Ozal habar berlişi ýaly, Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etraby 2020-nji ýylyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň iň göreldeli etraby diýlip yglan edildi.Türkmenistanyň Prezidenti etrabyň häkimligini 1 million amerikan dollary möçberindäki pul baýragy bilen sylaglamak hakynda Buýruga gol çekdi.
Türkmenistan gazetiniň şu günki (15.02.2021 ý.) sanynda bu etrapda ýetilen sepgitler barada giňişleýin gürrüň berilýär. 2020-nji ýylyň iň gowy etraby baradaky käbir maglumatlary Türkmenportalyň okyjylaryna hem ýetirýäris:
― etrabyň ähli ugurlar boýunça ösýän, özgerýän, günsaýyn gözelleşýän merkezi şäherinde hem-de 91 obasynda jemi 210 müňden gowrak ilat ýaşaýar;
― etrabyň iň çet künjegindäki obalarda hem ulag infrastrukturasy, aragatnaşyk kommunikasiýasy döredilýär, döwrebap mekdepler we çagalar baglary, iň kämil lukmançylyk enjamlary ornaşdyrylan saglyk öýleridir hassahanalar, edara we ýaşaýyş jaýlary, söwda merkezleri, medeniýet öýleri bina edilýär, erkli-ygtyýarly, mally-mülkli daýhan nebereleri bu eşretlerden ygtybarly peýdalanýarlar;
― etrapda geňeşlikleriň 17-si we daýhan birleşikleriniň 14-si bar. Häzirki wagtda Döwletli, Şatlyk, Nowaýy, Oguz han, J.Hudaýbergenow adyndaky daýhan birleşiklerinde, täze oba hojalyk syýasatyna laýyklykda, daýhan hojalyklary döredildi. Täze döredilen daýhan hojalyklarynda pagtanyň, bugdaýyň hasyllylygy ep-esli artdy, bu hojalyklarda ilaty özümizde önýän önümler bilen üpjün etmek boýunça netijeli işler ýola goýuldy;
― geçen ýylda etrap boýunça senagat önümçiliginiň möçberi öňki ýyllardakydan ep-esli artdy; etrabyň halal zähmet çekmegiň asylly nusgalaryny görkezýän daýhanlary ýyly üstünlikli jemlediler, ak pagtanyň 41 müň 536 tonnasy, ak bugdaýyň 31 müň 862 tonnasy öndürilip, döwletimiziň belent harmanyna goşuldy;
― etrabyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýeti geçen ýyly ýokary netijeler bilen jemledi. Bu hojalyk boýunça 2420 gektar meýdandan 5100 tonna derek 8223 tonna ak bugdaý öndürilip, şertnamalaýyn tabşyryk artygy bilen berjaý edildi. Welaýatyň çäginde iň iri hojalyklaryň biri bolan paýdarlar jemgyýetinde 7300 gektar meýdandan 17135 tonna ak altyn ýygnalyp, 119 göterim ösüş gazanyldy;
― etrabyň Hasylçy geňeşliginiň hem-de J.Hudaýbergenow adyndaky geňeşliginiň çäginde ýerleşýän döwrebap ýyladyşhanalar welaýatyň gök we bakja önümçiliginde ygtybarly orun eýeleýärler. Altyn gala we Altyn tug hususy kärhanalaryna degişli bolan bu toplumlarda ýylyň ähli pasyllarynda pomidoryň, ýertudananyň we bolgar burçunyň bol hasyly ýetişdirilýär;
― J.Hudaýbergenow adyndaky geňeşligiň çäginde gurlan hem-de hut özüniň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda Bagtyýar zaman obasy döwrümiziň ösen talaplaryna laýyk gelýän nusgalyk işleriň biri boldy.Umumy tutýan meýdany 144 gektara barabar döwrebap obada adamlaryň döwrümiziň eşretleriniň hözirini görüp, abadançylykda ýaşamaklary üçin ähli şertler döredildi.
Hyzmatlar öýi, toý mekany, dükanlar we beýleki durmuş maksatly binalar, multimediýa tehnologiýaly umumy bilim berýän mekdep, çagalar bagy, bedenterbiýe-sagaldyş toplumy täze obanyň görküne görk goşýar.Obada ähli amatlyklary bolan iki hem bir gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 500-si gurlup, ýeňillikli karzlar bilen oba ilatyna berildi;
― etrabyň çäginde täze ýaşaýyş jaý we desgalar toplumynyň gurluşygyna badalga berildi. Toplumyň umumy meýdany 71 gektara barabar bolup, bu ýerde jemi 1496 maşgala niýetlenen 70 sany dört gatly jaýlar gurlar. Toplumyň çäginde Saglyk merkezi, göwnejaý enjamlaşdyrylan 240 orunlyk çagalar bagy, 600 orunlyk umumy bilim berýän orta mekdep, hyzmatlar öýi hem beýleki durmuş maksatly desgalar bina ediler;
― häzirki wagtda etrapda orta mekdepleriň 62-si bolup, olar ylym-bilime höwesiň, täze eýýamyň beýik ruhuny älem-jahana ýaýyp, öwretmegiň, öwrenmegiň, okamagyň, gurmagyň hem döretmegiň gözel ojagyna öwrülýärler;
― etrabyň çägindäki hassahanada, 46 sany oba saglyk öýlerinde we saglyk merkezlerinde ilatyň saglygyny goramak we dikeltmek boýunça lukmançylyk hyzmatlary amal edilýär.Medeniýet merkezi, 10 sany medeniýet öýi ilatyň iň gelim-gidimli ýerlerine öwrüldi.
Sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän ýaşlar sport mekdepleriniň 3-sine, sport desgalarynyň 2-sine gatnaýarlar.S.A.Nyýazow şäherindäki merkezi kitaphana welaýatyň çägindäki beýleki kitaphanalar bilen elektron ulgamyna birleşdirildi.
Onuň oba ýerlerindäki şahamçalarynyň 3-siniň okyjylary hem öz isleg bildirýän kitaplaryny şol ulgam arkaly okamak mümkinçiligine eýe boldular.