2017-nji ýylyň ýyl ýazgysy: Senagat

Türkmenistanyň halk hojalyk toplumyny senagatlaşdyrmaga, ýurdumyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarmaga tarap ugrunyň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen baglylykda 2017-nji ýylda milli ykdysadyýetimiziň esasy senagat pudaklary öz ösüşinde kuwwatly itergä eýe boldular.

Olar himiýa we dokma senagaty, gurluşyk, materiallary ýaly ulgamy düzýän ugurlar bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gaýtadan işleýän pudaklary innowasion esasda toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagy, olary ösüşiň çig mal däl ugruna geçirilmegini göz öňünde tutýan ykdysady strategiýasyna laýyklykda, ýokary tehnologiýaly önümçilik düzümini döretmek, baý tebigy serişdelerimiziň binýadynda köp dürli we bäsdeşlige ukyply önümleriň möçberini artdyrmak wezipeleri çözülýär.

Gaz we nebithimiýa ulgamlary okgunly ösýär, olaryň ägirt uly kuwwaty uglewodorodlary düýpli işlemegiň mümkinçilikleriniň esasyny düzýär. Ýurdumyzy üçin düýbünden täze dag-magdan senagatyny döretmekde möhüm ädim ädildi—sebitde iri kaliý duzlarynyň ýatagy özleşdirilip başlandy. Netijede ýurdumyzyň himiýa senagaty daşary ýurt bazarlarynda uly isleg bildirýän mineral dökünlerini öndürmek boýunça dünýäde öňdäki orunlara çykýar.

Geçen ýyl milli elektron senagatyny, abzal gurluşyk pudagyny döretmek maksadynda çäreler görüldi. Balykçylyk pudagy öz ornuny berkitdi, şol sanda balygy emeli usulda öndürmek babatda pugtalandyrdy.

Ýerli çig mal serişdeleriniň netijeli ulanylmagyna esaslanýan köp pudaklaýyn ösen senagat, ylmy işleri talap edýän önümçilik ýurdumyzyň ykdysady taýdan ösmegini üpjün etmek, halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak boýunça wezipeleriň üstünlikli çözülmeginiň kesgitleýji ugry bolup durýar diýip hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär. Geçen ýyl hem milli Liderimiziň byşyny başlan senagat syýasatyny durmuşa geçirmegiň ýolunda möhüm döwür boldy.

Döwletimiz milli ykdysadyýetiň möhüm pudaklarynyň biri hökmünde himiýa senagatyny ösdürmäge aýratyn üns berýär, munuň özi Ýaşulularyň maslahatynda kabul edilen “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018-2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” öz beýanyny tapdy.

Ýurdumyzyň oba hojalygynyň isleglerini doly kanagatlandyrmak hem-de azyk howpsuzlygyny berkitmek üçin dökünleriň dürli görnüşlerini çykarýan kuwwatlyklary artdyrmak—pudagy ösdürmegiň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Tebigy baýlyklar, uglewodorod we kükürt wodorod çig malynyň uly gorlary, ornaşdyrylýan täze tehnologiýalar, gaýtadan işlemegiň we taýýar önümleri işläp çykarmagyň usullary—bu şertler mineral önümleriniň görnüşlerini we möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berdi.

“Maryazod” önümçilik birleşigini, “Tejenkarbamid” we “Marykarbamid” zawodlaryny, şeýle hem Mary şäherindäki gazhimiýa toplumyny öz içine alýan kärhanalaryň kuwwatly toplumy häzir bu pudagyň esasyny düzýär. Olaryň öndürýän önümleriniň jemi mukdaryny-- ýylda 450 müň tonna önümi nazara alanyňda olaryň kuwwatynyň artýandygy aýdyň görünýär.

Daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberini artdyrmak wezipesi Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde nobatdaky innowasion gazhimiýa toplumynyň batly depginlerde gurulmagy bilen şertlendirilendir. Sebitde iri maýa goýum taslamasy daşary ýurtly hyzmatdaşlar--Ýaponiýanyň “Mitsubishi Corporation” hem-de Türkiýäniň “Gap Inşaat” kompaniýalary tarapyndan amala aşyrylýar. Döwrebap kärhanada dünýäniň täze tehnologiýalary ulanylar.

Şeýlelikde, Daniýanyň “Haldor Topse AS” kompaniýasynyň tehnologiýalary bir gije-gündiziň dowamynda karbamid önümçiligi üçin möhüm çig mal bolan ammiagyň 2 müň tonnasyny, ýylda bolsa 660 müň tonnasyny öndürmäge mümkinçilik berer.

Bu ýerde bir gije-gündiziň dowamynda 3500 tonna, ýylda bolsa 1 million 155 müň tonna karbamid dökünleri öndüriler, olary deňiz ýollary bilen daşary ýurtlara ugratmak meýilleşdirilýär. Şol maksatlar bilen Garabogazda iri portuň gurluşygy ugurdaş alnyp barylýar.

Senagat desgasynyň işe girizilmegi bilen ýurdumyzda karbamidiň öndürilýän möçberi 2 million tonnadan gowrak bolar.

Fosfor dökünleriniň önümçiligi Lebap welaýatynda jemlenendir.Türkmenabat himiýa zawody ýurdumyzda bu önümi ýeke-täk ugradýan desga bolup durýar.Emma, 2016-njy ýylda onuň binýadynda ýylda kükürt kislotasynyň 500 müň tonnasyny işläp çykarýan döwrebap kärhananyň ulanmaga berilmegi bilen fosfor pudagyny ösdürmekde täze döwür başlandy.

Bu önümi öndürmegiň düşewüntliligi kükürt kislotasynyň ösümlikler üçin mineral iýmitiň bu görnüşini öndürmekde möhüm düzüm bolmagy bilen şertlendirýär.Kislota kärhanasynyň taslama kuwwaty döwletimiziň bu önümlere bolan içerki isleglerini doly kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, olaryň agramly bölegini daşary ýurtlara ugratmaga hem mümkinçilik berer.

Bulardan başga-da bu ýerde ýokary hilli fosfor dökünleriniň bir ýylda 300 müň tonnasyny öndürýän nobatdaky toplumyň gurluşygy alnyp barylýar.

Azot, fosfor, kaliý we beýleki dökünleriň ulanylmagy hasyllylygy artdyrmaga, ýerleriň gurplulygyny we oba hojalyk önümleriniň hilini gowulandyrmaga ýardam edýär.

Dünýä önümçiliginde azot dökünleri (64 göterim), fosfor (19 göterim), kaliý (17 göterim) uly orun eýeleýär, emma kaliý dökünleri bu ugurda eksport haryt dolanyşygynyň 80 göterimini düzýär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda ilkinji we Merkezi Aziýada iri desganyň—Lebap welaýatyryň Garlyk käninde duzly ýataklary özleşdirýän dag-magdan baýlaşdyryjy toplumyň gurulmagy dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamynda aýratyn ähmiýetli waka boldy.

2017-nji ýylyň 31-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň gatnaşmagynda ýyllyk kuwwaty 1 million 400 müň tonna kaliý hloridine deň bolan senagat desgasy dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Taslama 2010-njy ýylda “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen “Belgorhimprom” açyk paýdarlar jemgyýetiniň arasynda baglaşylan şertnama laýyklykda amala aşyryldy.

Şanly waka mynasybetli şol gün Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen himiýa senagatynyň işgärleriniň hünär baýramçylygy diýlip yglan edildi.

Dabarada bellenilişi ýaly, ýokary tehnologiýaly senagat kärhanasynyň işe girizilmegi ýurdumyzyň dag-himiýa senagatyny ösdürmegiň täze ugruny döretmegiň esasyny goýýar. Ýerasty gatlaklardan ýerüsti-önümçilik toplumyna her ýylda önümi çykarmagyň meýilleşdirilen möçberi bolan hili we ýokumlyk häsiýetleri boýunça iň ýokary dünýä ölçeglerine laýyk gelýän kaliý dökünleriniň bellenilen möçberiniň çykarylmagyny üpjün etmek üçin zerur bolan çig malyň 7 million tonnadan gowragy berler.

Bu bolsa Türkmenistanyň eksport kuwwatyny artdyrmakda uly orun eýelär.

Geljekde kaliý kombinatynyň kuwwatlylygyny dünýä bazarynda uly isleg bildirilýän kaliý dökünleriniň öndürilişini ýylda 4 million tonna çenli ýetirmek göz öňünde tutulanda käniň 2 milliard tonnadan geçýän kaliý duzlarynyň ägirt uly gorlary toplumyň durnukly işini ençeme onýyllyklar üpjün eder.

Täze desga Germaniýanyň, Şweýsariýanyň, Beýik Britaniýanyň, Daniýanyň, ABŞ-nyň, Russiýanyň, Belarusuň dünýä belli ýörite ugurly tehnikalary öndürijileriniň döwrebap enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr. Önümçilik işi ähli işlere awtomatlaşdyrylan gözegçiligi we dolandyrmagy nazara almak bilen döwrebap tehnologiýany göz öňünde tutýar. Bu ýerde baýlaşdyrylan kaliý hloridi guradylandan, külkelenenden hem-de gaplanandan soň dünýä ölçeglerine laýyk gelýän bäsdeşlige ukyply derejä eýe bolar.

Himiýa önümçiliginiň ulanmaga berilmegi diňe bir ýurdumyzyň oba hojalygynyň kaliý dökünlerine bolan isleglerini kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, önümiň agramly bölegini (ýylda 1,2 million tonnadan gowrak kaliý hloridini) daşary ýurtlara ibermäge mümkinçilik berer. Bu önümleri esasan hem Günorta Gündogar Aziýa ýurtlaryna ibermek göz öňünde tutulýar. Olaryň hatarynda kaliý dökünlerini köp möçberde alýan Hytaý we Hindistan bar.

Şeýle önümiň öz ýurdumyzda öndürilmegi obasenagat toplumynyň, onuň ösümlikçilik pudagynyň netijeliligini artdyrmaga oňyn täsirini ýetirer. Bu bolsa ylmy çemeleşmeleri we işläp düzmeleri ornaşdyrmak arkaly ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmek boýunça wezipeleri çözmäge toplumlaýyn çemeleşýän milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oýlanyşykly ykdysady syýasatynyň nobatdaky subutnamasy bolup durýar.

Uglewodorodlary düýpli gaýtadan işlemegiň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň esasynda nobatdaky innowasion önümleri gazhimiýa pudagynda özleşdirmek göz öňünde tutulýar. Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde gurulýan toplum dünýäde uly isleg bildirilýän plastikleri—külkelenen polipropileriň 81 müň tonnasyny hem-de polietileniň 386 müň tonnasyny öndürmek üçin tebigy gazyň 5 milliard kub metrini tapgyrlaýyn işlemegi göz öňünde tutýar.

Taslama 2013-nji ýylda badalga berlip, ol “TOYO Engineering (Ýaponiýa) hem-de “LG Internatinonal Corporation” we “Hyundai Engineering Corp.Lid” (Koreýa Respublikasy) kompaniýalarynyň konsorsiumy bilen bilelikde amala aşyrylýar.

Bu ýerde Ýaponiýada, Koreýa Respublikasynda, ABŞ-da, Beýik Britaniýada, Belgiýada öndürilen döwrebap enjamlar oturdylýar.Dünýäde bar bolan şeýle kärhanalardan tapawutlykda toplum arassalamak, düzümler boýunça bölmek, termiki kreking we olefinleri polimerleşdirmek boýunça işleriň doly tapgyryny üpjün eder.

Çig maly mümkin bolan garyndylardan düýpli arassalamak işleri özboluşly shemalar boýunça geçiriler, netijede ekologiýa taýdan arassa, ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelýän önüm öndüriler. Sintetiki polimerleşdirilen önümleriň ikisi hem olardan dürli önümleri öndürmekde örän çeýe bolansoň, geljekde Gyýanlyda bir-biri bilen bagly bolan täze senagat kärhanalarynyň gurulmagy mümkin bolar.

Polipropilen dünýä bazarlarynda uly islege eýedir. Ol polimer örtügi, emeli süýüm, mäkäm termoplastlar hem-de polimer önümleri—turbalar, kendir, mäkäm tanaplar, awtoulaglar üçin süzgüçler, egin-eşikler we mebeller, gaplaýyş serişdeleri we azyk önümleri üçin gaplar taýýarlananda ulanylýar.

Polietileniň hem ajaýyp eksport geljegi bar.Onuň esasynda dürli turbalaryň hem-de köpçüligiň isleg bildirýän harytlarynyň çykarylmagyny ýola goýmak mümkin.Dykyzlygy ýokary bolan polietilen örän berk, mäkäm we gaty permoplast görnüşinde bolup, öý hojalygynda we senagatda, şol sanda lukmançylyk önümlerini we durmuş tehnikalaryny öndürmekde, elektrik geçirijileriň daşyny örtmekde, ulaglaryň detallarynda peýdalanylýan suw we howa doldurmaga niýetlenen gaplar üçin giňden ulanylýar.

Ägirt uly senagat desgasyny 2018-nji ýylda ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Bu ýerde 1200-e golaý täze iş orunlary dörediler.

Tebigy gazy düýpli we toplumlaýyn gaýtadan işlemäge, eksportda onuň gaýtadan işlenen önümleriniň paýyny artdyrmaga aýratyn üns berip, Türkmenistan geljekde himiýa senagaty—gymmatly polimer önümleri bazarynda mynasyp orny eýelär.

2017-nji ýylyň 25-nji awgustynda bolan Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Gyýanlynyň golaýynda ýene-de bir gazhimiýa toplumynyň gurluşygynyň taslamasyny işläp düzmek barada hem gürrüň edildi.Bu toplum ýylda 2 milliard kubmetr tebigy gazy we 117 müň tehniki duzy gaýtadan işlemäge, pes dykyzlykly polietileniň 200 müň tonnasyny, 390 müň tonna polipropilen, 100 müň tonna poliwinilhlorid, 10 müň tonna suwuklandyrylan gaz, 82 müň tonna kaustiki soda we 10 müň tonna duz kislotasyny hem-de 10 müň tonna suwuk hlor öndürmäge niýetlenendir.

Giň nukdaýnazardan himiýa senagatynyň geljegi baradaky gürrüňlere degip geçip, şu ýerde türkmen Garabogazköl aýlagynyň natriý sulfatynyň hem-de beýleki gymmatly duzly minerallaryň özi-de, senagat möçberlerinde tebigy şertlerde kristallaşmagy bolup geçýän Ýer ýüzünde örän az sanly künjekleriň biridigini ýatlatmak hem ýerlikli bolar.

Bu ýerde “Garabogazsulfat” önümçilik birleşigi känleri işlemegi alyp barýar, onuň esasy önümi—kükürtturşy natriý (natriý sulfaty), magniý (epsomit), hlorly magniý (bişofit). “Düýbi altyn” bolan sulfat senagaty üçin çig mal binýady bolup hyzmat edýän aýlagyň kenaryndaky Garabogaz şäherinde ýene-de bir zawodyň gurulmagy hem ýurdumyzyň köppudakly mineral senagatynyň kemala gelmegi, onuň eksport kuwwatynyň artdyrylmagy ugrundaky nobatdaky ädimdir.

Örän köp çig mal serişdeleriniň bolmagy ýurdumyza ýody, bromy, giň gerimli beýleki himiýa önümlerini iri öndürijileriň hataryna girmäge mümkinçilik berýär.Türkmenistan dünýäde ýoduň täsin we iri känlerine eýedir—Günbatar sebitde “Hazar”, “Balkanabat” we “Bereket” zawodlary her ýylda 570 tonnadan gowrak ýod çykarýar, önümçiligiň möçberleri boýunça bolsa ýurdumyz dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär.

Häzirki wagtda tehniki ýod, brom hem-de döwlet-hususy ulgam hyzmatdaşlygynyň esasynda bu önümleriň ýasama görnüşlerini çykarmak boýunça täze desgalary gurmak meýilleşdirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň pudaklaýyn kärhanasy bolan “Guwlyduzyň” çäklerinde her ýylda 40 müň tonna ýodlaşdyrylan azyk duzuny hem-de 2 müň 500 tonna tehniki duz öndürmek boýunça bölümiň gurluşygyny hem bellemek gerek. Önümçiligiň çig mal binýady Türkmenbaşy etrabyndaky Guwly kölüniň tebigy käni bolup, ol ýerde duzuň ätiýaçlygy asla egsilmeýär.

Täze senagat desgasynyň ulanmaga tabşyrylmagy hem pudagyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga itergi berer.

Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, şol sanda daşary ýurtdan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan harytlary öndürmek ulgamynda maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmekde gurluşyk serişdeleri senagaty uly mümkinçilikleri görkezýär.

Bu pudagyň esasy ugry sement önümleriniň önümçiligidir. Örän uly isleg bildirilýän görnüşli sementleri çykarýan zawodlaryň kuwwatlyklary tutuş ýurdumyzda alnyp barylýan iri möçberli gurluşyklary bu önüm bilen üpjün etmek wezipesini doly diýen ýaly çözdi.

Bu önümler ýokary derejede berkligi bolan portlandsementdir.Ol köpgatly binalar we seýsmiki zolakda beýleki desgalar gurlanda ulanylýar.Mundan başga-da, nebitgaz senagaty üçin tamponaž sementiniň, şeýle hem binalaryň esasy guýlanda, köprüleriň hem-de beýleki gidrotehniki desgalaryň diregleri gurlanda peýdalanylýan sulfata garşy durnukly sementiň çykarylmagy ýola goýuldy.

Sement öndürýän kiçi zawodlar ähli welaýatlarda diýen ýaly guruldy. Şolarda sarp edijileriň bu önüme bolan islegini doly we öz wagtynda kanagatlandyrmak maksady bilen sementi bellenen bahadan ýerlemek boýunça söwda nokatlarynyň ulgamy ýaýbaňlandyryldy.

Milli ykdysadyýetimiziň diwresifikasiýalaşdyrylmagyna beýleki pudaklaýyn kärhanalar hem, hususan-da, metallurgiýa we gazbeton zawodlar goşant goşýarlar. Bu zawodlar barha giňelýän gurluşyk bazary üçin diwar hökmünde ulanmaga niýetlenen önümleri we armaturdan örülen toplumlary, keramzit, ýygnama demirbeton önümleri, keramiki kerpiç, diwarlyk beton daşlar, bezeg plitalary we beýlekileri çykarýarlar we iberýärler.

Türkmenbaşydaky magdan däl we gurluşyk materiallary kombinatynda täze tehnologiki bölümler gurnaldy.Olar owradylan daş, tebigy çagyl, ýuwulan çäge, tebigatyň owadan giňişligi bilen sazlaşýan binagärlikde bezeg üçin ulanylýan but daşy, şeýle hem ýollary, gaçylary, suw bentlerini, kenar goraýjy we beýleki desgalary gurmakda zerur bolan dag daşlaryny öndürmäge ýöriteleşdirilendir.

Kärhananyň çykarýan harytlarynyň sanawynda keramiki kerpiç, üçek örtülýän çerepisa, gips bar.Karbonat hek daşlary çig mal bolup hyzmat edýän hek ýokary islegden peýdalanýar.

Metal profilleri, plastmass we aýna süýümli turbalary çykarmagyň möçberleri artdy. Ýurdumyzyň tebigy serişdeleriniň baý gorlary keramzidiň önümçiligini artdyrmaga mümkinçilik berýär. Balkan welaýatynda Ýagman käninden alynýan argillit onuň esasyny emele getirýär. Jebel şäherçesinden uzak bolmadyk ýerde çerepisa we kaolin zawodlary işleýär.

2017-nji ýylda Lebap welaýatynyň Magdanly şäherinde ýerli çig maldan bezeg materiallaryny öndürmek boýunça kärhananyň gurluşygy başlandy.Onuň ulanmaga berilmegi bilen otaglary timarlamak üçin gury garyndylaryň ýylda 100 müň tonnasyny we gipsokartonyň 12 million inedördül metrini çykarmk maksat edinilýär.

Gipsokarton serişdeleri (“alçipan”) örän berk bolup, asla zaýalanmaýar.Gipsokarton profilleri, diwar hökmünde ulanmaga niýetlenen gipsokarton, çyglyga garşy durnukly gipsokarton uly islegden peýdalanýar.Bu önümleriň öndürilmegi ýurdumyzyň gurluşykçylarynyň islegini köp derejede kanagatlandyrmaga mümkinçilik berip, daşary ýurtlardan getrrilýän harytlaryň ornuny tutýan harytlary öndürmegiň bir ugry bolar.

Ýerli çig mal esasynda täze önümçilikleri--örän inçe bazalt süýümini hem-de ondan taýýarlanylýan ýylylyk saklaýan we kompozit gurluşyk serişdelerini çykarýan önümçilikleri döretmek boýunça çäreler görülýär.Bu önümlere diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, daşary ýurtlarda-da, uly isleg bildirilýär.

Berkligi, ýeňilligi, örän pes temperaturalara, poslama, aşgarlamanyň we kislotanyň täsir etmegine garşy durnuklylygy sebäpli, bazalt süýümi hem-de çykarylýan ses geçirmeýän we ýyllylygy saklaýan serişdeler häzir örän giňden ulanylýar.

Bu önümleri ulanmagyň möhleti 100 ýyldan gowraga barabardyr.

Ýurdumyzyň haryt öndürijilerine goldaw bermek baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzda ýokary hilli senagat önümleriniň giň görnüşlerini çykarmak boýunça kärhanalar we bölümler açylýar. Bu bolsa özümizde öndürilen harytlar bilen içerki bazary doldyrmak wezipelerine laýyk gelýär.

Ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin täze pudak—elektron we elektrotehniki harytlaryň önümçiligi daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan harytlary öndürmek ugruna degişli ägirt uly täsire eýedir. Bu senagat ulgamyny ösdürmekde, esasan ýerli çig maly we öňdebaryjy tehnologiýalary peýdalanmaga ugur alýan ýurdumyzyň telekeçilerine uly orun berilýär.

2020-nji ýyla çenli degişli döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Senagat ministrligi, Ylymlar akademiýasy, Energetika ministrligi hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan öňdebaryjy ýokary öndürijilikli enjamlar we innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan degişli ugurly bilelikdäki kärhanalaryň ulgamyny döretmek boýunça işler işjeň alnyp barylýar.

2006-njy ýylda bu ugurda ilkinji anyk ädimler ädildi.Senagat ministrliginiň “Türkmenmaşyngurluşyk” döwlet konserni we “Sowatly gurluşyk” hojalyk jemgyýeti tarapyndan döredilen “Elektron ylhamy” hojalyk birleşiginiň kärhanasynyň desgalarynyň birinde kuwwatlylygy 63 kWA-dan 1000 kWA çenli bolan kiçi transformator beketleriniň toplumlaryny çykarmak özleşdirildi.

Döwlet konserniniň we “Tehniki serişdeleriniň serwisi” hojalyk birleşiginiň bilelikdäki kärhanasynda—“Senagat tehnologiýalary” AGPJ-de awtomatika degişli serişdeleri, hususan-da, “toch screen” maglumat elektron tablolaryny, şeýle hem köçeleriň salgylaryny görkezijileri çykarmak ýola goýuldy.

Olar Gün energiýasynda awtomatik ýagdaýda işleýär.

“Jahan elektronik” HK-sy bilen bilelikdäki “Elektronik senagaty” kärhanasynyň ulanmaga tabşyrylmagy bilen, döwrebap elektrik abzallaryň beýleki görnüşlerini çykarmaga mümkinçilik döredi.

2017-nji ýylda durmuşda ulanylýan tehnikalara degişli önümler--gaz we elektrik enjamlar, elektrik bişirijiler, kiçi elektrik tolkunlarda ýyladyjylar, tozan sorujylar, ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli senagat harytlarynyň hataryny artdyrdy. “Türkmenmaşyngurluşyk” konserniniň bilelikde gatnaşmagyndaky “Hojalyk harytlary” HB-niň kärhanasynda bu önümleriň ýygnalmagy bu ulgamda şol önümleri daşary ýurtdan getirmegiň möçberlerini azaltmaga mümkinçilik berer, ilatyň köpçüligiň isleg bildirýän harytlaryna bahalar boýunça elýeterliligi üpjün eder.

Konserniň we “Täze zaman gurluşykçy” HK-synyň bilelikdäki kärhananyň hukuklarynda “Aýdyň gijeler” HJ kuwwatlylygy 3-den 24 watta çenli bolan swetodiodly ýagtylandyryjy LED lampalaryň umumy möçberinde ýylda 8 440 müň sanysyny çykarmagy ýola goýdy.

Häzir her gün önümiň 17-24 müň sanysy çykarylýar.Bu önümler ýagtylygyň örän ýokary netijeli hem-de ekologiýa taýdan arassa çeşmeleriniň biridir. Ýerli serişdeleriň hasabyna alynýan esasy çig malyň önümçilikde 80 göterime golaýynyň peýdalanylýandygyny nazara alanyňda, önümleriň bahasy daşary ýurtlardan getirilýän şonuň ýaly önümlerden iki esse arzandyr.

Geçen ýyl şeýle yşyklandyryjylaryň 2 million sanysyndan gowragy ilata satyldy.

Aşgabat elektrotehniki zawodynyň binýadynda elektrik hasaplaýjy enjamlary ýygnamak boýunça täze önümçilik bölümi açyldy. Bu ýerde eýýäm bu önümiň ilkinji nusgalary taýýarlanyldy, geljekde bolsa 180 müň abzalyň yzygiderli önümçiligi ýola goýlar.

Özümizdäki çig mal serişdeleriň hasabyna ýokary hilli önümleriň gerimini täzelemek maksady bilen, ikinji gezek gaýtadan işlenen önümleriň önümçiligini hem açmak maksat edinilýär. “Türkmendemirönümleri” döwlet kärhanasy we “Berk menzil gurluşyk” hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda döredilýän “Türkmen senagat önümleri” diýen täze kärhana birinji tapgyrda awtomobilleriň ulanylan teker daşlyklaryndan her ýylda 900 tonna rezin böleklerini we 324 müň inedördül metr izogamm, şeýle hem 744 tonna alýumin profillerini hem-de 360 tonna daşy örtülen mis simlerini çykarar.

Ikinji tapgyrda, dürli görnüşli metal önümleriniň 30 müň tonnasyny yzygiderli önümçilige goýmak maksat edinilýär.

Dokma senagatynyň toplumlaýyn ösdürilmegi hem daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan harytlary öndürmek we eksport ugurly harytlaryň öndürilişini artdyrmak boýunça strategiki wezipeleriň çözülmegine gönükdirilendir. Dokma senagaty ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ýerleşen ýetmiş töweregi kärhanalarynyň bolmagy bilen ýokary tehnologiki kuwwata hem-de egsilmejek çig mal serişdelerine eýedir.

Pudagyň giň möçberli diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegine hem-de döwrebaplaşdyrylmagyna, kärhanalaryň öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilmegine ägirt uly maýa goýum serişdeleriniň gönükdirilmegi netijesinde ýurdumyzyň önümleriniň hili ýokarlanýar we görnüşi artýar. Şol önümler daşary ýurtly önüm öndürijileriň harytlary bilen mynasyp bäsdeşlik edýär.

Häzirki wagtda pudagyň önümçilik binýadynyň esasyny Merkezi Aziýadaky iri toplumlar, şeýle hem pagta egriji, dokma, tikin fabrikleri düzýär. Olaryň kuwwaty 192 müň tonna dürli görnüşli nah ýüplükleri, 218 million inedördül metr ýokary hilli nah we beýleki matalary, 11 müň tonna trikotaž önümlerini, 7,2 müň tonna tüýjümek matany, taýýar tikin önümleriniň 100 million sanyny çykarmaga ukyplydyr.

2017-nji ýylyň jemleri dokma senagatynyň okgunly ösýändigine şaýatlyk edýär. Kärhanalar boýunça önümçilik meýilnamasy 117,1 göterim ýerine ýetirildi, umumy ösüş depgini 6,6 göterime barabar boldy. Hususan-da, bu görkeziji nah ýüplügi çykarmakda 3,5 göterime, taýýar tikin we trikotaž önümlerini öndürmekde 17,3 göterime barabar boldy.

Munuň özi ýurdumyzyň içindäki isleglerden ep-esli ýokarydyr döwletimizde öndürilýän dokma önümleriniň 70 göterimi eksportuň esasy bölegini düzüp, özüniň ekologiýa taýdan amatlylygy, ýokary hilliligi hem-de ajaýyp bezegi bilen daşary ýurtly sarp edijileriň ünsüni çekýär. Olar bütin dünýä belli “Ikea”, “Puma”, “Wal-Mart”, “Lidl”, “Bershka”, “Polo & Bear”, “River Island` we beýleki kompaniýalaryň nyşanlary astynda öndürildi.

2017-nji ýylda özleşdirilen, eksport ugurly önümleriň görnüşleriniň hatarynda Kakanyň “Serdar” pagta egriji fabriginde çykarylyp başlanan aýratyn nah ýüplük bar. Bu ýerde ýylda 1 müň 300 tonna önüm öndürýän önümçilik sehi işläp başlady. Ol tüýjümek we trikotaž hem-de beýleki matalary öndürmek üçin niýetlenendir.

Aşgabadyň dokma toplumynyň binýadyndaky kärhanada çykarylýan regenirlenen süýüm hem biziň ýurdumyz üçin täzelikdir. Dokma önümçiliginiň galyndylaryny regenirlemek boýunça täze önümçilik ulgamy eýýäm ýakyn wagtda ýylda 5 müň tonna önüm öndürmäge mümkinçilik berer. Bu önüme daşary ýurtlaryň ençemesinde, şol sanda Türkiýede, Hytaýda we beýlekilerde uly isleg bildirilýär.

Ýüpekçilik pudagy hem geljegi uly ugurlaryň biri bolup durýar, däp bolşy ýaly, türkmen halkynyň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde onuň ösdürilmegine uly üns berilýär. Ýurdumyzda her ýyl öndürilýän piläniň möçberleri artdyrylýar, ýokary hilli türkmen ýüpeginiň hem-de ondan taýýarlanylýan taýýar önümleriň görnüşleri giňeldilýär.

2017-nji ýylda ýöriteleşdirilen kärhanalary gymmatly çig mal bilen üpjün etmek üçin sebitler boýunça jemi 2 müň 30 tonna pile öndürildi.Muňa pile tohumlarynyň önümçiliginiň döwrebaplaşdyrylmagy boýunça görlen çäreler ýardam etdi. 2016-njy ýylda Lebap welaýatynyň “Welaýatýüpek” birleşiginiň garamagyndaky Türkmenabat şäheriniň gurçuk tohumyny öndürýän kärhanasynyň durky doly täzelenenden soň, onuň doly önümçilik kuwwatyna çykmagy bilen her ýyl ýurdumyzyň howa şertlerine has uýgunlaşan ýüpek gurçugynyň tohumynyň 700 kilogramdan gowragyny öndürmäge ukyplydyr.

Häzirki wagtda Aşgabadyň ýüpekçilik fabrigi hem-de Türkmenabadyň önümçilik ýüpekçilik birleşigi ýaly kärhanalarynyň durkunyň doly täzelenmegi netijesinde sarp edijileriň buýurmalary boýunça hem-de ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýän islendik möçberdäki ýüpek ýüplügini öndürmäge ukyplydyr.

Paýtagtymyzdaky kärhananyň ýyllyk kuwwaty matalary öndürmekde ulanylýan ýüpek sapaklaryň 79 tonnadan gowragyny öndürmäge barabardyr. Fabrikde öndürilýän ajaýyp ýüpek halylary, keteni matalary we gyňaçlary daşary ýurtly hem-de ýurdumyzyň sarp edijileriniň uly isleginden peýdalanýar.

Türkmenabadyň ýüpek birleşigi arassa ýüpekden matalaryň we tikin önümleriniň dürli görnüşlerini çykarmak bilen, möhüm buýurmalary ýerine ýetirmek türkmen hünärmenleri tarapyndan işlenip taýýarlanylan “baýdak” matasyndan Döwlet baýdaklaryny taýýarlamak bilen meşgullanýar.

Ýüpek süýümi Ruhabadyň paýtagtymyzyň panbarhat matasyny öndürýän fabriginiň bökdençsiz işlemegini üpjün edýär. Bu owadan mata bütin dünýäde zenanlaryň arasynda uly meşhurlyga eýedir. Kärhanada ýüpek çig malyny ilkinji gezek gaýtadan işlemekden başlap, dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary hilli ahyrky önümleri öndürmäge çenli doly önümçilik ulgamy takyk ýola goýuldy.

Häzirki döwürde ýüpegi gaýtadan işleýän kärhanalaryň önümleriniň diňe bir ýurdumyzyň dokma pudagynyň dokma we tikinçilik ulgamlarynda däl, eýsem, beýleki ugurlarda hem uly isleg döredýändigi has äşgär ýüze çykýar.Dürli reňkli we köp öwüşginli ýüpek ýüplüklerine hem-de sapaklaryna islegleriň ep-esli artmagy hususy kärhanalarda elde dokalýan halylaryň, soňky ýyllarda okgunly ösýän amaly-haşam sungatynyň önümleriniň, mysal üçin, milli nagyşlaryň we keşdeleriň öndürilmegi bilen şertlendirilendir.

Dokma pudagynyň kärhanalarynyň işiniň esasy ugry ýurdumyzda bedenterbiýäni we ýokary netijeli sporty ösdürmek baradaky döwlet maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde lybaslary taýýarlamak bolup durýar. Türkmen türgenleriniň iri milli we halkara ýaryşlaryna gatnaşmagy üçin degişli nyşanlary we milli aýratynlyklary bolan gelşikli geýimleri taýýarlamak baradaky ýörite buýurmalar ýerine ýetirilýär.

Ägirt uly “Aşgabat 2017” taslamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde giň möçberli işler geçirildi.Paýtagtymyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny üstünlikli geçirmek, sport döwleti hökmünde ýurdumyzyň abraýyny has-da artdyrmak maksady bilen, pudagyň kärhanalary tarapyndan hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanylan V Aziýa oýunlarynyň nyşanlary bolan lybaslar we degişli serişdeler, sportuň dürli görnüşleri üçin milli lybaslaryň toplumlary taýýarlanyldy. Ýurdumyzyň dizaýnerleri tarapyndan işlenip taýýarlanylan, Oýunlaryň açylyş we ýapylyş dabaralary üçin baýramçylyk lybaslarda, milli ýygyndy toparlarymyz, meýletin ýardamçylar we degişli işgärler üçin ýurdumyzda taýýarlanylýan lybaslarda milli bezeg aýratynlyklary bilen häzirki zaman ýörelgeleri utgaşdyrylýar.

Türkmen halyçylyk sungaty ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň okgunly ösýändigini görkezýär. Bu sungat gözbaşyny halkymyzyň gadymdan gelýän ruhy we maddy medeniýetiniň däplerinden alyp gaýdýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän maksatnamalaýyn syýasaty netijesinde milli mirasymyzy goramaga we ösdürmäge, halyçylyk pudagynynyň işini kämilleşdirmäge, halkymyzyň ruhy we maddy medeniýetiniň gadymy däplerini ösdürmäge döwlet tarapyndan uly goldaw berilýär.

Ajaýyp çeper senetkärçiligi giňden wagyz etmek, ajaýyp gözelligi bolan gadymy matalaryň nusgasyny saklamak maksady bilen, ýurdumyzyň halyçylyk pudagynyň önümçilik düzümi döwrebaplaşdyrylýar. Ozal hereket edýän fabrikleriň we önümçilik sehleriniň binýadynda täze bölumler açylýar we ozal bar bolanlarynyň durky täzelenýär. Olarda netijeli zähmet we ussat halyçylaryň döredijilik ukyplaryny açyp görkezmekleri üçin ähli şertler döredilýär.

Türkmenistanda iri Halajyň çeper halyçylyk kärhanasynyň önümçilik binýady giňeldilýär.Lebap welaýatynda hereket edýän kärhananyň düýpli döwrebaplaşdyrylmagynyň barşynda goşmaça täze önümçilik sehi guruldy.Umumy meýdany bir müň inedördül metre barabar bolan desganyň taslama kuwwatyna çykmagy bilen arassa ýüň ýüplükden dokalýan haly önümleriniň möçberleri häzirki wagtdakysyndan her ýylda 1500 inedördül metr artdyrylar. Şeýle hem bu ýerde äpet halylary dokamak göz öňünde tutulýar.

Munuň üçin kärhananyň ussahanalarynda has kämilleşdirilen we halyçylaryň zähmetini ýeňilleşdirýän degişli gurnamalar işlenip taýýarlanylýar.

Mundan başga-da, halyçylygyň döwrebap senagat tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda “Abadan haly” açyk paýdarlar jemgyýeti kärhanasynyň önümleri ilatymyza uly isleg döredýär. Bu kärhana ýüňden hem-de emeli süýümden dürli önümleri, şol sanda pudaklaýyn edaralaryň we guramalaryň buýurmalary boýunça önümleri çykarýar.

Geçen ýyl pudagyň işini kämilleşdirmek, haly önümleriň öndürilişiniň netijeliligini artdyrmak hem-de daşary ýurtlara iberilýän milli önümleriň möçberlerini ýokarlandyrmak maksady bilen, düzümleýin üýtgetmeler girizildi. Onuň barşynda “Türkmenhaly” döwlet birleşigi önümçilik birleşigi hökmünde Dokma senagaty ministrliginiň garamagyna berildi. Şeýle hem ýurdumyzda amala aşyrylýan döwlet edaralaryny hususylaşdyrmak maksatnamasynyň çäklerinde halyçylyk kärhanalarynyň birnäçesini hususy ulgama bermek göz öňünde tutuldy.

Ýöritleşdirilen halkara sergileri hem dokma senagatynyň gazanýan üstünliklerini görkezýär. Forumlar dokma önümlerini öndürýän we iň täze tehnologiýalary hödürleýän dünýäniň esasy kompaniýalarynyň we firmalarynyň ünsüni özüne çekýär. Olar türkmen dokmaçylary bilen işjeň hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge çalyşýarlar.

Mundan başga-da, ýurdumyzda öndürilýän senagat harytlaryny dünýä bazarlarynda giňden wagyz etmek maksady bilen, ýurdumyzyň dokma we haly önümleri daşary ýurtlarda geçirilen dürli gözden geçirişlerde görkezildi.Olaryň hatarynda, Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astanada geçirilen, “Geljegiň energiýasy” mowzugyna bagyşlanan “EKSPO-2017” halkara sergisi, Belarus Respublikasynyň paýtagty Minsk şäherinde geçirilen “BelTexIndustry 2017” ýeňil we dokma senagatynyň önümlerini lomaý ýerlemek boýunça 41-nji halkara sergi ýarmarkasy bar.

Türkmen önümleriniň ýöriteleşdirilen ýarmarkalary Kazan (Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy), Duşenbe (Täjigistan Respublikasy) hem-de Er-Riýad (Saud Arabystany Patyşalygy) üstünlikli geçirildi.

Uly maýa goýumlary gönükdirilýän balyk senagatynyň ösdürilmegi milli ykdysadyýetimiziň eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge hem-de azyk ulgamyny pugtalandyrmaga ýardam berýär.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan bu pudagyň ösdürilmegine ilkinji derejeli üns berilýär.

Soňky ýyllarda pudagyň hojalyk kärhanalarynyň hil taýdan täzelenmegi hem-de enjamlaşdyrylmagy, täzeçil tehnologiýalar esasynda täze iri senagat kärhanalarynyň döredilmegi netijesinde balyk tutulmagynyň möçberi yzygiderli artýar, şeýle hem balyklary emeli usulda ýetişdirmäge hem-de howdanlardaky balyklary köpeltmäge, balyk önümleriniň giň görnüşli önümçiligini artdyrmaga we ýokary hilli gaýtadan işlemäge gönükdirilen çäreleriň netijeliligi ýokarlanýar.

Pudagyň üstünlikli ösüşi 2015-nji ýylda Merkezi Aziýa sebitinde iň iri kärhananyň, bekre balyklary ýetişdirmek, gara işbil we balyk önümleri toplumyň —ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Hazar balyk açyk paýdarlar jemgyýetiniň açylmagy bilen hem baglanyşyklydyr.

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde bekre balyklaryny emeli ýol bilen ýetişdirmek we balyk önümlerini öndürmek boýunça ýene bir önümçilik toplumynyň gurluşygy baradaky çözgüt içerki bazary doly üpjün etmek maksady bilen, ýokary hilli balyk önümleriniň mukdaryny hem-de görnüşlerini mundan beýläk hem artdyrmak wezipesi bilen şertlendirilendir.

Emeli howdanlarda ýetişdirilýän balyklaryň möçberini artdyrmak hem-de içerki howdanlaryň we kölleriň balyk gorlaryny yzygiderli ýokarlandyrmak üçin 2017-nji ýylda Ahal welaýatynyň inkubator sehlerinde işbilden liçinkalary almak boýunça ýokary netijeler gazanyldy.

Soňky ýyllarda Lebap welaýatynda hem-de Mary şäherinde işe girizilen balyk önümlerini saklamak üçin niýetlenen täze desgalar, gaýtadan işleýji pudaklaryň toplumlaýyn ösüşiniň hem-de ýokary hilli azyk önümleriniň öndürilişiniň çäklerinde balyk senagatynyň depginli ösmegine gulluk eder.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň halk hojalygy toplumyny senagatlaşdyrmak strategiýasynda, gaýtadan işleýji senagatyň gazanan üstünlikleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň okgunly ösüşiniň aýdyň mysaly bolup durýar.

Ýene degişli makalalar

28-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
RDÝ-niň wekili Moskwa Aşgabat ýolagçy gatnawyny täzeden ýola goýmagyň tarapdary
Azyk önümlerini öndürýän AGPJ-leriň birnäçesini Azyk senagaty döwlet birleşiginiň garamagyna bermek teklip edildi
Demirýollary AGPJ halkara ýükleriň üstaşyr geçiriliş wagtyny gysgaltdy
Türkmenistan Hytaý söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegi meýilleşdirýär
Türkmenpoçta PAK we Demirýollary AGPJ Türkmenistanda ýük daşamalaryny ýeňilleşdirýär