2020-nji Ýylda Gutaran Garbag Urşundan Bäri Minalar Sebäpli 68 Azerbaýjan Raýaty Pida Boldy

2020-nji Ýylda Gutaran Garbag Urşundan Bäri Minalar Sebäpli 68 Azerbaýjan Raýaty Pida Boldy

Ilham Aliýew ýurdunda guralan “Minalaryň daşky gurşawa täsirlerinin azaldylmagy-Howpsuz we ýaşyl gelejek üçin serişdeleriň peýdalanylmagy” atly halkara maslahata gatnaşyjylara ýüzlenme ugratdy.

Hatynda Ermensitanyň basyp alyş döwründe Azerbaýjanyň territoriýasyna mina ornaşdyrandygyny ýatladan Aliýew, ýurdunyň dünýäde minalar bilen hapalanan ýurtlaryň hatarynda durýandygyny beýan etdi.

Aliýew Azerbaýjanyň terrotoriýasynyň 12 göterimine barabarynyň 1,5 million mina we nämälim mukdarda ýarylmadyk ok-däri bilen hapalanandygyny nygtady.

2-nji Garabag urşundan soň sebitde başdan bolan mina partlamalary hakynda-da durup geçen Aliýew; “2020-nji ýylda urşuň gutarmagyndan bäri esasy bölegi asuda ilatdan 361 raýatymyz minalaryň gurbany boldy. Şolardan 68 sanysy ýogaldy we 293 sanysy agyr ýaralandy.

Ermenistanyň Azerbaýjana garşy harby hüjüminiň başyndan bari 358 sanysy çaga, 38 sanysy zenan 3 ,400-den gowrak raýatymyz minalardan zyýan çekdi” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Azerbaýjanly 3 Müň 413 Adam Ermenistanyň Goýan Minalary Sebäpli Ýogaldy
'Meredow Azerbaýjandan sowlup geçýän, Eýrany ileri tutýan gaz geçelgesini öňe sürüp, Türkiýä barýar'
II Garabag Söweşiniň Şehitleri Uly Hormat Bilen Hatyralandy
Şuşada iýulda Türki Döwletleriň Guramasynyň resmi däl sammiti geçer
“Indi Kimdir Biriniň Biziň Bitewigimizi Ykrar Edip Etmezligi Beýle Möhüm Däl”
Türki Dilli Döwletleriň Ýolbaşçylary Şuşada Duşuşýar