Eplenýän smartfonlaryň muşdaklaryny, esasan, onuň ekranynyň berkliginiň näderejedeligi baradaky sowal biynjalyk edýär. Onuň sebäbi düşnükli: eplenýän telefonlar dynuwsyz ulanylanda tiz hatardan çykmak, ekrany zaýalanmak töwekgelçiligi we beýleki meseleleri bar. Hut şonuň üçinem täze — entek tanyşdyrylanyna köp wagt geçmedik Samsung Galaxy Z Fold4 we Galaxy Z Flip4 dewaýslarynda şu ýagdaýyň nähilidigini bilmek gyzykly.
Galaxy Z Fold 4 barada aýdylanda, Samsung öz işinde smartfondan planşete transformasiýa etmeklige jogap berýän şarniri kämilleşdirmeklige uly üns berdi.Optimasiýa onuň konstruksiýasynyň taýsyz ygtybarlylygyny gazanmaga mümkinçilik berdi. 200 000 gezek epläp-ýazylyp geçirilen synag munuň şeýledigini görkezdi.
Galaxy Z Flip 4 babatynda bolsa, Samsung onuň hem bäş ýylyň dowamynda günde 100 gezek eplenende 200 000 eplemä çenli çydap biljekdigini tassyklaýar.Birsydyrgyn açylýandygyna garamazdan, şarniriň, özüni gowşak duýmaz ýaly, ýeterlik garşylygy bar.
Garşylyk gurluşy dürli burçlar boýunça açylgy görnüşde saklamak üçinem ýeterlikdir.Galaxy Z Fold 4 hem, Galaxy Z Flip 4 hem Galaxy-niň iň berk gurluşlarydyr, çünki olar iň berk materiallardan Armor Aluminiumdan we Corning c Gorilla c Glass c den ýasalandyr.
Bu size telefony islendik ýagdaýlarda, zeper ýeter, çyzylar gorkusy sebäpli biynjalyk bolman ulanmaga mümkinçilik berer.Galaxy Z Fold we Galaxy Z Flip4 — IPX8 reýtingli dünýäde ýeke-täk çygdan goragly eplenýän telefonlardyr.