Aşgabat-Daşoguz gara ýolunyň 32-nji kilometrinde iri gazhimiýasy önümçiginiň- tebigy gazdan benzin almak boýunça zawodyň gurluşygy alnyp barylýar.
Iş tabşyryjy Türkmengaz“ Döwlet konserniniň maglumatlaryna görä, şu özboluşly ýokary tehnogiýaly kärhanada dünýäde ilkinji gezek uly möçberde tebigy gazdan suwuk ýangyç- benzin alnar.Daniýanyň Haldor Topsoe kompaniýasynyň tehnologiýasyna esaslanýan GTG Gas to gasoline taslamasy ýylda 1 milliard 785 million kubmetr tebigy gaz gaýtadan işlenilip, Euro-5 ölçegine laýyk gelýän A-92 belgili 600 müň tonna benzin çykarmaga mümkinçilik berer.
Sintetiki ýangyç naýbaşy ekologik ölçeglere laýyk geler- onda howany zaýalaýan kükürt goşundylary, düzüminde azot bolan organiki birleşmeler ýokdur.
Türkmengaz“ DK bilen zawodyň gurluşygyna şertnama baglaşan Ýaponiýanyň Kawasaki Heavy Industries, Ltd.we Türkiýäniň Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanaýi ve Tiçaret Anonim Şirketi kompaniýalar konsorsiumy ony 2018-nji ýylyň ahyryna önümçilige goýbermegi göz öňünde tutýar. Ýapon tarapynyň maýa goýumlarynyň we Türkmengaz“ Döwlet konserniniň serişdeleriniň ulanylmagy netijesinde kärhana 90 göterime çenli iň täze (2016-2017-nji ýyllarda çykarylan) tehnologik we kömekçi enjamlar bilen üpjün edildi.
Konsorsiumyň agzalary bolan Ýaponiýanyň we Türkiýäniň kärhanalary enjamlary jemlemek we oturtmak işlerini amala aşyrdylar. Reaktorlar Daniýanyň Haldor Topsоe we Ýaponiýanyň Kawasaki Heavy Industries, Ltd. kompaniýalaryndan alyndy. “Mitsubishi” kompaniýasy uly kompressorlary, Yokogawa” kompaniýasy programma üpjünçiligni, Germaniýanyň MAN“ maşyngurluşyk kompaniýasy dizel enjamlaryny, amerikan, koreý, fransuz kompaniýalary nasos enjamlaryny iberdiler. Kärhanada Gollandiýanyň, Koreýanyň, Hindistanyň, Beýik Britaniýanyň, Şwesiýanyň kompaniýalarynyň iň täze enjamlary oturdyldy.
Iň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen bu kärhana mähnet himiýa laboratoriýasyna meňzeýär. Mysal üçin, ýapon hünärmenleriniň teklip eden gazy suwuk jangyja öndürmek boýunça tehnologiýasy tehnologik enjamlaryň tutuş ulgamynyň, ozaly bilen, tebigy gazy çuňňur arassalamak, sintez-gaz, metanol we arassa benzin almak boýunça tehnologik enjamlarynyň gurulmagyny talap edýär. Şeýle laboratoriýada“ ýokary gyzgynlykda we basyşda gaz suwuk uglewodorodlara öwrülýär.
-Magistral turbageçirijiden gelýän tebigy gaz gidrogizasiýa we desulfurizasiýa reatorlarynda ýokary hilli katalizatorlar ulanylyp kükürt we düzüminde kükürt bolan garyndylardan arassalanar- diýip Türkmengaz“ DK-nyň tebigy gazy gaýtadan işlemek müdirliginiň inženeri Aýmyart Şamuhammedow gürrüň berýär.- Indiki bölümde arassalanan tebigy gaz zerur derejä çenli bug bilen garyşýar.
Haldor Topsoe“ katalizatorynda bug riformingi netijesinde ýokary uglewodorodlar dargap: tebigy gaz sintez-gaza öwrüler. Ýokary gyzgynlyga çenli gyzdyrylandan soň ol awtotermiki riforming reaktoryna düşüp, kislorod bieln ýanmak reaksiýasy tapgyryna geçýär.
Soňra metanol çig maly benzin sentezi bölümine düşüp, ol ýerde ahyrky önüm almak boýunça işler geçiriler.
Häzirki wagtda tehnologiýa zolagynda tebigy gazyň konwersiýasyny üpjün edýän enjam oturdyldy. Olar- rezewuarlar, reaktorlar, ýylylyk çalşyjylar, sütünler, tehnologik peçler, separatorlar, kompressorlardyr. Suw bu tehnologiýanyň esasy serişdeesidir. Ol sintez-gaz alnanda bug riformingi üçin we we sowadyjy hökmünde ulanylar. Geljekki kärhanada tehnologik suwy köp basgançakly arassalamak, soňunda ony regenerlemegiň göz öňünde tutulmagy tötänden däldir.
Suw we tehnologik kondensat arassalanmaly kömekçi ulgamalr bölüminde, şeýle hem tehnologik hajatlar üçin gaz we azot sintezinde ulanylýan kislorod almakda howa bölünýän enjamlaryň ýerleşýän ýerindäki enjamlar, suw durlanýan enjamlar, filtrler, gradirnýalar, boýlerler, bugladyjy we beýleki kömekçi enjamlar gurnaldy.
Tutuş tehnologik merkezinde gurlan estakadadan dürli önümçilik bölümlerine inženerçilik ulgamlary çekilipdir. Ýerasty turbageçirijileri, ýangyna garşy we lagym ulgamlaryny gurnamak işleri tamamlanyp barýar.
Häzirki wagtda gurluşyk meýdançalrynda daşary ýurtly hünärmenleriň 700-den gowragy w ýurduň dürli welaýatlaryndan işçilerdir inženerleriň 4700-den gowragy zähmet çekýärler.Olar ýylyň ahryna çenli sepleşdirij turbageçirijileri gurnamak, inženerçilik kommunikasiýalary çekmek, BÖweAE önümçilik bölümini enjamlar bilen üpjün etmek, edara jaýynyň we distansion dolandyryş pultunyň, taýýar önümleri demir ýol we awtomobil sisternalarynň ýüklemek bölüminiň gurluşygyny tamamlamak ýaly uly möçberli işleri amala aşyrmaly. 7 kilometrlik gaz geçirijiniň we 26 kilometrlik suw geçirijiniň gurluşygy alnyp barylýar.
2018-nji ýylyň dekabrynda zawodyň işe girizilmegi bilen häzirki kärhananyň täze önüminiň çykarylmagy- nebitden alynýan ýangyja derek ýokary hilli benziniň alynmagy ýurduň mundan beýläkki ösüşine bahasyna ýetip bolmajak goşant goşar.