin bar bolan mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) bilermenleri bilen 2-nji oktýabrda wideomaslahat görnüşinde geçirilen iş duşuşygy ýurdumyzyň açyk we netijeli medeni-ynsanperwer gatnaşyklara, umumadamzat gymmatlyklaryny goramaga, dürli döwletleriň hem-de olaryň halklarynyň arasynda dostluk we ynanyşmak ýagdaýyny berkarar etmäge ygrarlydygyny tassyklady.

Türkmenistanyň medeni taýdan beýan etmegiň usullarynyň köpdürlüligini goramak we höweslendirmek hakyndaky Konwensiýa goşulmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanan maslahat geňeşmek häsiýetine eýe boldy hem-de 30-njy sentýabrda Daşary işler ministrliginde ÝUNESKO-nyň baş direktory hanym Odri Azulaý bilen geçirilen duşuşygyň dowamyna öwrüldi.

Duşuşykda milli we umumydünýä medeni mirasyny goramaga uly üns berýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga goşýan uly şahsy goşandy bellenildi.

BMG-niň iri guramalary we düzümleri bilen hyzmatdaşlyk durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şol gün Daşary işler ministrliginde BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň ýurdumyzdaky wekilhanasynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň arasynda adam hukuklary ulgamynda hereketleriň milli meýilnamasyny durmuşa geçirmäge ýardam bermek boýunça taslamanyň Iş meýilnamasyna gol çekmek dabarasy munuň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

5-nji oktýabrda Daşary işler ministrliginde geçirilen ýörite maslahat saglygy goraýyş ulgamynda halkara guramalar, hususan-da, BMG-niň Çagalar gaznasy hem-de BSGG bilen hyzmatdaşlyga bagyşlandy. Bellenilişi ýaly, türkmenistanlylaryň saglygyny goramak, däp bolşy ýaly, saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmäge hem-de keselleriň öňüni almaga aýratyn üns berýän milli Liderimiziň durmuş syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar.

Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary 4-nji oktýabrda geçirilen onlaýn duşuşygynyň çäklerinde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda döwletara gatnaşyklaryň esasy meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýan döwletara hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini nygtap, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan giň möçberli ulag we energetika taslamalarynyň, şol sanda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, demir ýoluň, elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygynyň üstünlikli ilerledilýändigini bellediler. Şol taslamalaryň durmuşa geçirilmegi tutuş sebitiň durmuş-ykdysady taýdan çalt depginler bilen ösmegine ýardam eder.

Goňşy döwletler bilen köptaraply hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän daşary syýasatyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Işewürleriň gepleşikleriniň yzygiderli geçirilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

6-njy oktýabrda Eýran Yslam Respublikasynyň Söwda, senagat, magdanlar we oba hojalyk edarasynyň ýolbaşçylary bilen wideomaslahat görnüşinde duşuşyk geçirildi. Nygtalyşy ýaly, uzak möhletli geljege niýetlenen ikitaraplaýyn türkmen-eýran hyzmatdaşlygy köp ugurlary öz içine almak bilen, iki ýurduň bähbitlerine doly laýyk gelýär.

Şonuň ertesi geçirilen Türkmenistan — Özbegistan işewürlik geňeşiniň birinji mejlisinde köpugurly döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň strategiýasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Onlaýn duşuşyga gatnaşyjylar bu düzümiň işiniň özara haryt dolanyşygynyň möçberiniň artmagyna, maýa goýum işiniň höweslendirilmegine we iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

8-nji oktýabrda Türkmenistan — Owganystan — ABŞ görnüşinde üç ýurduň daşary syýasat edaralarynyň derejesinde wideoaragatnaşyk arkaly birinji duşuşyk geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän üçtaraplaýyn gepleşikleriň başlangyç nokady bolan bu duşuşygyň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwer häsiýetli sebit gün tertibiniň möhüm meseleleriniň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Bellenilişi ýaly, goňşy döwletde parahatçylygy we durnuklylygy gazanmak üçin diňe diplomatik gurallary ulanmak ugrunda çykyş edýän Türkmenistan owganara gepleşikleriň nobatdaky tapgyrlaryny geçirmek üçin özüniň syýasy giňişligini hödürlemäge taýýardyr.

Duşuşygyň barşynda toparlar Merkezi Aziýada parahatçylygy, howpsuzlygy we ykdysady ösüşi üpjün etmek maksady bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmek babatynda ylalaşdylar. Gepleşikleriň jemleri boýunça Bilelikdäki beýannama gol çekildi.

Şol gün Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen OYR-nyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda Şertnamanyň tassyklanandygy baradaky hatlary alyşmak hakynda Teswirnama gol çekmek dabarasy geçirildi. Munuň özi soňky döwürde has işjeňleşen döwletara gatnaşyklaryň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny pugtalandyrmakda nobatdaky möhüm ädim boldy.

Ýurdumyzyň Bütindünýä söwda guramasyna (BSG) agza bolmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň mejlisi geçen aýyň möhüm wakalarynyň birine öwrüldi. Ikitaraplaýyn duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň we BSG-niň Bilelikdäki hereketleriň meýilnamasynyň taslamasynyň ähli bentlerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de bu resminamany kabul etmek bilen baglanyşykly meselelere garadylar.

13-nji oktýabrda Daşary işler ministrliginde BMG-niň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň (ÝUNKTAD) Baş sekretary Mukisa Kituýi hem-de BMG-niň Baş sekretarynyň kömekçisi, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Ýewropa we GDA ýurtlary boýunça sebit býurosynyň direktory Mirýana Spolýariç Egger bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary, hususan-da, ÝUNKTAD we BMGÖM bilen strategik hyzmatdaşlyk, şol sanda sanly ykdysadyýeti we söwdany ösdürmek ulgamyndaky hyzmatdaşlyk syýasatyna ýokary baha berildi.

ÝUNKTAD bilen hyzmatdaşlykda BMGÖM-niň işjeň gatnaşmagynda häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyna ASYCUDA World utgaşdyrylan gümrük maglumat ulgamy ornaşdyryldy we ösdürilýär. Bu ulgam Eksport-import amallary üçin bitewi penjire ulgamyny ornaşdyrmak üçin esas bolar.

Duşuşygyň jemleri boýunça Türkmenistanda Eksport-import amallary üçin bitewi penjire taslamasyny durmuşa geçirmäge goldaw bermek boýunça bilelikde hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakyndaky üçtaraplaýyn Ähtnama gol çekildi.

Şol gün Daşary işler ministrliginde Saud Arabystany Patyşalygynyň daşary işler ministriniň syýasy we ykdysady meseleleri boýunça orunbasary Adel Siraž Saleh bilen onlaýn gepleşikler geçirildi. Onuň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň saparlaryny guramaga taýýardyklaryny beýan etdiler.

14-nji oktýabrda Türkmendemirýollary agentliginde Gazagystanyň milli demir ýol kompaniýasynyň wekilhanasynyň ýolbaşçysynyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisiniň gatnaşmagynda geçirilen wideomaslahatyň çäklerinde ulag-üstaşyr ulgamda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, çäk taýdan örän amatly ýerleşmegi netijesinde Türkmenistan ägirt uly ulag-üstaşyr kuwwata eýedir. Pudaklaýyn döwlet maksatnamalary hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulag geçelgelerini ösdürmek we Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek bilen bagly öňe süren anyk halkara başlangyçlary ony doly derejede durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.

Bar bolan hökümetara ylalaşyklary ilerletmek hem-de Ýewropanyň we Aziýanyň arasynda möhüm baglanyşdyryjy halka hökmünde Türkmenistan — Gazagystan — Eýran transmilli geçelgesiniň hem-de Demirgazyk — Günorta demir ýolunyň hereket etmegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berildi.

Şol gün, 14-nji oktýabrda Halkara tennis federasiýasynyň prezidenti, Halkara Olimpiýa komitetiniň agzasy Dewid Haggerti onlaýn görnüşde Milli Olimpiýa komitetiniň, Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň, Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň wekilleri bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän Dewisiň Kubogy ugrundaky Halkara tennis ýaryşynyň tapgyrlaýyn duşuşyklarynyň guralmagyny ara alyp maslahatlaşdylar.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda sportuň ähli görnüşleriniň ösdürilmegine hem-de wagyz edilmegine, şeýle hem ýokary derejeli türgenleriň taýýarlanmagyna uly üns berýär. Şunuň bilen baglylykda, Halkara tennis federasiýasynyň, Milli Olimpiýa komitetiniň we Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça Iş meýilnamasyny işläp taýýarlamak hem-de durmuşa geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Daşary işler ministrleri Merkezi Aziýa+Russiýa derejesinde 15-nji oktýabrda wideoaragatnaşyk arkaly syýasy-diplomatik ugur boýunça, şeýle hem söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda özara gatnaşyklaryň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary Ýewraziýa giňişliginde deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň ýollary we görnüşleri barada pikir alyşdylar hem-de hyzmatdaşlygyň strategik ugurlary boýunça Beýannamany kabul etdiler.

Şol gün ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde Halkara pul gaznasynyň we Bütindünýä bank toparynyň wekilleri bilen onlaýn duşuşyk geçirildi. Onda özara gatnaşyklaryň geljekki möhüm ugurlary we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Dünýäniň we sebitiň esasy banklary bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak milli Liderimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň parasatly hem-de öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde Garaşsyz Türkmenistan gysga döwrüň içinde dünýäniň okgunly ösýän ýurtlarynyň hatarynda mynasyp orun eýeledi.

Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi onlaýn görnüşde alymlaryň halkara duşuşygyny gurady. Maslahat Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň medeni mirasy öwrenmek boýunça halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki ähmiýeti atly mowzuk bilen baglanyşykly boldy. Paýtagtymyzdaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirilen wideomaslahat bilen birlikde, alymlar tarapyndan ýurdumyzyň dürli ýadygärliklerinde ýüze çykarylan tapyndylarynyň sergisi guraldy.

Şeýle halkara derejedäki onlaýn meýdançalar medeni-ynsanperwer ulgamda netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga, dürli pudaklaryň hünärmenleriniň arasynda, şol sanda atçylyk we itşynaslyk ulgamlarynda tejribe alyşmaga ýardam edýär.Daşary işler ministrliginde 16-njy oktýabrda geçirilen duşuşyk hem hut şuňa gönükdirildi.

Maslahat Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň hem-de Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň işine bagyşlanyldy.Bu assosiasiýalar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredildi.

Bu çärä wideoaragatnaşyk arkaly Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň Russiýadan, Germaniýadan, Şweýsariýadan, Italiýadan, Hytaýdan, Türkiýeden, Eýrandan, Gruziýadan, Ukrainadan, Özbegistandan bolan daşary ýurtly agzalary gatnaşdylar. Olar türkmen kärdeşleri bilen köpýyllyk gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini bellediler.

Ýurdumyzyň hünärmenleri, öz nobatynda, milli atçylygy hem-de itşynaslygy ösdürmek boýunça ýurdumyzda görülýän çäreler hem-de Türkmenistanyň bedewleri seýislemek sungatyny hem-de alabaýlary ösdürip ýetişdirmegiň milli däplerini siwilizasiýanyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşmak hakyndaky teklibi barada gürrüň berdiler.

19-njy oktýabrda Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde wideoaragatnaşyk arkaly Kawkazyň we Merkezi Aziýanyň hem-de Halkara pul gaznasynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda pandemiýadan soňky döwürde ykdysadyýeti dikeltmäge ýardam bermäge hususy maliýeleşdirmegi çekmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şol gün bu ýerde Halkara pul gaznasynyň Sebit ykdysadyýetini ösdürmegiň mümkinçilikleri: Ýakyn Gündogar we Merkezi Aziýa atly tanyşdyrylyş çäresi boldy. Bellenilişi ýaly, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oýlanyşykly syýasaty hem-de döwlet derejesinde amala aşyrylýan çäreleriň netijesinde ýurdumyzda jemi içerki önümiň durnukly ösüşi saklanýar we halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynda oňyn görkezijiler gazanylýar.

Şol günüň ertesi ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň wekilleri Aziýanyň ösüş bankynyň Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (MASYH) maksatnamasynyň resmi adamlarynyň wirtual mejlisine gatnaşdylar.

Biziň ýurdumyz 2000-nji ýyldan bäri AÖB-niň agzasydyr hem-de geçen döwrüň içinde, şol sanda MASYH-nyň çäklerinde energetika, ulag ulgamlary, söwda işlerine ýardam bermek ýaly ileri tutulýan ugurlar boýunça bilelikde üstünlikli işlemegiň tejribesi toplanyldy.

Bu maksatnamanyň çäklerinde ileri tutulýan ulgamlarda strategiýalaryň amala aşyrylmagy netijeli gatnaşyklary ösdürmäge, ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmek üçin iri maýa goýumlary çekmäge, Aziýa ýurtlarynyň innowasion taýdan ösüşiniň hil taýdan täze derejesine çykmak üçin sebitleýin gatnaşyklary ilerletmäge ýardam bermäge gönükdirilendir.

20-nji oktýabrda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Daşary syýasat gullugynyň Baş sekretary hanym Helga Şmidiň derejesinde ÝB — MA — Owganystan görnüşinde wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahaty geçirildi.

Duşuşygyň barşynda sebit hyzmatdaşlygy ösdürmek, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň howpsuzlyk ulgamynda Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyk etmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi mejlisiniň ministrler derejesindäki nobatdaky tapgyryna hem-de ÝB — MA görnüşdäki ýaşyl ykdysadyýet boýunça Birinji foruma görülýän taýýarlygyň barşyna, ÝB-niň Merkezi Aziýa üçin täze Strategiýasynyň durmuşa geçirilmegine garaldy.

Däp bolan hyzmatdaşlyk, ilkinji nobatda bolsa, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýurtlary bilen özara bähbitli gatnaşyklary yzygiderli giňeltmek hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Biziň ýurdumyz GDA-nyň assosiirlenen agzasy bolmak bilen, ähli ugurlar, şol sanda medeniýet ulgamy boýunça netijeli gatnaşyklary işjeň ösdürýär.

Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp, onlaýn görnüşde GDA gatnaşyjy döwletleriň teatr režissýorlarynyň halkara döredijilik duşuşygy geçirildi. Wideomaslahata Ermenistanyň, Gruziýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Moldowanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň medeniýet işgärleri, meşhur režissýorlary hem-de esasy teatrlarynyň çeper ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Ýetip gelýän şanly sene mynasybetli 21-nji oktýabrda ýurdumyzyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy Aziýa we Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlarynyň toparynyň umumy mejlisiniň çäklerinde ýörite beýannama bilen çykyş etdi.

Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň içeri we daşary syýasaty, Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň taryhy hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine öňe sürýän möhüm halkara başlangyçlary bilen tanyşdyryldy.

Şol günlerde döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda we BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezinde ýurdumyzyň DIM-niň guramagynda Bitarap Türkmenistan — parahatçylygyň, durnuklylygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna mowzugy bilen daşary ýurtlaryň 13-siniň ýaş diplomatlary üçin onlaýn görnüşdäki üç günlük okuwlar geçirildi.

21-nji oktýabrda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki toparyň üçünji mejlisi onlaýn görnüşde geçirildi. Onda iki ýurduň söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, EXPO — 2020 Bütindünýä sergisiniň ähmiýeti bellenildi, oňa Türkmenistan işjeň gatnaşmagy meýilleşdirýär.

22-nji oktýabrda Germaniýanyň Commerzbank bankynyň Lýuksemburg Beýik Gersoglygyndaky şahamçasynyň ýolbaşçylary bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşygyň çäklerinde milli Liderimiziň başyny başlan makroykdysady özgertmeleri hem-de üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler maksatnamalary nazara alnyp, özara gatnaşyklaryň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

23-nji oktýabrda Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň we Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda türkmen-russiýa parlamentara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Federasiýa Geňeşiniň başlygy W.Matwiýenko milli parlamentiň wekiliýetini GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň noýabrda geçiriljek nobatdaky mejlisine hem-de 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda Sankt-Peterburg şäherinde geçiriljek III Ýewraziýa zenanlar forumyna gatnaşmaga çagyrdy.

Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federal Geňeşiniň Başlygy Türkmenistanyň ýokary kanun çykaryjy we wekilçilikli edarasynyň iki palataly ulgama geçmegini hem-de ýurtda hemmetaraplaýyn oýlanyşykly ädim hökmünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan möhüm ähmiýetli konstitusion özgertmeleriniň amala aşyrylmagyny mübärekledi hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň işini guramakda üstünlikler arzuw etdi.

27-nji oktýabrda Daşary işler ministrliginde göni wideoaragatnaşyk arkaly Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň (BMG — ÝYK) Ýerine ýetiriji sekretary Olga Algaýerowa bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň köp ugurlar boýunça gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýedigini nygtadylar.

Şu ýyl ýurdumyzyň ulag ulgamynda möhüm ähmiýetli halkara-hukuk resminamalaryna goşulandygyny bellemelidiris. Şolaryň hatarynda BMG-niň halkara ýol hereketini kämilleşdirmäge gönükdirilen Konwensiýalarynyň altysy bar.

28-nji oktýabrda Türkmenistanyň, Hindistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň daşary işler ministrleriniň gatnaşmagynda Hindistan — Merkezi Aziýa dialogynyň ikinji mejlisiniň çäklerinde wideoduşuşyk geçirildi. Owganystanyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji ýörite myhman hökmünde çagyryldy.

Hindistan — Merkezi Aziýa gatnaşyklarynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň BMG-niň ählumumy terrorçylyga garşy strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlyga berk ygrarlydygy bellenildi hem-de ýurdumyzyň Owganystan Yslam Respublikasynda parahatçylygy berkarar etmek işinde möhüm orny nygtaldy.

Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary owgan tarapynyň gatnaşmagyny mübäreklediler we Owganystany ösdürmek hem-de ykdysady taýdan dikeltmek maksady bilen, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de sebit we halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça bilelikdäki başlangyçlary ilerletmäge gyzyklanmalaryny beýan etdiler.

28-nji oktýabrda ýurdumyzyň Mejlisinde Bahreýn Patyşalygynyň Milli Assambleýasynyň wekilleriniň geňeşiniň başlygy Fawziýa Abdulla Ýusuf Zaýnal bilen duşuşyk geçirilip, onda türkmen-bahreýn parlamentara gatnaşyklaryny has-da ösdürmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Umumy pikire görä, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi syýasy, ykdysady we medeni hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilmegine, iki ýurduň halklarynyň arasyndaky däp bolan dostlugyň pugtalandyrylmagyna gönüden-göni ýardam eder.

Şol gün Söwda-senagat edarasynyň wekilleri onlaýn görnüşinde Gazagystan Respublikasynyň Mangistau oblastynyň Telekeçiler palatasynyň hünärmenleri bilen işewür gatnaşyklary ýola goýmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar milli we sebit ähmiýetli bilelikdäki taslamalara işjeň gatnaşmaga taýýardyklaryny beýan edip, ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça anyk tekliplerini aýtdylar.

28-nji oktýabrda Statistika baradaky döwlet komitetinde ilat ýazuwynyň we ýaşaýyş jaý gaznasynyň maglumatlaryny ulanmaga bagyşlanan sebitleýin onlaýn maslahatyň çäklerinde BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň (ESKATO) wekilleri bilen wideoduşuşyk geçirildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmengaz we Türkmennebit döwlet konsernleri tarapyndan guralan Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2020 atly XXV halkara maslahat oktýabr aýynyň möhüm wakalarynyň biri boldy. Şu ýylda geçirilen energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ösdürmäge gönükdirilen bu iri ýöriteleşdirilen forum ilkinji gezek diňe bir däp bolan çäklerde geçirilmän, eýsem, Aşgabatdan dünýäniň onlarça ýurtlaryna onlaýn görnüşde ýaýradyldy.

Maslahata dünýäniň 30 döwletinden iri kompaniýalaryň 100-den gowragynyň gatnaşmagy daşary ýurtlaryň işewür toparlary üçin Türkmenistanyň maýa goýumlary babatdaky özüne çekijiliginiň barha ýokarlanýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr. OGT — 2020 forumynyň çäklerinde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümleýin edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de olaryň geljekki hyzmatdaşlarynyň arasynda özara gatnaşyklaryň strategik ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, onlaýn duşuşyklarynyň birnäçesi geçirildi.

30-njy oktýabrda Hazar deňzi institutynda göni wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Halkara ummanlar instituty bilen (IOI) hyzmatdaşlygynyň geljegine bagyşlanan tegelek stoluň başyndaky duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda Hazar deňzini dolandyrmak meselelerine üns berildi, hususan-da, bu täsin deňiz babatda halkara deňiz konwensiýalaryny ulanmak, halkara deňiz hukugy hem-de Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň maksatnamalarynyň çäklerinde ony öwrenmegiň meselelerine garaldy.

Geçen aýyň ahyrynda ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleri BMG-niň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň bilelikdäki iş meýilnamasynyň çäklerinde guralan Demografik çaklama atly okuw maslahatlarynyň tapgyrlaryna gatnaşdylar.

Okuw maslahaty Moskwanyň M.W.Lomonosow adyndaky Döwlet uniwersitetiniň hem-de Ýokary ykdysadyýet mekdebiniň (Russiýa Federasiýasy) esasy hünärmenleriniň çykyşlaryny hem-de tejribe sapaklaryny öz içine aldy.

Gallup halkara barlaglar merkeziniň tutuş dünýä ýaýran hoş habary eziz Watanymyzyň, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň abraýyny has-da belende galdyrdy. Bu merkeziň geçirýän soraglarynyň netijeleri jemgyýetçilik pikiriniň ýagdaýy baradaky maglumatlaryň has ygtybarly çeşmeleriniň biri hasaplanylýar. Ol kanunyň we tertibiň düzülen indeksiniň esasynda Türkmenistany dünýäniň iň howpsuz ýurdy diýip ykrar etdi.

Ykdysadyýet we dünýä institutynyň barlaglarynyň netijelerine laýyklykda, geçen ýyl ýurdumyzyň dünýäniň iň howpsuz döwletleriniň hataryna girendigini nygtamalydyrys, şol maglumatlar terrorçylygyň global indeksi 2019-da çap edildi. Türkmenistan şeýle orny soňky birnäçe ýylyň dowamynda eýeläp gelýär.

Ýurdumyzyň şanly senäni — hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygyny belleýän ýylynda bu wakanyň bolup geçmegi milli Liderimiziň döwlet syýasatynyň üstünlige eýe bolýandygynyň hem-de ýurdumyzyň parahatçylygy, asudalygy we howpsuzlygy üpjün etmek meselelerine örän jogapkärli çemeleşýändiginiň nobatdaky ajaýyp subutnamasydyr.

Şeýlelikde, geçen oktýabr aýynyň köpöwüşginli wakalary ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek boýunça netijeli işini aýdyňlyk bilen görkezip, daşary syýasy ulgamda eziz Watanymyzyň ägirt uly ykdysady, serişdeler hem-de adam kuwwatyny açyp görkezmäge we doly ulanmaga gönükdirilen giň möçberli işi äşgär etdi.

(TDH).

https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/11901?type=feed

Ýene degişli makalalar

ÝUNKTAD Türkiýe Boýunça Ukdysady Ösüş Çaklamasyny Ýokarlandyrdy
14.11.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti UNKTAD-yň Baş sekretaryny kabul etdi
BMG-niň hasabatyna görä, Türkmenistanda işsizligiň derejesi 3.3 %, ýöne çeşmeler munuň has ýokarydygyny aýdýar
06.12.2019 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden
06.12.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşy
13.10.2020 | Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen wideomaslahatlar görnüşindäki nobatdaky duşuşyklar