20 ýyldan soň ýarym finala çykdy

Çärýek finalyň soňky duşuşygynda-da Berlinde Niderlandlar bilen Türkiýäniň ýygyndysy duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda türkler ilkinji bolup hasaby açdylar.Duşuşygyň 35-nji minutynda Samet Akaýdyn Türkiýäniň ýygyndysyny öňe saýlady.

Duşuşygyň 1-nji ýarymy şol hasap bilenem tamamlandy. 2-nji ýarymda niderlandlar has erjel oýun görkezdi. 70-nji minutda Stefen de Wreý hasaby deňledi.Bu goldan 6 minutdan soňam Mert Müldür topy ýalňyşlyk bilen öz derwezesinden girizdi.

Bu duşuşykdaky soňky gol boldy. Şeýlelikde, 2-1 hasabynda ýeňiş gazanan Niderlandlaryň ýygyndysy 20 ýyldan soň, umumylykda 5-nji gezek ýarym finala çykdy.Niderlandlaryň ýygyndysy ýarym finalda Angliýanyň ýygyndysy bilen duşuşar.

Duşuşyk 10-njy iýulda Dortmund şäherinde oýnalar.

Ýene degişli makalalar

Ýewro-2024-iň ähli ýarym finalçylary belli boldy
Iň köp girdeji gazanan zenan türgenler
Sport täzelikleri
Transfer täzelikleri
“Garynja adam we ary” (Ant-Man and the Wasp)
Nadal 11-nji, Halep 1-nji gezek ýeňiji