2019-njy ýylda satuwa çykaryljak awtoulaglar

Elektroulag öndürmekde kompaniýalaryň arasyndaky bäsdeşlik barha ýitileşýär.Bu ugurda täze şereketler döreýär, olaryň aralarynda hyzmatdaşlyklar ýola goýulýar.Awtoulag öndürijileri bu ugruň geljeginiň uly boljakdygyna ynam bildirýärler.

Muny önümçiligi ýola goýlan we ýola goýuljak modelleriň sanyna seredenimizde hem bilmek bolýar.Geçen ýyl tanyşdyrylan nusgalyk hem-de önümçilige taýýar elektrokarlaryň birnäçesi 2019-njy ýylda satuwa çykarylar.

Olaryň käbiri barada gyzykly maglumatlary dykgatyňyza ýetirýäris.“Audi e-tron”: iki hereketlendirijili model bir gezekki zarýady bilen 402 kilometr ýol geçýär.Oňa 30 minutda 80% zarýad bermek mümkin. Ýokary tizligi 200 km/s ýetýän “e-tron” 0-100 km/s tizlige 5,5 sekuntda çykýar.

Ulag 2020-nji ýylyň modeli hökmünde şu ýylyň dowamynda öndürilip başlanar.Ol “Audi”-niň dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän ilkinji SUV modeli bolar.“Mercedes EQC”: bir gezekki zarýady bilen 450 kilometre çenli ýol geçip bilýän ulaga 45 minutda 80% zarýad berip bolýar.

Iki hereketlendirijili awtoulagyň kuwwaty 402 at güýjüne barabar.Dört tigri hem birbada aýlanýan ygtybarly ulagyň 100 km/s tizlige ýetmegi üçin 5,1 sekunt ýeterlik. Ýeri gelende aýtsak, “Mercedes” bäsdeşi BMW bilen hem bu ugurda hyzmatdaşlygy ýola goýar.

Ygtybarly ulaglary öndürmegi bilen tanalýan iki nemes brendi elektroulaglaryň batareýalaryny öndürmekde, awtonom sürüş we aragatnaşyk ulgamlary ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk ederler.“KIA Niro EV”: bir gezekki zarýady bilen 485 kilometr ýol geçip biljekdigi anyklanan model 54 minutda 80% zarýad alýar.

Kuwwaty 201 at güýjüne barabar bolan modeliň has kiçi görnüşinde bu görkeziji 134 at güýjüne deň.Ulagyň bahasynyň 38 müň dollardan başlajakdygy aýdylýar.“Porsche Taycan”: ýokary derejeli litiý-ion batareýasy bir gezekki zarýady bilen 500 kilometr ýol geçmegine mümkinçilik berýär.

Ulaga 15 minut zarýad berlende, 400 kilometr ýol geçýär.Onuň 100 km/s tizlige ýetmegi üçin bary-ýogy 3 sekunt ýeterlik.Bu görkeziji adaty ýangyçly ulaglaryň hem köpüsinden ýokary. “Volkswagen AG” toparynyň eýeçilik edýän “Porsche” brendi elektroulaglaryň önümçiligine aýratyn üns berýär. Ýokary tizlikli ulaglary öndürmegi bilen tanalýan brend 2020-nji ýyla çenli elektroulaglary kämilleşdirmek üçin 6 milliard ýewro sarp eder. 2025-nji ýylda “Porsche” awtoulaglarynyň ýarysy elektrik energiýaly ýa-da gibrid bolar.

Täze maýa goýumlarynyň özleşdirilmegi bilen “Porsche” elektrokarlaryň infrastrukturasyny işläp düzmekde “Bayerische Motoren Werke AG”, “Daimler AG” we “Ford Motor Co.” ýaly kompaniýalar bilen bäsdeşlik eder.“MINI Electric”: entek kuwwaty we näçe ýol geçip bilýändigi barada anyk maglumat berilmedik modeliň giň howa sorujylary onuň aňsatlyk bilen sowamagyna mümkinçilik berýär.

Ulagyň diňe öňki dizaýny adaty MINI-lerden tapawutly.Ulag önümçilik usuly babatda beýlekilerden tapawutlanar.Ol Hytaýda üç ölçegli printerler arkaly aýna süýümli materialdan öndüriler. 3 gapyly ulagyň daşky şekili 1980-nji ýyllaryň dizaýnyna çalym edýär.

Ýene degişli makalalar

Porsche kompaniýasy Taycan GTS awtoulagynyň täze görnüşini tanyşdyrdy
Tesla Model S Nýurburgringde Porsche Taycan-yň rekordyny täzeledi
Porsche 2030-njy ýyla çenli 80% elektromobilleri çykarmaga girişmegi meýilleşdirýär
Elektrikli Hyundai Ioniq 5 Germaniýada ýylyň awtoulagy boldy
Porsche Taycan elektrokary Ginnesiň rekordyny täzeledi
“Porsche”-niň giňeldilen elektrokary tanyşdyryldy