2020-2021-nji ýyllar: pandemiýanyň getiren agyr ýagdaýy awtoritarizmi güýçlendirýär

2020-2021-nji ýyllar: pandemiýanyň getiren agyr ýagdaýy awtoritarizmi güýçlendirýär

COVID sebäpli girizilen berk çäklendirmeler netijesinde Azerbaýjan, Belarus, Orsýet, Özbegistan we Gazagystan ýaly birnäçe ýurduň hökümetlerine öz ygtyýarlyklaryny giňeltmäge mümkinçilik döredi. Ynsan hukuklaryny goraýjylar hem graždan aktiwistleri pandemiýadan soňra, güýçlendirilen çäklendirmeler haýal etmezden aradan aýrylmaly diýýärler.

COVID sanjymlarynyň amala aşyrylyp başlanmagy 2021-nji ýylda dünýäniň pandemiýadan soňky “täze adaty durmuşyna” geljekdigine umyt döredýär.

Halkara adam hukuklary toparlary bolsa, aşa uzak wagta çeken döwlet güýjüniň agalygynyň giňelmeginiň öňüni almak üçin, raýat jemgyýetiniň pandemiýadan öňki “adaty” ýagdaýyna gaýdyp gelmelidigini öňe sürýärler.

Olar 2020-nji ýylda saglygy saklaýyş çäreleri bilen baglanyşykly raýat jemgyýetine girizilen çäklendirmeleriň, kä halatda bolsa nädogry ulanylan gadaganlygyň ýatyrylmagyny üpjün etmek üçin, barlaglar we deňagramlylyk ulgamyny üpjün etmelidigini aýdýarlar.

Halkara adam hukuklary guramasy Transparency International köpden bäri pandemiýa özünden soňra-da howsalaly alamatlary, ýagny awtoritarizmiň güýçlenmegini hem-de kanunyň gowşamagyny üpjün edip biljekdigini öňünden duýdurypdy.

COVID-19 krizisi korrumpirleşmäge hem-de awtoritar liderlere jemgyýetiň ünsüni başga ýana sowmaga mümkinçilik berýär diýip, korrupsiýa garşy göreşiji global topar aýdýar.

Erkin metbugat we garaşsyz kazyýet ýaly demokratik institutlar pese gaçanda, raýatlaryň nägilelik bildirmek hereketine gadaganlyk girizilende, döwlet çykdajylaryna gözegçilik etmek başa barmadyk ýagdaýynda, korrupsiýa gülläp ösýär diýip, Transparency International guramasy mälim etdi.

Waşingtondaky daşary syýasaty öwreniji Brukings institutynyň Gündogar boýunça bilermeni Şadi Hamidiň aýtmagyna görä, teoriýa ýüzünde awtoritarizm hem awtoritar düzgünler pandemiýadan öň hem bolup, eýýäm berk ornaşypdy.

Şadi Hamidiň pikirine görä, pandemiýadan soňky döwrüň käbir taraplary we döwlet gözegçiliginiň ýokarlanmagy hökümete ýolbaşçylyk edýänler üçin awtoritar meýilleri oýaryp biler.

Pandemiýa döwründe we ondan soň hökümetler içerki oppozisiýany pese gaçyrmak, raýat azatlyklaryny çäklendirmek üçin, uzaga çeken krizisi tutaryk edinýärler diýip, Brukings institutynyň bilermeni Şadi Hamid hasap edýär.

Bu howsalaly ýagdaýa garamazdan, Hamid pandemiýadan soňky dünýäde syýasy azatlyklaryň dikeldiljegine umytly garaýar. Onuň aýtmagyna görä, wagtyň gelmegi bilen adatdan daşary çäklendirmeleriň ýatyrylmagy syýasy partiýalara, köpçüligiň protest hereketlerine öz pozisiýalaryny eýelemäge, nägileliklerini has giň köpçülige ýetirmäge kömek eder.

Demokratik hökümetler, Tramp administrasiýasynyň edişi ýaly, maglumatlary basyp ýatyrmaga, krizisleri artdyrmaga ýa-da peseltmäge synanyşyp bilerler, ýöne bu olara seýrek ýagdaýda başartsa gerek... Her niçigem bolsa, metbugat, kanun çykaryjy we raýat jemgyýeti tarapyndan hökümetiň ýalňyşlyklaryny paş etmek çäresini basyp ýatyrmak üçin, adatdan daşary güýçli isleg döräp biler diýen netijä gelýär.

Russiýadan Türkmenistana çenli ýurtlarda pandemiýa garşy göreşmek bahanasy bilen awtoritar tendensiýa syýasy oppozisiýa wekillerini basyp ýatyrmak we metbugat azatlygyny çäklendirmek üçin, adatdan daşary medisina çärelerini ulandylar.

Bakuwda erkinlik gysylýar

Muňa mysal hökmünde Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýewiň hökümetiniň girizen çärelerini aýdyp bolar. Mart aýynda Bakuwda "epidemiýa garşy, sanitariýa-arassaçylyk ýa-da izolýasiýa düzgünlerini bozmak” hakynda diýilýän täze bir berk jeza çäreleri girizdi.

Täze jenaýat kanunynda, köpçülik ýerlerinde maska dakynmazlyk ýaly düzgün bozmalar üçin takmynan üç müň dollar jerime we üç ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek göz öňünde tutulýar.

Wirusy ýaýratmakda günäli tapylanlar bäş ýyla çenli türme tussaglygyna höküm ediler.

Adam hukuklaryny goraýjy halkara HRW guramasy Bakuwyň COVID-iň ýaýramazlygy üçin çykaran jenaýat kanunlarynyň wirusyň abanýan howpuna garşy kanuny ýa-da proporsional jogap däldigini duýdurdy.

Tomusda goňşy Ermenistan bilen bolan çaknyşykda, Alyýew giň ýaýran korrupsiýa, ykdysady dolandyryşyň pesligi we pandemiýa garşy nägileligi başdan geçirmeli boldy. Muňa jogap edip, iýul aýynda Alyýew syýasy garşydaşlaryny we demokratiýany goldaýanlary gutarnykly basyp ýatyrmak üçin, repressiýalara ýüz urdy.

Amerikanyň Waşington Post gazetiniň baş makalasynda Alyýew Azerbaýjanda garaşsyz syýasy güýçleri doly ýok etjekdigi bilen haýbat atýan tutgaýlaryny aýan edýär diýip ýazdy.

Iýul aýynda Alyýewiň howpsuzlyk güýçleri esasan Azerbaýjanyň oppozisiýadaky Halk fronty partiýasyndan bolan 120-den gowrak oppozisiýa agzasyny hem tarapdaryny tussag etdi.

Saklanan iki oppozisiýa agzasy Azerbaýjanda COVID bilen baglanyşykly möhüm çäreleri bozmakda aýyplandy olar partiýanyň başlygynyň orunbasary Mämmet Ybragimiň ogly Mehdi Ibragimow we partiýanyň agzasy Muhammet Imanly.

HRW deslapky resminamalary özbaşdak öwrenenden soň, Imanlynyň COVID ýaýratmakda we jemgyýetçilik ýerlerinde maska dakynmazlygy sebäpli adamlaryň saglygyna howp abandyrmakda, oňa galp günä bildirildi diýen netijä geldi. Ibragimowyň aklawçysy hem tussag edilenden soň iýul aýynda geçirilen COVID synaglarynyň onda wirus alamatlarynyň ýokdugyny görkezendigini ýatdy.

Belarusyň serhet düzgünleriň berkemegi

Tankytçylar Aleksandr Lukaşenkany režime garşy köpçülikleýin demonstrasiýalary basyp ýatyrmak üçin, COVID çäklendirmelerini ulanmakda aýyplaýarlar.COVID bilen baglanyşykly syýasy maksatly çäreleriň ulanylmagy, Minskiň polisiýasyna repressiýany güýçlendirmek üçin, has giň möçberli gurallaryň biri hökmünde öňe sürülýär.

Dekabr aýynda adam hukuklary topary “Viasna” 2020-nji ýylda Belarusyň oppozisiýa kandidatlaryna we olaryň toparlaryna, aktiwistlere we demonstrantçylara garşy 900-den gowrak syýasy jenaýat işiniň açylandygyny aýtdy.

Her gün dowam edýän demonstrasiýalar Lukaşenkanyň döwlet başyna gelmeginiň 26 ýyllyk tejribesinde, iň uly howp bolup durýar. 9-njy awgustda geçen, diýseň çekeleşikli prezident saýlawynda, Lukaşenka ýeňiji diýlip yglan edilenden soň, saýlaw galplygy baradaky aýyplamalar bilen baglanyşykly demonstrasiýalar başlandy.

Birnäçe aýlap hökümete garşy geçirilýän demonstrasiýalary saklap bilmedik rehimsiz repressiýalaryndan soň, Belarus 1-nji noýabrda daşary ýurtlular üçin serhetlerini ýapdy. Döwlet serhet komiteti bu çäklendirmäniň "COVID-19 ýokanç keseliniň ýaýramagynyň öňüni almak üçin" zerurdygyny aýtdy.

Dekabr aýyndan häkimiýetler pandemiýa bahanasy bilen belarus ýaşaýjylaryň ýurtdan çykmagyna päsgel berýän serhet gadagançylygyny giňeltdi.

Noýabr aýynyň ahyrynda Lukaşenka COVID hassahanasynyň bölümine baryp görende, howpsuzlyk protokollaryny düýbünden äsgermän, doly gorag enjamly lukman bilen elleşmek üçin ellik geýmedi ýa-da maska dakynmady.

Saýlawlaryň netijeleri barada resmi şikaýat etmäge synanyşandan soň, Belarusdan basyş astynda giden oppozisiýa lideri Swetlana Tihanowskaýa serhet çäklendirmeleriniň girizilmegi Lukaşenkanyň howsala düşýändigini aňladýar diýdi.

Russiýada barýan giň çäkdäki yzarlamalar

Moskwadaky ekspertler pandemiýanyň Russiýanyň gözegçilik ulgamyndaky kemçilikleriň synagy bolandygyny aýdýarlar.

Mart aýynyň ahyrynda Russiýanyň Döwlet Dumasy premýer-ministr Mihail Mişustine tutuş ýurt boýunça adatdan daşary ýagdaýy yglan etmäge we hökmany saglyk düzgünlerini kesgitlemäge rugsat berýän kanuny tassyklady. Şeýle hem Duma "tebigy hem-de adatdan daşary ýagdaýlar" wagtynda, ýalan maglumatlary "bilkastlaýyn" ýaýradýanlar üçin, bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek çäresini tassyklady. Şol kanun aktyna laýyklykda, koronawirusa garşy çäreleri bozanlar ýedi ýyla çenli-de azatlykdan mahrum edilip bilner.

Aprel aýynda prezident Wladimir Putin ýerli häkimiýetlere COVID bilen baglanyşykly çäklendirmeler girizmegi tabşyrdy. Ekspertler munuň Russiýanyň käbir ýerleriniň gözegçiligine we gözegçiligi güýçlendirmek çärelerine milletiň näderejede çydajakdygyny bilmek üçin, synag meýdançasyna öwrülendigini aýdýarlar. Şeýle hem koronawirusa gözegçilik çäreleri Kremle öz ygtyýarlyklaryny giňeltmäge, pandemiýadan soňra Russiýada hemişe bolup biläýjek syýasy gorkydan goranmaga mümkinçilik berdi.

Şol wagtyň özünde Moskwa Russiýanyň pandemiýa garşy täsiri barada erkin maglumat akymyna gözegçilik etmek üçinem çäre gördi.

Russiýaly wraç hem-de Wraçlar bileleşiginiň başlygy Anastasiýa Wasilýewa aprel aýynda saglygy saklaýyş ulgamynyň COVID bilen iş salyşmaga taýýarlyk işlerindäki kemçiliklerini ýüze çykarandan soň tussag edildi.

Geň galdyryjy ýagdaý, rus häkimiýetleri ölüm howply COVID-19 pandemiýasyndan has beter tankytdan gorkýarlar. Olar Anastasiýa Wasilýewanyň hem onuň kärdeşleriniň tussag edilmegini ýerli keselhana işgärlerine örän möhüm gorag enjamlaryny ibermäge synanyşanlarynda, häkimiýetler tarapyndan girizilen hereket çäklendirmelerini bozandyklary bilen delillendirilýärler diýip, Amnesty International guramasynyň Russiýa ofisiniň direktory Natalýa Zwýagina mälim etdi.

Olar hökümetiň resmi hasabatlaryna garşy çykmaga we saglygy saklaýyş ulgamyndaky kemçilikleri ýüze çykarmaga het edip bilýän medisina hünärmenlerini jezalandyryp tussag etmek bilen rus häkimiýetleri öz hakyky maksadyny aýan etdi diýip, Zwýagina Wasilýewanyň tussag edilmegi baradaky pikiriniň üstüni ýetirdi.

2020-nji ýylda Döwlet Dumasy Russiýanyň COVID-19-a garşy alyp barýan göreşi barada habar berendigi üçin, daşary ýurt habar beriş serişdelerine, şol sanda Azatlyk Radiosyna gözegçilik edip, olara päsgel berip başlady. Iýul aýynda bolsa Moskwada polisiýa metbugatda çäklendirmeleriň girizilmegine we Russiýada söz azatlygynyň azalmagyna garşy aksiýa geçirilende, onlarça žurnalisti tussag etdi.

HRW-niň habaryna görä, polisiýa birnäçe gezek demonstrantlaryň COVID bilen baglanyşykly saglyk çärelerini bozandygyny "galplaşdyryp öňe sürdi". “Özleri bolsa tussag edilen demonstrantçylaryň köpüsini sosial aralygy saklamazdan, içi köp adamly, howa çalşygy bolmadyk polisiýa awtoulaglarynda sakladylar" diýlip, hasabatda aýdylýar.

HRW Russiýa boýunça barlagçysy Damelýa Aithožina bu işleriň "repressiýalary täze derejä çykarandygyny" belledi.

Ynsan hukuklaryny goraýjylar Russiýanyň käbir sebitlerinde ýerli häkimiýetleriň demonstrantlary basyp ýatyrmak üçin, bahana hökmünde koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly girizilen çäreleri ulanandygyny aýdýarlar.

Aprel aýynyň aýagynda Demirgazyk Osetiýanyň häkimiýetleri Wladikawkazda sebit lideri Wýaçeslaw Bitarowyň işinden çekilmegini talap edip ýygnanan 2000 töweregi adamly demonstrasiýada onlarça adam tussag edildi. Olardan 13 adam COVID-e garşy göreş baradaky kanuny äsgermänlikde hem pandemiýa barada ýalan maglumat ýaýradanlykda aýyplandy.

Russiýanyň Uzak Gündogaryndaky Habarowsk şäherinde häkimiýetler koronawirus pandemiýasyndan peýdalanyp, sebitiň belli gubernatorynyň on ýyl mundan öňki adam öldürmek meselesinde aýyplanyp tussag edilmegine garşy geçirilýän köpçülikleýin protestleriň öňüni almaga synanyşdylar.

Demonstrantçylar ol aýyplamalaryň gubernatoryň ýerli syýasy garşydaşlary tarapyndan, Kremliň kömegi bilen toslanyp tapylandygyny aýdýarlar.

Şele-de bolsa, Putiniň dolandyryşyna nägileligini bildirýän mähelle ýygnanyşygy dowam etdirýär.

Gazagystanda demonstrasiýalaryň çäklendirilmegi

Maý aýynyň ahyrynda Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew graždanlaryň protestlere gatnaşmak hukugyna döwlet gözegçiligini güýçlendirýän kanuna gol çekdi. COVID-iň global ýaýramagynyň ilkinji tolkuny wagtynda güýje giren täze kanun demonstrasiýa näçe adamyň gatnaşyp biljekdigini we ol çäreleriň nirede bolmalydygyny kesgitleýär.

Tankytçylaryň pikirine görä, täze çäklendirmeler we býurokratik päsgelçilikler Gazagystanda protestler kanuny taýdan amala aşyrylmazdan ozal häkimiýetlerden "rugsat" almaly bolarlar, munuň daşyndan resmiler rugsat bermejek bolup, örän köp bahanalary öňe sürüp bilerler.

Mundan ozal Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugy Gazagystanyň häkimiýetleriniň protestler baradaky täze kanuny tankytlaýanlary basyp ýatyrmak üçin, bahana hökmünde koronawirusy ulanandygy barada habar berdi.

Gazagystanly we halkara hukuk goraýjy aktiwistler bu kanunçylygyň halkara ülňülerine ters gelýändigini, onuň erkin ýygnanyşmak üçin köp päsgelçilik döredýändigini aýdýarlar.

Özbegistanda informasiýa gözegçiligi

2016-njy ýylyň aýagynda Şawkat Mirziýaýewiň Özbegistanyň prezidenti wezipesine saýlanmagy bilen halkara adam hukuklary toparlary ozalky merhum Yslam Kerimow tarapyndan girizilen awtoritar çäklendirmeleriň birneme gowşadylmagyna gowy baha berdiler. Emma COVID krizisi wagtynda, Özbegistanda metbugata gözegçilik edýän döwlet edarasy, ýagny Maglumat we köpçülikleýin habar beriş gullugy (MKHG) garaşsyz metbugata garşy göreşe başlady.

Daşkendiň resmileri Özbegistanyň ilki başda COVID-19 bilen üstünlikli göreşýändigini öňe sürdüler. Emma tomus aýlarynda käbir habar beriş serişdeleri hökümetiň bu “üstünligine” şübhe bildirdiler. Pandemiýanyň ýaýramagy we ýurduň içinde adam ýitgileri bilen baglanyşykly jikme-jiklikleri içgin öwrenip başladylar.

MKHG-niň ýolbaşçysy Asajon Hojaýew noýabr aýynyň aýagynda şular ýaly hasabat üçin, "çynlakaý kanuny çäreler" bilen haýbat atdy. Garaşsyz žurnalistler bolsa koronawirus pandemiýasy sebäpli Özbegistanyň metbugatynyň has awtoritar gözegçilige, Kerimowyň döwründe bar bolan şertlere dolanyp barmagyndan howatyr etdiler.

Gyrgyzystandaky hökümet agdarylyşygy

Pandemiýadan öň Parižde ýerleşýän "Serhetsiz reportýorlar" guramasy Gyrgyzystany Merkezi Aziýanyň habar beriş serişdeleri üçin iň açyk ýurt hasaplaýardy. Ýöne bu ýurtda bar bolan belli derejedäki aç-açanlyk 22-nji martda adatdan daşary ýagdaý girizilmegi hem-de komendant sagady bilen bozuldy.

Garaşsyz habar beriş serişdeleriniň köpüsine akkreditasiýa almak ýa-da žurnalistlere Bişkekde, şeýle hem ilatyň saglygy bilen baglanyşykly adatdan daşary ýagdaý girizilen sebitlerde erkin hereket etmäge rugsat almak kynlaşdy.

COVID gözegçilik çäreleri sebäpli ýüze çykan kynçylyklara garamazdan, 4-nji oktýabrda Gyrgyzystanda geçirilen jedelli parlament saýlawlaryndan soň gazaply syýasy protestler başlandy.

Syýasy dartgynlyk prezident Sooronbaý Jeenbekowyň hökümetiniň ýykylmagyna, Bişkekde täze saýlaw meýilnamalarynyň we köpçülikleýin demonstrasiýalaryň gadagan edilmegini öz içine alýan adatdan daşary ýagdaýyň yglan edilmegine sebäp boldy.

Ýewropanyň karz ätiýaçlandyryjylary topary bolan Credendo’-nyň analitigi Paskalin della Faýl pandemiýanyň syýasy tolgunyşyklara sebäp bolan sosial dartgynlygy ýokarlandyrandygyny aýtdy.

Ol analitigiň pikirine görä, bu dartgynlyga ýurduň saglygy saklaýyş ulgamynyň ýaramazlygy, COVID-iň öňüni alyş çäreleri sebäpli agyr ýagdaýa düşen ykdysadyýet hem-de daşary ýurtlarda işleýän Gyrgyzystanyň raýatlaryndan iberilýän pullaryň düýpgöter azalmagy sebäp bolupdyr.

Ýaňsyly ýagdaýa düşen Türkmenistan

Dünýäde awtoritar düzgünlere iň berk gözegçilik edýänlerden biri bolan Türkmenistan metbugat azatlygy we aç-açanlyk meselesinde, hiç haçan öz abraýny dikläp bilmedi. Şonuň üçinem prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz ýurdunda COVID epidemiýasynyň öňüni alandygy baradaky sözleri haýran galdyrmaga derek, gülkünç hem ýaňsyly ýagdaýy döretdi.

Aşgabadyň Türkmenistanda koronawirusyň ýokdugyny erjellik bilen öňe sürmegi, ynamdar jemgyýetçilik saglyk syýasaty bolman, eýsem Berdimuhamedowyň awtoritar agalygynyň alamaty hökmünde görülýär.

Awgust aýynyň başynda Bütindünýä saglyk guramasy (BSG) Berdimuhamedowyň BSG bilermenlerine öz ýurdunda COVID ýokdugyny barlamaga rugsat etjekdigini habar beripdi.

BSG-niň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin direktory Hans Kluge Berdimuhamedowyň BSG toparynyň garaşsyz şertlerde “ýurtda COVID-19 synaglaryndan nusga alyp, beýleki ýurtlardaky BSG barlaghanalaryna ibermegine” razylyk berendigini aýtdy. Ondan bäri dört aýdan gowrak wagt geçse-de, Berdimuhamedow beren wadasyny ýerine ýetirmedi.

Bu aralykda, Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi prezidentiň şahsyýet kultuny gorap saklamak maksady bilen Aşgabatda hem beýleki uly şäherlerde Berdimuhamedowyň täze "döwrebap" lukmançylyk edaralaryny açýandygyny görkezýär.

Şahsy görnüşde, türkmen raýatlary Azatlyk Radiosyna öwgüli taryp çykyşlaryna ynanmaýandyklaryny aýdýarlar. Olar ýarawsyzlyk ýüze çykanda, hassahanalardan gaça durýandyklaryny, sebäbi doktorlara pul berip bilmeýändiklerini, döwlet edaralarynyň bolsa köplenç goldap etmeýändigini aýdýarlar.

Türkmenistanyň birnäçe etrap keselhanalarynda näsaglar öz ýanlary bilen hassahana iýmit, derman we hatda otaglary ýylatmak üçin odun getirmeli bolýandyklaryny Azatlyk Radiosyna aýtdylar.

Muňa garamazdan, tankytçylara hem başgaça pikir edýänlere garşy gazaply repressiýa çäreleri bilen tanalýan öňki Sowet respublikasynda jeza çäresinden gorkup, hiç kim Türkmenistanyň keselhanalaryndaky agyr ýagdaýlar meselesinde saglyk pudagynyň ýolbaşçylaryny açyk tankytlamaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Russiýa,Talibanyň gadagan edilen “terror” guramalarynyň sanawyndan çykarylmagy üçin işe girişdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Russiýa Hazar bäşligi ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň duşuşygyny geçirmegi meýilleşdirýär
Dünýä Liderleri Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdiler
Russiýa ABŞ-na START ylalaşygy bilen bagly reaksiýa bildirdi
Mişustin Russiýanyň 2026-njy ýyldan başlap her ýyl 100 uçar öndürmekçidigini habar berdi