Hytaýyň Sindao bioenergetika we biotehnologiýa institutynyň (QIBEBT) inženerleri gaty litiý batareýalary üçin katodyň innowasion modifikasiýasyny döretdiler. “Nature” neşiriniň habaryna görä, bu tehnologiýa enjamlaryň energiýa dykyzlygyny we hyzmat ediş möhletini 20 müň gezek zarýad berip bolýan derejä çenli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.
Litiý-ion batareýalarynyň aşa ýokary temperatura duýgurlygy we ýanmak töwekgelçiligi, şeýle hem ömrüniň gysgalygy ýaly kemçilikler ýaşyl energiýany ösdürmekde we elektrik ulaglaryny giňden ýaýratmakda päsgelçilik döredýär.Alymlar bu meseläni çözüp biljekdigine ynanýarlar.
Bu gaty batareýalary geçirijiligi gowulandyrmak üçin hereketsiz materiallaryň goşulmagyny talap edýän geterogen kompozit katodlar sebäpli, kynçylyklara uçrady, netijede bu goşundylar batareýalaryň energiýa dykyzlygyny we ulanyş möhletini azaltdy.Emma hytaýly alymlar munuň çözgüdini tapdylar.
Döredilen täze material ýokary ion we elektron geçirijilige eýe bolmak bilen, goşmaça geçiriji komponentleri ulanmazdan, zarýadyň netijeli geçmegini üpjün edýär.Udel sygymy 250 mAh/g, energiýa dykyzlygy 390 Wt-s/kg we otag temperaturasynda zarýad beriş we zarýady gidiş aýlawy 20 müň gezek bolan birmeňzeş katodly batareýanyň nusgasy ýokary netije görkezýär.
Mährem BABAMYRADOWA, TMÝG-nyň Hojambaz etrap Geňeşiniň Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.