2014-nji ýylda Ýuwaş ummana gaçan meteoritiň bölekleri başga planetalylaryň gämisiniň galyndylaryny ýatladýar

2014-nji ýylda Ýuwaş ummana gaçan meteoritiň bölekleri başga planetalylaryň gämisiniň galyndylaryny ýatladýar

ABŞ-niň Garward uniwersitetiniň professory Awi Leb Ýuwaş ummanyň düýbünde başga planetalylaryň gämisiniň galyndylarynyň ýatandygyna ynanýar diýip, Argumenty i Fakty DailyMail neşirine salgylanyp habar berýär.

Awi Leb iki hepdäniň dowamynda Ýuwaş ummanynyň Papua-Täze Gwineýanyň töwelereklerindäki 2014-nji ýylda meteorit gaçan ýerini barlady. Professoryň topary ummanyň düýbünde 50 sany metal bölek tapdy. Awi Lebiň özi bu bölekleriň emeli we başga planetaly gelip çykyşynyň bardygyna ynanýar.

Leb onuň meteorit däl-de, başga planetalylaryň gämisidigi hakyndaky çaklamasyny 2017-nji ýylda öňe sürüpdi. Şol wagt hem Oumuamua Gün ulgamynyň çägi boýunça uçup geçen ýyldyzlarara obýektiň üstünden barlypdy. Ilkibada obýekt kometa diýlip atlandyrylypdy, soňra bolsa asteroid diýlip hasaba alyndy. Ol daşky keşbi boýunça hem diski, hem çilimi ýatladýar.

Lebiň bellemegine görä, Papua-Täze Gwineýanyň töwelereklerinden uçup geçen meteorit ozal Ýere düşen we NASA-nyň hasabyna girizilen beýleki kosmiki daşlardan has ýokary çeýelige eýedir. Ýuwaş ummanyň düýbündäki metal bölekleriň hem Ýerde heläkçilik bilen tamamlanan gonuşy amala aşyran başga planetalylaryň gämisi bolmak mümkinçiligi bar.

Mundan başga-da, Oumuamua asteroid däl-de, biziň planetamyza golaý uçup geçen ýene bir başga planetaly gämi diýip, Awi Leb ynanýar.

Ýene degişli makalalar

Fuat Köprüli,türki dünýä boýunça ylmy-barlaglarda täze gözýetim açan alym, ýazyjy, syýasatçy...
ABŞ-nyň iň gymmat uniwersitetleri
Türkmenistanyň çagalary we ýetginjekleri üçin Halkara işewürlik mekdebi MiniBoss elýeterli boldy
Facebook esasy programmasyna wideo we audio jaňlary funksiýasyny goşar
Asyl gulagy dikeldip bolar
Moldowanyň täze hökümeti tassyklandy