2020-nji ýylyň iň gowy oýun neşir edijileri yglan edildi

2020-nji ýylyň iň gowy oýun neşir edijileri yglan edildi

"Metacritic" saýty geçen ýylyň iň gowy oýun neşir edijileriniň sanawyny yglan etdi. Sanawda birinji orny "Sega" eýeledi diýip, assiette.ru habar berdi.

"Sega" hatda 2019-njy ýylda hem bu sanawda 18-nji orny eýeleýärdi. Geçen ýyl ol "Persona 5 Royal"-yň we "Yakuzanyň" Xbox-wersiýasynyň kömegi bilen liderlige geçmegi başardy. “Metacritic”-iň sanawy agregatordaky taslamalaryň ortaça reýtingine, “gowy” (75% -den) we "erbet" (50% -e çenli) önümleriň göterimine, şeýle hem aýratyn üstünlikli oýunlaryň sanyna (90%) esaslandy.

"Sega" sanawda 327,2 bal toplady we geçen ýyl kompaniýanyň ortaça oýun görkezijisi 81,6% boldy. “Annapurna Interactive” 322,9 bal görkeziji bilen ikinji, “Capcom” bolsa üçünji ýeri eýeledi.

Şeýle hem ilkinji onluga şular girdi: “Sony Interactive Entertainment”, “Activision Blizzard”, “Microsoft”, “Aksys Games”, “No More Robots”, “Nintendo” we “Devolver Digital”.

Ýene degişli makalalar

Täze film
Parižde taryhy açylyş dabarasy
Möý adam ABŞ-da ilkinji prokat güni kassa ýygymy boýunça rekord goýdy
Ben Afflek Betmeniň keşbinden ýüz öwürdi
YouTube her gün näçeräk gazanýar
Hemilton bilen Serena Uilýams “Çelsini” satyn almak taslamasyna maýa goýdular