Watanymyzyň taryhyna röwşen sahypa bolup giren 2017-nji ýyl köp sanly möhüm wakalara baý boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasy kabul edildi. Şol maksatnama laýyklykda, obasenagat önümçiliginde hem hil taýdan okgunly ösüş gazanmaly, ýurdumyzyň jemi içerki önüminde oba hojalyk önümleriniň paýyny ep-esli artdyrmaly.
Obasenagat toplumynda döwletimiziň azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmaga, milli ykdysadyýetimiziň eksport kuwwatyny artdyrmaga, ilatyň azyk harytlaryna hem-de senagatyň çig mala bolan islegini kanagatlandyrmaga, sebitleri hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilip amala aşyrylýan özgertmelere täze depgin berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kesgitlenilen ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda oba hojalygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, önümçilik, guşçulyk, maldarçylygyň et we süýt önümçiligini, oba hojalyk ulgamynyň azyk we beýleki pudaklaryny depginli ösdürmek ýaly wezipeler bar. Oba hojalygynyň dolandyrylyşyny hem-de düzümleýin özgerdilmegini kämilleşdirmek, ýer we suw serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmak, daşky gurşawy goramak maksady bilen anyk çäreler görülýär.
Türkmenistanda obasenagat toplumyny döwlet tarapyndan goldamagyň bitewi ulgamy işlenip taýýarlanyldy we netijeli hereket edýär.Onuň esasy ugurlarynyň biri maýa goýmakdan ybaratdyr. Şol maýa goýumlar obasenagat toplumynyň hem-de hyzmat ediş pudaklarynyň düzümini döwrebaplaşdyrmaga, tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmaga, şol sanda oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýji kärhanalary, mineral dökünleri öndürmek boýunça zawodlary gurmaga gönükdirýär. Ýerleri suwlulandyrmaga we işläp bejermäge, tohumçylygy, ylmy we seçgiçiligi ösdürmäge, öňdebaryjy serişde tygşytlaýjy tehnologiýalary, iň täze ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary ornaşdyrmaga uly maliýe serişdeleri bölünip berilýär.
Şonuň bilen birlikde, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki milli maksatnamanyň” durmuşa geçirilýän ýyllarynda diňe bir önümçilik ulgamy däl, eýsem, durmuş düzümleri hem ösüşiň täze depginine eýe boldy.
Oba adamlarynyň durmuşy ýyl-ýyldan barha kämilleşýär, olaryň durmuş hal-ýagdaýy ýokarlanýar. Ýaşaýşynyň hili we derejesi boýunça oba şähere barha ýakynlaşýar.
Oba hojalyk önüm öndürijileri üçin döwlet kömek pullary hem-de salgyt ýeňillikleri hakyky höweslendiriji bolup hyzmat edýär, hususan-da, oba hojalygy bilen meşgullanýanlara ýer üçin tölegiň iň pes möçberi kesgitlendi, olar salgyt tölemekden doly boşadyldy. Tehnika, tohum, mineral dökünler, ösüş suwy we hyzmatlaryň beýleki görnüşleri bilen üpjün etmek hem kärendeçilere we daýhan birleşiklerine ýeňillikli şertlerde amala aşyrylýar.
Mundan başga-da, oba hojalyk taslamalaryna ýeňillikli karz bermegiň ulgamy giňden peýdalanylýar. Şol taslamalaryň durmuşa geçirilmegi üçin ministrliklere, pudak edaralaryna we kärhanalara, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna hem-de daýhan hojalyklaryna zerur bolan ýer bölekleri bölünip berilýär.
Mysal üçin, geçen ýylyň mart aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Şol resminama laýyklykda, daýhan birleşiklerine, daýhan hojalyklaryna, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetlerine, oba hojalyk ylmy-barlag institutlaryna, mülkdarlara, kärendeçilere, hususy telekeçilere — oba hojalyk önümlerini öndürijilere hem-de döwlete degişli bolmadyk ýuridiki taraplara ýeňillikli karz bermäge banklara ygtyýar berildi.
Bu karz pullar oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny we serişdelerini, suw tygşytlaýjy tehnikalary, enjamlary, suwaryşda ulanylýan turbalary satyn almaga ýyllyk 1 göterim şertinde 10 ýyl möhlete berilýär. Ýyllyk 5 göterim şertinde 10 ýyl möhlete çenli bolan ýeňillikli karzlary maldarçylygy we guşçulygy ösdürmek, gaýtadan işlemek we hyzmatlary ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak, şeýle hem esasy serişdeleri we emlägi edinmek üçin almak bolýar.
Birnäçe ýylyň dowamynda oba hojalyk önümçiliginde binýatlyk görkezijileriň ösüşi hasaba alynýar.Ine, 2017-nji ýylda obasenagat toplumy boýunça önüm öndürmegiň, işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmegiň möçberleriniň ösüş depgini 103,8 göterime deň boldy. 2016-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, unuň öndürilişiniň möçberi 4,2 göterim, makaron önümleriniň öndürilişiniň möçberi 5,3 göterim, etiň öndürilişi 1,1 göterim, ýumurtganyň öndürilişi 7 göterim, bakja önümleriniň öndürilişi 4,2 göterim, miweleriň we gök önümleriň öndürilişi 1,1 göterim ýokarlandy.
Geçen ýyl ýer eýeleri Watan harmanyna saýlama bugdaýyň 1 million tonnadan gowragyny hem-de pagta çig malynyň bir million 100 müň tonnadan gowragyny tabşyrdylar.Olar bellenen möhletlerde güýzlük bugdaýyň ekişini geçirip, geljekki hasylyň oňat esasyny tutdular. Ýurdumyzyň bugdaý ekilen meýdanlary 760 müň gektar meýdany tutýar. Şonça meýdandan 2018-nji ýylda daýhanlar 1 million 600 müň tonna bugdaý, şol sanda Ahal welaýatynda 450 müň tonna, Mary welaýatynda 380 müň tonna, Lebap welaýatynda 350 müň tonna, Daşoguz welaýatynda 300 müň tonna we Balkan welaýatynda 120 müň tonna bugdaý ýygnap almagy maksat edinýärler.
“John Deere W540” we “TUCANO 430” (“CLAAS”) däne ýygyjy kombaýnlar, “John Deere 9970” pagta ýygyjy kombaýnlar, ýer sürüji “John Deere 8245R” traktorlary, “AXOS 340 CX” (“CLAAS”) köpugurly traktorlar we beýleki täze döwrebap tehnikalar bugdaý oragy, pagta ýygymy we ekiş möwsümlerinde meýdanlara çykarylyp, oba hojalykçylar üçin oňat goldaw boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2016-njy ýylyň dekabrynda gol çeken Kararyna laýyklykda, Oba we suw hojalygy ministrligi oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny, läbik sorujylary hem-de olar üçin ätiýaçlyk şaýlary we sarp ediş serişdelerini 2017 — 2020-nji ýyllarda üç tapgyrda Türkmenistana getirmek şertinde satyn almak barada “Umax Trade GmbH” (Germaniýa Federatiw Respublikasy) we “John Deere International GmbH” (Şweýsariýa Konfederasiýasy) kompaniýalary bilen şertnamalary baglaşdy.
Mundan başga-da, Özbegistandan Daşkendiň oba hojalyk tehnikalary zawodynda çykarylýan “MX-1,8” kysymly pagta ýygyjy kombaýnlaryň 500-si satyn alyndy.
Zähmetiň ýokary derejede mehanizasiýalaşdyrylmagy we awtomatizasiýalaşdyrylmagy oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini hem-de daýhanlaryň durmuşynyň hilini ýokarlandyrmagyň möhüm ugrudyr. Bu ulgamda maksada gönükdirilen çäreler obada işçi hünärleriniň abraýyny galdyrmaga, ýaş işgärleri işe çekmäge hem-de ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga mümkinçilik berdi.
Häzir ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda tarp ýerler özleşdirilýär.Bugdaý we pagta bilen bir hatarda ýeralma, şugundyr, şaly, mekgejöwen, mäş, nohut, künji, arpa, dary, beýleki gök önüm we däne ekinleri, şeýle hem gawun we garpyz ýetişdirmek üçin ýerler bölünip berilýär, täze baglyklaryň we üzümçiligiň düýbi tutulýar.
Bularyň ählisi oba hojalygyny tehniki taýdan enjamlaşdyrmagyň derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagy talap edýär, döwrebap tehnikalara, käbir tehnologiki işleri mehanizasiýalaşdyrmagyň we awtomatizasiýalaşdyrmagyň serişdelerine bolan islegi şertlendirýär.Türkmenistanyň oba hojalyk ulgamynyň köpugurly häsiýetini nazarda tutanyňda, ýer eýelerine oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň dürli görnüşleriniň onlarçasy zerurdyr.
Innowasion esasda obasenagat toplumynyň inženerçilik-tehniki üpjünçiliginiň meselelerini çözmek bilen gowulandyrylan iş häsiýetnamalary bolan iň täze kysymly tehnikalary satyn alyp, döwletimiz, şol sanda meýdan işlerini has oňaýly agrotehniki möhletlerde hem-de ýokary hilli geçirmegiň hasabyna oba hojalyk önümleriniň öndürilişiniň möçberlerini durnukly köpeltmek üçin şertleri döredýär.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan oba hojalykçylaryň öndürijiligini hem-de hünär derejesini artdyrmak, olaryň zähmet şertlerini gowulandyrmak meselelerine uly üns berilýär.
Ýurdumyzyň ýüpekçileri geçen ýyl möhüm zähmet ýeňşini gazandylar. Olar döwlete 2 müň 40 tonna golaý pile tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdiler.
Ýurdumyzyň ýüpekçilik pudagy milli ykdysadyýetimiziň bazar gatnaşyklaryna depginli geçýän şertlerinde özüniň bäsleşige ukyplylygyny artdyrýar. Tut agaçlaryny ösdürip ýetişdirmekden, gurçuklary iýmitlendirmekden başlap, piläniň, soňra bolsa ýüpek çig malynyň alynmagyna hem-de taýýar önümiň çykarylmagyna çenli ýüpek önümçiliginiň ähli düzümleriniň işleri döwrebap talaplara laýyklykda ýola goýuldy.
Oba hojalyk işewürligine, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ýerini tutup bilýän önümleri öndürmek hem-de Türkmenistanda öndürilýän eksport önümleriniň möçberlerini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyna ykdysadyýetiň hususy ulgamynyň wekilleri işjeň goşulyşýarlar.
Hususan-da, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalary tarapyndan geçen ýyl 2 milliard 287,2 million manatlyk oba hojalyk we azyk önümleri öndürildi. Munuň özi 2016-njy ýyldakydan 73,7 göterim köpdür.
Soňky ýyllaryň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde welaýatlarda iri un üweýän, maldarçylyk, guşçulyk we ýyladyşhana toplumlary guruldy. Olarda baý öňdebaryjy tejribelere daýanýan täze tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Döwlet-hususy gatnaşyklaryň çäklerinde oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän we tebigy serişdelerden ýokary hilli azyk önümlerini taýýarlaýan onlarça kärhanalar guruldy. Bu ugurdaky işler yzygiderli dowam edýär.
Geçen ýylda Daşoguz welaýatynyň çäginde ýerleşýän “Döwletli” daýhan birleşiginde täze ýyladyşhana hojalygy peýda boldy. Bu iri toplum ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Altyn gala gurluşyk” hususy kärhanasy tarapyndan guruldy. 4 gektar meýdany bolan ýyladyşhanadan bir ýylda 800 tonna pomidor almak meýilleşdirilýär. Şeýle hem bu ýerde ýerli we daşary ýurtlardan getirilen tohumlar ýyladyşhana şertlerinde ýetişdirilýär.
Mary şäherinde gök önümleriň 3 müň tonnasyny saklamaga niýetlenen döwrebap sowadyjy ammar ulanylmaga berildi. Täze toplum Azyk senagaty döwlet birleşiginiň buýurmasy esasynda ýerli hususy gurluşyk kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan guruldy we ol Germaniýa, Gollandiýa, Türkiýe ýaly öňdebaryjy önüm öndürijileriň ýöriteleşdirilen enjamlary bilen üpjün edildi.
Ammarda ulanylýan kompýuterleşdirilen sowadyjy ulgamyň işi netijesinde bu ýerde saklanýan önümleriň we miweleriň görnüşlerine laýyklykda 23 sowadyjy kameralarda howanyň ýagdaýy we çyglylygy oňyn derejede saklanýar. Sogan we ýeralma üçin niýetlenen desgalar aýratyn wentilýasiýa ulgamy bilen enjamlaşdyryldy. Munuň özi önümleriň bazarlyk görnüşini we hilini uzak wagtlap saklamaga mümkinçilik berýär.
Toplumda önümleri saýlamak we gaplamak üçin üç sany awtomatlaşdyrylan ulgam hereket edýär. Ähli ammarlar tekjeler we önümleri hem-de miweleri saklamak üçin niýetlenen gaplar bilen üpjün edildi. Sarp edijilere önümleri ugratmak we eltip bermek üçin ýükçi-elektrokarlar hem-de dürli ýükgöterijiligi bolan awtorefrižeratorlar bar.
Şeýle hem toplumyň çäginde döwrebap tehniki serişdeler bilen üpjün edilen edara binasy bolup, onda Mary welaýatynyň “Miwe” oba hojalyk senagat birleşigi ýerleşýär. Bu ýerde ammara getirilýän hem-de söwda merkezlerine, bazarlara ugradylýan ter önümleriň we miweleriň hilini barlaýan barlaghana hereket edýär.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça her ýylda welaýatyň çäginde iň gowy etrap ýa-da şäher derejesini almak üçin bäsleşik yglan edilýär.Onuň şertlerine laýyklykda etrabyň durmuş-ykdysady we medeni görkezijileri jemlenip alynýar. 2017-nji ýylyň jemleri boýunça şeýle bäsleşigiň ýeňijisi diýlip Mary welaýatynyň Wekilbazar etraby yglan edildi.
Döwlet Baştutanymyzyň buýrugyna laýyklykda, bu etrabyň häkimligi ABŞ-nyň 1 million dollary möçberindäki pul sylagyna mynasyp boldy.
Milli parlamentimiz tarapyndan birnäçe kadalaşdyryş-hukuk namalary kabul edildi.Olaryň hatarynda “Ýer hakynda” Türkmenistanyň Kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanuny bar.Hususan-da, bu resminama oba hojalyk önümlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny bäş ýylyň dowamynda döwlet buýurmasyna laýyklykda ýerine ýetiren daýhanlara ýerleri uzak möhletleýin esasda kärendä bermek, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetlerini döretmek üçin hukuk binýadyny emele getirýär.
Munuň özi diňe bir hususy ýer eýeleriniň däl, eýsem, özbaşdak ýer eýeleriniň, kuwwatly daýhan hojalyklarynyň we birleşikleriniň emele gelmegini şertlendirer.
Mundan başga-da, milli kanunçylygyň üsti “Döwlet ýer kadastry hakynda”, “Däneçilik hakynda”, “Pagtaçylyk hakynda”, “Medeni ösümlikleriň genetik serişdelerini ýygnamak, saklamak we netijeli peýdalanmak hakynda”, “Ekologiýa howpsuzlygy hakynda” ýaly Türkmenistanyň Kanunlary bilen ýetirildi.
2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, ýurdumyzyň suw serişdelerini netijeli peýdalanmak we aýawly saklamak, oba hojalyk önümçiliginiň sazlaşykly ösüşiniň möhüm şerti bolup durýan suwarymly ýerleriň netijeliligini ýokarlandyrmak wezipeleriniň üstünlikli çözülmegi ugrundaky möhüm ädim bolan Türkmenistanyň suw kodeksi herekete girizildi.
Soňky ýyllarda bu ugurda ägirt uly işler ýerine ýetirildi. Ähli ýerde suw tygşytlaýjy tehnologiýa ornaşdyrylýar, täze suw howdanlary gurulýar we ozal bar bolanlary giňeldilýär.Munuň özi ýurdumyzyň suw serişdeleri bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga we olaryň ýeterlik gorlaryny saklamaga gönükdirilendir.
“Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmek hakynda baş maksatnamanyň” we “Türkmenistanda suw serişdelerini netijeli peýdalanmak we 2015 — 2020-nji ýyllarda Garagum derýasynyň suw geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak boýunça işleriň maksatnamasynyň” çäklerinde iri maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu meselelere yzygiderli üns berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Şeýlelikde, geçen ýylda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda ýerli ilaty ýokary hilli agyz suwy bilen üpjün etmäge niýetlenen suw arassalaýjy desgalar toplumy ulanmaga berildi.Oba ýerlerine suw geçiriji ulgamlary çekilen täze toplumyň taslama kuwwaty gije-gündiziň dowamynda 30 müň kub metr suwa barabardyr.
Onuň tehnologik görkezijileri suwy saklamak, süzmek we zyýansyzlandyrmak ýaly, birnäçe arassalaýyş tapgyrlaryny göz öňünde tutýar. Ähli işler kompýuter ulgamy arkaly dolandyrylýar.Toplum onlarça döwrebap sorujy gurnamalar, süzgüçler, energetiki, barlaghana enjamlary we ABŞ, Germaniýa ýaly belli önüm öndürijileriň gurallary bilen üpjün edildi.
Häzirki döwürde iri gidrotehniki desga hasaplanylýan “Altyn asyr” Türkmen kölüniň ikinji nobatdakysynyň gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýar. Drenaž kollektorlarynyň sazlaşykly işi netijesinde ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlaryndan şor suwlar köle akdyrylýar. Munuň özi ýerasty suwlaryň derejesiniň peselmegini, ýerleriň suwaryş ýagdaýynyň gowulanmagyny, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygynyň ýokarlanmagyny, ýerli ösümlik we haýwanat dünýäsiniň baýlaşmagyny şertlendirýär.
Mundan başga-da, dünýäde iň uly çölleriň biri hasaplanylýan Garagumuň merkezinde täze kölüň döredilmegi ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak ýörelgesiniň baş şerti bolup durýar we ol diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, tutuş sebitiň ekologiýa derejesiniň ýokarlanmagyny üpjün edýär.
Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde paýtagtymyzyň we sebitlerdäki ilatly ýerleriň töwereklerinde gök zolaklary, oba hojalyk meýdanlarynyň gorag tokaý çäklerini döretmek, dag arçalarynyň, çöldäki sazaklaryň we kenar ýakalaryndaky ýylgyn zolaklarynyň dikeldilmegi boýunça birnäçe möhüm wezipeler amala aşyrylýar.
Häzirki döwürde Aşgabat baglyk şäher hasaplanylýar.Tomsuň yssy günlerinde hem bu ýerde döredilen gök zolaklar, suw çüwdürimleri, owadan güller gözüňi dokundyryp, ýakymly gurşawy emele getirýär.Arçalaryň, serwileriň tokaýlary, şeýle hem owadan güller oturdylan çäkler paýtagtymyzda özboluşly gözellik döredýär.
Köpetdagyň eteginde saýaly we pürli agaç nahallarynyň çäkleri ýyl-ýyldan giňelýär. Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda bu ýerlerde dürli guşlaryň we beýleki jandarlaryň sanynyň artandygy duýulýar.Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen, seýrek duş gelýän görnüşleri hem bar.
Häzirki döwürde tokaý zolaklary, seýilgähler we gök zolaklary ýurdumyzyň ähli ýerlerinde, hatda çetdäki künjeklerde hem onlarça gektarlara uzaýar.
2017-nji ýylyň köpçülikleýin bag ekmek möwsüminde dürli baglaryň we gülleriň 3 millionynyň ekilendigini aýratyn bellemeli.
Daşky gurşawy goramak babatda halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak tutuş adamzady tolgundyrýan möhüm wezipeleri çözmekde işjeň orun eýeleýän döwletimiziň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň münberinden we Rio-de-Žaneýro şäherinde (Braziliýa) geçirilen “Rio+20” Bütindünýä sammiti, Sendaý şäherinde (Ýaponiýa) geçirilen BMG-niň tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça III Bütindünýä maslahaty we Tegu şäherinde (Koreýa Respublikasy) geçirilen VII Bütindünýä suw forumy ýaly iri halkara maslahatlarda öňe süren başlangyçlary hut şu ugra gönükdirilendir.
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti bilen Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkeziniň bilelikde guran “Merkezi Aziýada daşky gurşawy goramak we durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk üçin başlangyç” atly ilkinji halkara ekologiýa forumy daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä gününe bagyşlandy.
Duşuşyga gatnaşyjylaryň hatarynda ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, beýleki hökümet edaralarynyň ýolbaşçylary, öňdebaryjy hünärmenleri, abraýly halkara guramalaryň, diplomatik edaralaryň, ylmy we işewür toparlaryň, ABŞ-nyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Şweýsariýanyň, Ýaponiýanyň, Belgiýanyň, Wengriýanyň, Çehiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we beýleki döwletleriň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri boldy.
Umumy we ugurdaş mejlisler geçýän wagtynda daşky gurşawy goramak we durnukly ösüş ulgamynda sebit we halkara hyzmatdaşlygyň, suw serişdelerini bilelikde dolandyrmagyň, howanyň ählumumy derejede üýtgemegine uýgunlaşmagyň mümkinçilikleri hakynda düýpli pikir alyşmalar boldy. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekiliýetiniň ýolbaşçylary milli tebigaty goramak strategiýasynyň synlaryny görkezdiler.
BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň we BMG-niň Daşky Gurşawy goramak boýunça maksatnamasynyň, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Bütindünýä bankynyň, BMG-niň çölleşmäge garşy göreş baradaky konwensiýasynyň sekretariatlarynyň, BMG-niň Ýewropa ykdysady toparynyň, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramalarynyň, Merkezi Aziýanyň ekologiýa merkezleriniň, Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň wekilleri öz çykyşlarynda bu ugurdaky maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirmekde bar bolan tejribeleri seljerdiler.
2017 — 2019-njy ýyllarda Araly halas etmegiň halkara gaznasyna Türkmenistanyň başlyklyk etmeginiň konsepsiýasy daşky gurşawy goramagyň we durnukly ösüşiň ähli meseleleri boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagy, sebitiň döwletleriniň iri halkara guramalar, öňi bilen hem BMG, onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi göz öňünde tutýar.
Geçen ýylyň iýunynda Aşgabatda geçirilen “Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Merkezi Aziýa sebitinde hyzmatdaşlygy ösdürmekde ähmiýeti” atly halkara maslahat hem bu meselä bagyşlanyldy.Maslahata Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ekologiýa merkeziniň, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça german jemgyýetiniň, Bütindünýä bankynyň, Aziýa ösüş bankynyň, Ýewropada abatlaýyş we ösüş bankynyň wekilleri, daşary döwletleriň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we beýlekiler gatnaşdylar.
Maslahatyň öňüsyrasynda Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň (AHHG) Ýerine ýetiriji komitetiniň binasynyň açylyş dabarasy boldy.
AHHG-nyň Prezidenti, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 16-njy iýunda Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bu düzümi döretmek hakyndaky Çözgüde gol çekdi.
Maslahatda serhetara suw serişdelerini netijeli we tygşytly peýdalanmak, Araldaky kynçylykly ýagdaýyň netijelerine garşy göreşmäge hem-de Aralyň ýakasynda ekologiýa ulgamynyň heläkçiliginiň öňüni almaga, bioköpdürlüligi aýawly saklamaga we tebigy serişdeleri durnukly ulanmaga, sebitiň halklarynyň ykdysady hem-de durmuş taýdan ösüşine ýardam bermäge gönükdirilen we beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Aral deňzi sebitiniň ýurtlaryna kömek bermek üçin hereketleriň täze maksatnamasyny işläp taýýarlamagyň (PBAM-4), Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň işiniň hukuk esaslaryny pugtalandyrmagyň, Aral deňzi sebiti boýunça bitewi sebitleýin maglumat ulgamyny hem-de maglumatlar binýadyny döretmegiň we beýleki meseleleriň zerurlygy bellenildi.
Mundan başga-da, türkmen paýtagtynda Araly halas etmegiň halkara gaznasyny durnukly ösdürmek boýunça döwletara toparyň nobatdaky mejlisi boldy. Ol Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň işçi guramalarynyň biri bolup durýar.
Ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň goldaw bermeginde Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ekologiýa merkeziniň guramagynda geçen duşuşygyň temasy “Durnukly ösüş we Merkezi Aziýada suw serişdelerini dolandyrmak ulgamlarynda hyzmatdaşlyk” barada boldy.
Duşuşykdan öň AHHG-nyň Ýerine ýetiriji komiteti bilen Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekmek dabarasy boldy.Bu resminama, hususan-da, “Merkezi Aziýada suw serişdelerini serhetara dolandyrmak” atly maksatnamanyň amala aşyrylmagy bilen baglydyr.
Ol suw ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna we iň gowy dünýä tejribesine esaslanýan netijeli gurallary döretmekde sebitiň ýurtlaryna ýardam etmäge gönükdirilendir.
Şeýle hem AHHG-nyň Ýerine ýetiriji komiteti bilen Merkezi Aziýanyň Sebit ekologiýa merkeziniň arasynda Hyzmatdaşlyk hakynda ähtnama gol çekildi. Ol Türkmenistanda “Suw, bilim we hyzmatdaşlyk” (Smart Waters Project) hem-de “Suw — energiýa — azyk” özara baglanyşygyny güýçlendirmek arkaly köpugurly maliýeleşdirmegiň mümkinçiliklerini peýdalanmak boýunça Merkezi Aziýa gepleşikleri” (Nexus) diýen taslamalaryň ýerine ýetirilmegini göz öňünde tutýar.
ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) goldaw bermeginde amala aşyrylýan birinji taslama Aral deňziniň sebiti ýurtlarynda suw hojalygy pudagynyň ýolbaşçylaryny we hünärmenlerini, ylmy işgärleri okatmak, taýýarlamak hem-de hünär derejesini ýokarlandyrmak bilen baglydyr.
Öz nobatynda, Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän hem-de Tebigaty goramak baradaky halkara bileleşik bilen hyzmatdaşlykda RESSA tarapyndan amala aşyrylýan “Nexus” taslamasy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň suw, energetika we azyk howpsuzlygyny üpjün etmegiň meselelerini çözmekde hyzmatdaşlygyny berkitmegi ugur edinýär, bu bolsa ekologiýa bilen gös-göni baglydyr.
Mejlisiň kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti maý aýynda Sankt-Peterburgda geçirilen VIII Newa ekologiýa kongresine gatnaşdy.GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasy, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşi hem-de RF-niň Tebigy serişdeler we ekologiýa ministrligi tarapyndan guralan forum “Ekologiýa aň-bilimi — arassa ýurt” diýen şygar astynda geçirildi.
Onuň esasy temalarynyň hatarynda ekologiýa jogapkärli, “ýaşyl ykdysadyýeti”, önümçilik we sarp ediş medeniýetini, sagdyn durmuş ýörelgesini ösdürmek meseleleri boldy.
“Awaza” mili syýahatçylyk zolagynda “Hazar deňzine — durnukly ösüş we dolandyryş” atly okuw maslahaty geçirildi. Ony ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy Halkara umman instituty bilen bilelikde gurady.
10 günlük okuwa Azerbaýjanyň, Eýranyň, Russiýanyň we ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň we edaralarynyň hünärmenleri, şeýle hem deňiz ykdysadyýeti, syýasaty, dolandyrylyşy, ekologiýa, deňiz hukugy we beýleki hünärler boýunça MIO-nyň ylmy maslahatçylary gatnaşdylar.
“Deňiz giňişliginiň meýilnamalaşdyrylyşy” atly şuňa meňzeş okuwy Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy hem-de Halkara umman instituty bilelikde gurady.
Däbe görä, 12-nji awgustda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň Halkara güni bellenildi.Bu çäre giň jemgyýetçiligiň arasynda Türkmenistanyň uzak möhletleýin geljege gönükdirilen tebigaty goraýyş syýasatynyň wagyz edilmegine, şeýle hem ekologiýa ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyň berkidilmegine we giňeldilmegine, ählumumy durnukly ösüş üçin zerur şertleriň döredilmegine gönükdirilendir.
Onuň maksatnamasyna “Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça gazanylýan üstünlikler” atly ylmy-amaly maslahat, medeni-köpçülikleýin we sport çäreleri girizildi.
Hazar deňzinde ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegine ähmiýet berilmegi Hazaryň aýratyn derejesi bilen baglanyşyklydyr. Örän baý we köp dürli ösümlik we haýwanat dünýäsi bolan, tebigatyň merjeni hasaplanylýan, dünýä ummanyndan aýratyn iri suw howdanynyň goraglylygy döwrüň möhüm meselesi bolup durýar. Şol bir wagtyň özünde Hazar sebiti Ýewraziýa giňişliginde möhüm geosyýasy we ykdysady merkezleriň biri bolup durýar we ol kuwwatly energetika, ulag hem-de aragatnaşyk çatrygyna öwrüldi. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça öňe sürülýän tutuş adamzadyň guwanjy bolan ajaýyp tebigy toplum hökmünde ykrar edilen Hazar deňzinde ekologiýa we tehnogen howpsuzlygyny üpjün etmek üçin hyzmatdaşlygyň netijeli köpugurly guralyny döretmege degişli teklipler örän wajypdyr.
Şeýlelikde, ýurdumyzyň obasenagat toplumy Diýarymyzyň bazarlarynda azyk bolçulygyny, oba ýaşaýjylarynyň durmuş hal-ýagdaýlarynyň barha gowulanmagyny üpjün edip, hil taýdan täze sepgitlere çykýar. Munuň özi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ýurdumyzyň ykdysadyýetinde amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň berýän aýdyň netijesidir.