20-nji oktýabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň jemleri

20-nji oktýabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň jemleri

20-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy, öňde boljak çäreler yglan edildi, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygy, ykdysadyýet, oba hojalygy we ulag ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabatlar berildi.

Döwlet Baştutanynyň gol çeken resminamalary:

Öňde boljak çäreler

25-26-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna resmi sapary amala aşyrar. Bu barada wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow habar berdi.

Meşhur türkmen kompozitorynyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli 27-28-nji oktýabrda ýurduň welaýatlarynda hem-de Aşgabat we Arkadag şäherlerinde Mukama siňen ömür atly festiwalyň guralmagy meýilleşdirilýär. Bu barada wise-premýer Mährijemal Mämmedowa hasabat berdi.

Wise-premýer Taňryguly Atahallyýew oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesine (29-njy oktýabr) meýilleşdirilen Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli guraljak çärelere görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Dabaralaryň çäklerinde Ýylyň türkmen edermen alabaýy atly halkara bäsleşigiň jemleýji tapgyryny, sergidir halkara ylmy maslahaty geçirmek göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, Türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň III mejlisi geçiriler.

Wise-premýer Batyr Amanow 25-27-nji oktýabrda geçiriljek Türkmenistanyň nebiti we gazy 2023 (OGT-2023) atly XXVIII halkara maslahata we sergä görülýän taýýarlyk barada habar berdi.

Dekabr aýynyň birinji ongünlüginde sanly ulgam arkaly saglygy goraýyş boýunça XI Türkmen-german forumy geçiriler. Oňa görülýän taýýarlyk barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nurmuhammet Amannepesow hasabat berdi.

Ulaglar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewiň halkara howa menzillerinde uçuşlaryň howpsuzlygyny, yzygiderliligini üpjün etmek üçin bu düzümiň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak baradaky teklibini makullady .

Wise-premýer Baýmyrat Annamämmedow Aşgabat — Gökdepe demirgazyk sowma awtomobil ýolunyň durkuny täzelemegiň meýilleşdirilendigi barada hasabat berdi. Onuň ugry boýunça häzirki döwrüň talaplaryna we halkara ölçeglere laýyk gelýän sil-suw akabasyny hem-de demir ýoluň üstünden geçýän täze awtomobil köprülerini gurmak göz öňünde tutulýar.

Halkara hyzmatdaşlygy

Wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bir guşak, bir ýol üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmak maksady bilen, Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy forumda çykyş etdi hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen, şeýle hem beýleki ýokary döwlet işgärleri bilen duşuşyklary geçirdi. Iki ýurduň arasynda dürli ugurlar boýunça strategiki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.Saparyň jemleri boýunça birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Bangladeş Halk Respublikasynyň hem-de Kanadanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden ynanç hatlarynyň kabul edilendigi, Demirgazyk Makedoniýanyň daşary işler ministri hem-de BAE-niň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşyklaryň geçirilendigi barada habar berdi. Türkmen deputatlary BMG-niň düzümleri tarapyndan guralan birnäçe çärelere gatnaşdylar.

Ykdysadyýet we söwda

Wise-premýer Hojamyrat Geldimyradow awtomatlaşdyrylan elektron maglumat binýatlar ulgamyny döretmek, onuň bir bitewi tehniki talapnamalara laýyklykda işlemegini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan çäreler barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew Türkmenistanda öndürilen milli haryt nyşanyny döretmek boýunça görülýän çäreler barada-da hasabat berdi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow wise-premýeriň milli haryt nyşanynyň şekili babatda teklipleri jemlemek we saýlap almak boýunça pudagara iş toparyny döretmek baradaky teklibini makullady.

Oba hojalygy

Wise-premýer Taňryguly Atahallyýew Türkmenistanyň welaýatlarynda bugdaý ekişiniň dowam edýändigi, ekiş geçirilen meýdanlary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de suw tutmak işleriniň geçirilýändigi barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, pagta hasylyny ýygnap almak we pagtaçylar bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça degişli çäreler görülýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmen wekiliýeti Duşenbede işewürlik gepleşiklerini geçirýär
8-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistanda Täze ýyl dabaralaryna taýýarlyk başlanýar
Türkmenistan we BAE energiýa pudagynda hyzmatdaşlygy güýçlendirýär
“Hyundai Engineering” OGT-2023 halkara maslahatynyň bürünç hyzmatdaşy boldy
Türkmenistanyň energiýa pudagy Abu-Dabi şäherindäki ADIPEC-2023 sergisine gatnaşýar