20 müň täze iş ornuny döreder

Germaniýanyň “Lufthansa” kompaniýasy pandemiýanyň täsiriniň yzga galmagy bilen güýçli depginde ösýär.Awiakompaniýa 20 müň täze işgär almak üçin kampaniýany ýola goýandygyny mälim etdi. “Lufthansa”-nyň beren beýanatynda 45-den köp ugurda 20 müň täze işgäri işe kabul etmek üçin Germaniýanyň bütin dowamynda kampaniýanyň ýola goýlandygyny habar berdi.

Beýanatda täze iş orunlarynyň Frankfurt, Mýunih, Sýurih, Wena we Brýuksel şäherleri bilen bir hatarda Gamburgdaky tehnologiýa merkezinde dörediljekdigi mälim edildi.

“Lufthansa Group”-yň sentýabr aýynyň ahyryndaky hasabatyna görä, 107 müň işgäri bar. Kompaniýa sentýabra aýynda täze uçarlaryň satyn alynmagyna, abzal we maglumat tehnologiýalaryna milliardlarça dollarlyk maýa goýumyň meýilleşdirilýändigini mälim edipdi.

Emir Annaýew, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby

Ýene degişli makalalar

Iň gowy awiakompaniýalar mälim edildi
Lufthansanyň Işgärleri Iş Taşlaýyş Yglan Etdi
Nemes Howaýoly Firmasy Lufthansa Iş Taşlady
​Ýolagçylar: Uçarlaryň tekerleriniň açylmazlygy bilen bagly wakalar köp bolýar
Lufthansa kärhanasynyň Buenos Aýres-Frankfurt saparyny amala aşyran uçar turbulentlige girdi
“Hanymlar we jenaplar” diýmegini bes eder