Fransiýanyň PSŽ topary täze tälimçisini resmi ýagdaýda mälim etdi. Argentinaly meşhur hünärmen Maurisio Poçettino toparyň täze tälimçisi boldy. Bu barada ozal metbugatda dürli habarlar çykypdy. 48 ýaşly tälimçi parižliler bilen 2 ýyllyk, ýagny 2022-nji ýylyň tomsuna çenli şertnama baglaşdy. PSŽ onuň tälimçiliginde ilkinji duşuşygyny 6-njy ýanwarda “Sent-Etieniň” garşysyna geçirer.
Poçettino 2019-njy ýylyň noýabr aýyndan bäri hiç bir topara tälim berenokdy. Tälimçilik karýerasyna 2009-njy ýylda “Espanýolda” başlan Poçettino 2012-nji ýyla çenli bu toparda işledi. 2013-2014-nji ýyllarda “Southemptona”, ondan bäri-de 2019-njy ýyla çenli “Tottenham” toparyna tälim berdi.
Ol futbolçylyk ýyllarynda “Newell’s Old Boýz” (19891994), “Espanýol”(19942001, 20042006), PSŽ (20012003), “Bordo” (20032004) toparlarynda oýnady. Şeýlelikde, PSŽ bilen 2001-nji ýylda futbolçy mahaly şertnama baglaşan Poçettino 20 ýyldan soň ýene-de şol kluba tälimçi bolup dolandy.
The post 20 ýyldan soň öňki toparyna tälim bolup dolandy appeared first on Zaman Türkmenistan.