“Turkmen Desert Race” ýaryşy 2019 ýyldaky ralli-kross boýunça Dünýä kubogynyň kalendaryna girizildi diýip, “Turkmenportal” neşiri 10-njy dekabrda “WRC-info” neşirine salgylanyp habar berdi.
2019-njy ýylyň ralli-kross boýunça Dünýä kubogy (FIA World Cup for Cross Country Rallies) bäş tapgyrdan ybarat bolar.Birinji tapgyr Katarda 21-26-nji fewral aralygynda geçiriler.
Ikinji tapgyr BAE-de, 30-njy martdan 4-nji aprele çenli aralykda geçiriler. Ýaryşyň üçünji tapgyry 5-11-nji maý aralygynda Türkmenistanda bolar.Soňra ýaryş 26-njy maýdan 11-nji iýuna çenli Gazagystanda dowam etdirilip, 4-8-nji oktýabr aralygynda Marokkoda tamamlanar.
2019-njy ýylda ralli geçirmek mümkinçiligi barada şu ýylyň sentýabrynda ilkinji bolup TDH habar berdi. Şonda neşir “Beýik Ýüpek ýolunyň ugry köp sanly dabara gatnaşyjylar we ralliniň myhmanlary tarapyndan uly gyzyklanma eýe boldy… 2019-njy ýylda geçiriljek ýene bir awtoralli täsin Garagum sähralyklaryna gaýdyp gelmek üçin ýakymly mümkinçilik bolar” diýip ýazdy.
9-14-nji sentýabr aralygynda geçirilen “Amul-Hazar” rallisiniň başky tapgyryna prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy.
Türkmenistanyň döwlt biržasynyň maglumatlaryna laýyklykda, döwlet baştutanynyň ýaryşa gatnaşanda süren maşyny “Mini Cooper” awtomobiliniň ýaryş görnüşi 7-nji iýunda 520 müň ýewro tölenip, satyn alyndy.