2020-nji ýylyň iň oňat gadjetleriniň reýtingi düzüldi

2020-nji ýylyň iň oňat gadjetleriniň reýtingi düzüldi

"The Verge" neşiri tamamlanyp barýan 2020-nji ýylyň iň gowy smartfonlarynyň, kompýuterleriniň we beýleki enjamlarynyň sanawyny düzdi. Bu barada neşiriň web sahypasyna salgylanyp, cursorinfo.co.il habar berýär.

“The Verge" boýunça iň oňat smartfonlary diýlip “Samsung Galaxy S20” we “S20 +” flagmanlary saýlandy. Enjamlar ýakyn geljegiň talaby bolan 5G aragatnaşygyny goldaýar. Iň oňat smartfonlaryň arasynda “Apple”-iň iň soňky modelleriniň biri - ykjam flagman “iPhone 12 mini” hem bar.

Iň görnükli epilýän enjam Samsung Galaxy Z Fold2 boldy .

“Apple”-iň öz M1 çipi bilen işleýän “MacBook” ýylyň kompýuteri diýen ada eýe boldy. Oýun pudagynda Nvidia we AMD, Xbox Series X we S, PlayStation 5-den täze wideo kartalary bellenildi.

“The Verge”-niň habaryna görä, adaty gowy enjamlar - oýun üçin niýetlenen "Asus ROG G14 Zephyrus" noutbugy, "GoPro Hero 9" kamerasy, "DJI Mini 2" drony we "Sony WH-1000XM4" nauşnikleri boldy.

Ýene degişli makalalar

2022-nji ýylyň iň gowy telefonlary
Eplenýän ekranly kompýuter
Iň gowy kiçi smartfonlar belli boldy
“CES 2019”: geljegiň tehnologiýasynyň duşuşýan ýeri
5G tehnologiýasyndan nämä garaşmaly?