20 millionynjy elektroulagyny öndürdi

Hytaýda 20 millionynjy elektroulagyň öndürilendigi mälim edildi. Ýurtda 20 ýylyň dowamynda elektrik energiýasy bilen işleýän 10 million ulagy öndürilen bolsa, bary-ýogy 2 ýylda 20 million sepgidine ýetilipdir. “GAC Aion” atly kompaniýanyň Guançžou şäherindäki zawodynda öndürilen 20 millionynjy ulag dabaraly ýagdaýda konweýerden düşürildi. Ýurduň Senagat we maglumat tehnologiýalary ministriniň orunbasary Szin Gubin bu mynasybetli geçirilen dabarada eden çykyşynda täze energiýaly ulaglaryň global awtoulag senagatynyň öwrülişigi we gowulandyrylmagy üçin esasy ugurdygyny belledi.

Ýurduň awtoulag öndürijileri bileleşiginiň baş sekretary Fu Binfen täze energiýaly ulag pudagynyň uly göwrümli, globallaşan we ýokary hilli ösüşinde täze sepgide ýetilendigini belledi. Fu awtoulag senagatynyň Hytaýyň häzirkizaman senagat ulgamynyň esasy bölegine öwrülendigini belledi.

Ýurtda ilkinji elektroulag 1995-nji ýylda öndürilipdir.

Ýene degişli makalalar

Uçýan awtoulag öndürýän ilkinji zawod
8-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Aşgabatdan Urumçä uçuşlaryň bahasy belli boldy
China Southern Airlines Siandan Aşgabada yzygiderli howa gatnawlaryny gaýtadan dikeldýär
Mişlen ýolbeledi iň arzan restoranlary bolan şäherdir ýurtlary anyklady
Hytaýda dünýäde iň tiz internet peýda boldy
Türkmenistanyň wekiliýeti V Bütindünýä media-sammitiniň işine gatnaşdy