2020-nji ýylda dünýäde ak reňkli awtoulaglara has köp isleg bildirildi

2020-nji ýylda dünýäde ak reňkli awtoulaglara has köp isleg bildirildi

2020-nji ýylda dünýädäki her üçünji awtoulag (38%) ak reňke, her bäşinjisi bolsa (19%) gara reňke reňklenildi. Şeýle maglumat “Axalta Coating Systems” awtoulag boýaglaryny we laklaryny öndürijisi tarapyndan geçirilen soňky barlagda aýdylýar. Bu barada avtonovostidnya.ru habar berýär.

Iň meşhur awtoulag reňkleriniň sanawynda üçünji orny çal reňk eýeledi - bu reňk satyn alnan awtoulaglaryň 15% -ini düzdi.Iň soňky orunlarda dünýäniň ähli ýurtlarynda (Hytaýdan başga) has az isleg bildirilen sary we altynsow reňkler ýerleşdi. Ýeri gelende bellesek, Hytaýda hasaba alnan awtoulaglaryň 5%-ini sary we altynsow reňkler tutýar, ak bolsa ol ýerde, umuman, dünýäde iň meşhur reňk bolmagynda galýar - ýerli ýaşaýjylaryň 57% -i bu reňki saýlaýarlar.

Bu babatda Ýewropada ýagdaýlar birneme üýtgeýär - bu ýerde ak birinji orny çal bilen paýlaşýar - olaryň hersi 25% -i emele getirýärler.

Ýene degişli makalalar

Türkmen wekiliýeti IT boýunça “Cisco Live 2024” halkara forum gatnaşýar
Energiýa ulgamynyň kuwwatlyklary artdyrylýar
Awstriýanyň kompaniýalary “Aşgabat-siti” gurluşygy bilen gyzyklanýarlar
Saglygy goraýyş pudagynda 50 sany täze milliarder peýda boldy
27.10.2020 | Gurluşyk-senagat toplumy
Türkmenistanyň elektrik energetikasyny ösdürilmegi — ýurdumyzyň we sebitiň bähbitlerine