“Türkmenistanyň Hronikasy” ýurtda derman bahalarynyň ösüşini synlamagy dowam etdirýär.
2018-nji ýylyň başyndan bäri derman bahalary ortaça 48,4% ýokarlandy. Dermanlaryň iň gymmatlan wagtlary iýun-iýul aýlaryna gabat geldi, şonda nyrhlar, ýylyň başyndakysy bilen deňeşdirilende, 54% ýokarlandy.
Ýylyň soňky üç aýynda bahalaryň üýtgeýşi:
Gerbion (atgulak toşaby 150 mg) bahasy üýtgemedi we 54 manatdan satylýar. Ýylyň başynda bahasy 31 manatdy (+74%).
Flokimazol (kapsula 150 mg) 5-den 4 manada çenli arzanlady (-20%). Ýylyň başynda hem bahasy şeýle-di 4 manatdy.
Trimol (10 tabletka, Türkmenistan) baha üýtgemedi 6,6 manat. Ýylyň başynda 4 manatdy (+65%).
Lidokain (sanjym üçin derman. 20mg/2mg, 10 ampul) 20 manatdan 19 manada çenli arzanlady (-5%). Ýylyň başynda 18 manatdy we 5,5% gymmatlady.
Panangin Forte (60 tabletka) soňky üç aýda bahasy öňküsi ýaly 130 manat bolmagynda galýar. Ýyl başynda 55 manada durýardy (+136,5%).
Wiferon (1.000.000 ME 10 supp.) bahasy öňküsi ýaly 260 manat. Ýanwar bilen deňeşdirilende, 105 manat bolan wagtyndan bäri 154% gymmatlady.
Analgin (sanjym üçin derman. 500mg/2mg, 10 ambul) bahasy üýtgemedi we 20 manada barabar. Ýylyň başynda 15 manatdan satylýardy (+ 33,3%).
Naklofen (sanjym üçin derman. 75ml/3ml, 5 ampul) 38 manatdan 42 manada çenli gymmatlady (+10,5%). Ýyl başynda 22 manatdan satylýardy (+91%).
Tetrasiklin mazy (1%, 3gr) 26 manatdan 17 manada çenli arzanlady (-34,5%). Ýyl başyndan 5 manatdan bolanlygyndan bäri 240% gymmatlady.
Trok-Ýu (10 tabletka) bahasy üýtgemedi 16 manat. Ýyl başynda bu derman 15 manada durýardy (+33,3%).
Lewoksimed (damjalar 0,5%, 5ml) ozalky bahasy 151 manat. Ýyl başynda bahasy 78 manat bolaly bäri 93,5% gymmatlady.
Sigma -ST (10 tabletka) 32 manatdan 30 manada düşdi (-6%). Bu derman ýyl başyndan 18 manatdan satylýardy (+66,5%).
Abatkal (400mg 10 tabletka) bahasy üýtgemedi we 67 manat bolmagynda galýar. Ýanwardaky bahasy bilen deňeşdirilende, 28 manatdan satylýardy we 139,5% gymmatlady.