20.11.2018 | Foruma gatnaşyjylara söz berýäris

Teh Ýat HONG, PETRONAS Carigali (Turkmenistan) Sdn.Bhd kompaniýasynyň baş direktory: — Men ýurduňyzda geçirilýän dürli pudaklaýyn sergilere gatnaşmak üçin Türkmenistana indi bäşinji ýyl gelýärin, Gaz kongresi, “Türkmenistanyň nebiti we gazy” (OGT) halkara sergisi hem-de maslahaty olaryň iň möhümleriniň biridir.

Bu forumlar Türkmenistanyň ýeten belent sepgitlerini we mümkinçiliklerini giňden ýaýmak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýär. Şu ýyl pudaklaýyn maslahata köp wekiller, şol sanda daşary ýurt kompaniýalarynyň hünärmenleri gatnaşýar, olar forumyň barşynda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda alnyp barylýan işler barada anyk maglumatlary alyp bilerler.

Men bulary örän möhüm hasaplaýaryn hem-de beýleki ýurtlar üçin nusgalykdyr.Sebäbi maslahatlary we sergileri geçirmek ýurdy hem-de onuň mümkinçiliklerini wagyz etmegiň iň netijeli ýollarynyň biridir. — Petronas kompaniýasy bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlygynyň netijeliligine nähili baha berýärsiňiz? — “Petronas” kompaniýasy Türkmenistanda 1996-njy ýyldan bäri işleýär hem-de biziň netijeli gatnaşyklarymyz barha pugtalanýar.

Biz bu pudaga 10,5 milliard dollar maýa goýumyny goýduk.Munuň özi biziň kompaniýamyzyň üstüne aýratyn borçnamalary ýükleýär, biziň uzak möhletleýin geljekde Türkmenistanda amala aşyrmagy meýilleşdirilýän taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde netijeli hyzmatdaşlyga ynamymyzy pugtalandyrýar.

Geçen ýyllaryň dowamynda biz diňe bir maýa goýum serişdelerini goýmak bilen çäklenmän, degişli desgalary gurduk hem-de enjamlary ornaşdyrdyk, bu bolsa häzirki wagtda ýylda 5 milliard kub metr möçberde gaz we günde 35 — 40 müň barrel nebit çykarmaga mümkinçilik berýär.

Biziň üçin bu örän möhümdir, sebäbi Türkmengaz” döwlet konserni biziň esasy alyjylarymyzyň biri bolup durýar.Biz özara bähbitli hyzmatdaşlyk geljekde hem ösdüriljekdigine ynam bildirýäris.Nebiti we gazy çykarmak üçin PETRONAS Carigali (Turkmenistan) Sdn.

Bhd kompaniýasyna Hazar deňziniň kenar ýakasynyň bir bölegi bölünip berildi.Bu meýdançada uglewodorod serişdeleriniň uly möçberleriniň bardygyny hasaba almak bilen, taslamanyň geljegi örän uludyr. — Biz gaz barada gürrüňe geçen bolsak, TOPH taslamasy babatynda onuň sebit energetika howpsuzlygyna ýetirjek täsirine nähili baha berýärsiňiz diýip soramak ýerlikli bolardy. — Men TOPH taslamasy siziň ýurduňyz, şeýle hem sebitiň ähli ýurtlary üçin örän möhüm we geljegi uly diýip hasap edýärin.

Türkmenistan gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýär.Bu hemmelere mälimdir.Siziň döwletiňiz bu baýlyklary iş ýüzünde peýdalanmalydyr, TOPH taslamasy bu maksada ýetmegiň ygtybarly ýollarynyň biridir. Şol sebäpli hem onuň gurluşygynyň amala aşyrylmagy üçin ähli tagallalaryň edilmegi zerurdyr.

Bu taslama Türkmenistan üçin ägirt uly strategik ähmiýete eýedir.Biz bu ugurda alyp barylýan işleri üns bilen synlaýarys hem-de häzirki wagtda “TAPI Limited” kompaniýasy öňegidişlikler barada bize nobatdaky hasabaty berer diýip umyt edýäris.

Gaz kongresinde we “Türkmenistanyň nebiti we gazy” halkara sergisinde we maslahatynda bu taslamanyň durmuşa geçirilişiniň barşy hem-de şunda nähili kynçylyklaryň ýeňlip geçilýändigi barada açyk we yzygiderli maglumatlaryň berilýändigi örän möhümdir.

Bu babatda Türkmenistanyň hökümeti oýlanyşykly hereket edýär. — Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Malaýziýa bolan resmi sapary mahalynda Petronas kompaniýasynyň baş edarasyna baryp gördi. Şunuň bilen baglylykda, siziň pikiriňiz boýunça türkmen Lideriniň ýangyç-energetika ulgamynda alyp barýan syýasaty nähili derejede möhümdir? — Eger-de, ählumumy senagatlaşdyrmagyň barşyna garalanda, gaz energetika senagatynyň esasy düzümleriniň biri bolup durýar we uzak wagtyň dowamynda şeýle bolmagynda galar. “Petronas” kompaniýasy öz işlerinde şu nukdaýnazardan ugur alýar.

Biziň işimiz, esasan, gaz işleri bilen (70 göterime golaý), şol sanda suwuklandyrylan gaz, soňra bolsa nebit bilen meşgullanmaga gönükdirilendir.Türkmenistan ählumumy zerurlyklar babatynda bu garaýşy goldaýar.Türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow dünýä meýillerinden ugur alyp, milli nebitgaz pudagynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär.

TOPH taslamasy bu syýasatyň möhüm ugurlarynyň biridir, geljekde Hazarüsti turbageçiriji hem şeýle ähmiýete eýe bolup biler. Ýewropada gaza uly isleg bildirilýär hem-de siziň ýurduňyzyň energetika syýasatynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagynyň uly geljegi bar.

Mundan başga-da, Türkmenistan diňe bir tebigy gazy däl-de, ondan birnäçe esse gymmat bolan gazy gaýtadan işlemekden alynýan önümleri ýerlemäge hem uly gyzyklanma bildirýär.Munuň üçin ýurduňyzda häzirki zaman gaýtadan işleýän kärhanalary gurulýar, ulag ulgamy ösdürilýär.

Türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu strategiýasy örän oýlanyşykly we ylma esaslandyrylan çemeleşmedir! ***Mohammed Abdalla AL-RAISI, “Dragon Oil” kompaniýasynyň baş menejeri: — Biz OGT halkara maslahatyna we sergisine gatnaşýarys.Forum her gezek eksponentleriň köp sanlysyny ýygnaýar, bu bolsa köp zady aňladýar.

Meniň pikirimçe, şeýle sergiler we maslahatlar nebitgaz senagaty, ony ilerletmek we ösdürmek üçin örän möhümdir.Men Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli ýangyç-energetika toplumyny ösdürmäge şahsy goşandynyň örän uludygyny aýratyn bellemek isleýärin.

Biz bu ösüşiň bir bölegi bolup durýandygymyza buýsanýarys. — “Dragon Oil” — ýurdumyzyň öňden gelýän ygtybarly hyzmatdaşydyr.Siziň kompaniýaňyzyň Türkmenistanda alyp barýan işleri barada gürrüň beräýseňiz? — Biziň işimiziň esasy ugry nebiti gaýtadan işlemekden alynýan önümleri öndürmek we ýerlemek bolup durýar.

Biz Hazar deňzinde, “Hazar” böleginde işleýäris hem-de 2000-nji ýyldan bäri önümçilikde uly işleri alyp barýarys.Biz “Türkmennebit” döwlet konserni bilen netijeli gatnaşyklary saklaýarys, hemmetaraplaýyn goldawy üçin oňa hoşallyk bildirýäris. Şol gatnaşyklaryň ýola goýulmagy netijesinde biz Türkmenistanda yzygiderli ösüş gazanýarys. “Dragon Oil” kompaniýasynyň çykarýan önümleri ýylsaýyn artýar.

Häzir biz bir günde nebitiň 90 müň barrelini çykarýarys hem-de geljek ýyla ýa-da 2020-nji ýyla çenli bu görkezijini 100 müň barrele ýetirmegi meýilleşdirýäris. — Ählumumy energiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde diňe nebit däl-de, eýsem, gaz hem uly orun eýeleýär.

Türkmenistan birnäçe taslamalary amala aşyrýar.TOPH gaz geçirijisini gurmagyň taslamasynyň ähmiýeti barada pikiriňizi aýdaýsaňyz? — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi diňe Türkmenistanyň däl-de, eýsem, sebitiň ähli ýurtlarynyň ykdysadyýetine oňyn täsirini ýetirer.

Bu bolsa, türkmen uglewodorodlarynyň eksport möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berer.Bilşiňiz ýaly, biz nebit bilen işlemegi ugur edinýäris, emma TOPH taslamasynyň peýda bolan wagtyndan bäri biz ugurdaş nebit gazyny çykarýarys we gaýtadan işleýäris.

TOPH gaz geçirijisiniň ulanmaga berilmeginiň biziň taslamalarymyz üçin hem peýdaly boljakdygy sebäpli, onuň amala aşyrylmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. — Kompaniýaňyzyň durmuş maksatly taslamalara gatnaşmagy barada gürrüň beräýseňiz? — “Dragon Oil” kompaniýasynyň Türkmenistanda işläp başlan wagtyndan bäri, biz maksatly taslamalar bilen işjeň meşgullanýarys.

Biziň kompaniýamyz dört ugurda: sport, saglygy goraýyş, durmuş ulgamy we daşky gurşawy goramak ugurlarynda işleýär.Biz jemgyýete, türkmen halkyna peýdaly bolmak üçin bu ugurlara maýa goýýarys.Geljekde biz tutuş Türkmenistan boýunça işlerimiziň gerimini giňeltmegi meýilleşdirýäris. Ýurtda durmuş ulgamyny ösdürmäge ýardam etmek biz üçin uly hormatdyr.

Mysal üçin, daşky gurşaw barada alada etmek bilen biziň kompaniýamyz Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär hem-de agaç nahallaryny oturtmak çärelerine we beýleki işlere giňden gatnaşýarys.

Biz jemgyýet üçin peýdaly bolan islendik başlangyjy goldaýarys. — Türkmenistan bilen geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada pikiriňizi aýdaýsaňyz? — Mälim bolşy ýaly, ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek Siziň ýurduňyzyň strategik ugry bolup, bu işe biziň kompaniýamyz hem mynasyp goşandyny goşýar.

Biz, esasan, üç ugurda özara gatnaşyklary amala aşyrýarys: “Türkmennebit” döwlet konserni bilen, jemgyýetçilik we medeni ugurlarda hyzmatdaşlyk edýäris.Bu ugurlar biz üçin ileri tutulýan ugurlar bolup durýar hem-de geljekde biz şolaryň çäklerinde Türkmenistan bilen özara gatnaşyklarymyzy ösdürmegi we giňeltmegi meýilleşdirýäris.

Biz hyzmatdaşlyk üçin açyk bolmak bilen, ony berkitmegiň mümkinçiliklerini yzygiderli öwrenýäris. *** Rasim WALIÝEW, Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) wekili: — Men indi üç ýyl bäri her ýyl Türkmenistana gelýärin.Biziň “SOCAR” kompaniýamyz bolsa her ýyl geçirilýän “Türkmenistanyň nebiti we gazy” atly halkara sergä hem-de maslahata bäşinji gezek gatnaşýar.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ýurduňyzyň ýangyç-energetika toplumyna gyzyklanmasy yzygiderli artýar, munuň şeýledigine foruma gatnaşyjylaryň sany we düzümi şaýatlyk edip, şolaryň hatarynda sergä yzygiderli gatnaşyjylary görýärin.Biz olar bilen ajaýyp Aşgabat şäherinde tanyşdyk hem-de siziň myhmansöýer topragyňyzda täze duşuşyklara şatlanýarys.

Sergi, hemişe bolşy ýaly, ajaýyp guralypdyr.Oňa gatnaşyjylaryň düzümi bolsa wekilçilikli bolup, bu ýerde peýdaly zatlary, öz gazananlaryňy görkezmek bolýar. Şunda diňe nebitgaz toplumy däl-de, siziň tutuş ýurduňyz we ajaýyp paýtagtyňyz öz ösüşinde täze üstünliklerini görkezýär. — Sebitde energiýa howpsuzlygyny berkitmek nukdaýnazaryndan energetika bazarynda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň özara gatnaşyklarynyň geljegi barada pikiriňizi aýdaýsaňyz? — Bilşiňiz ýaly, azerbaýjan we türkmen nebitçileri bilelikde işlemegiň öňden gelýän tejribesini gazandylar. Ýaş geolog bolan wagtym men uglewodorodlara baý bolan Çelekene, Ekereme we Türkmenistanyň beýleki ýerlerine köp gatnadym we işledim. Şonuň üçin türkmen nebitgaz pudagynyň işini gowy bilýärin.

Biz türkmen nebitçileri we gazçylary bilen hemişe dostlaşyp geldik.Geljekde hem doganlyk ýurtlarymyzyň we dostlukly halklarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar has-da berkäp, giňeler diýip pikir edýärin.Biziň Liderlerimiziň duşuşyklary, mysal üçin, geçen ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjana amala aşyran sapary muňa ýardam edýär.

Azerbaýjan-türkmen hyzmatdaşlygy diňe ýangyç-energetika toplumyny däl-de, eýsem, ulag, oba hojalygy ýaly ugurlary hem gurşap alýar.Mysal üçin, geçen ýyl dürli ugurlarda, şol sanda energetika ulgamynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi, bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin amatly şertler döreýär.

Nesip bolsa, biz geljekde hem uzak möhletleýin esasda ysnyşykly işläris. — Bilşiňiz ýaly, tiz wagtdan doganlyk Azerbaýjanyň Prezidentiniň Türkmenistana sapary bolar, onuň jemleriniň biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynanýarys. — Şunuň bilen baglylykda, ýakynda kabul edilen Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda bäştaraplaýyn Konwensiýanyň Hazarda, şeýle hem beýleki ugurlarda geljekki hyzmatdaşlyga täze itergi berjekdigini aýdanlarymyň üstüne goşup bilerin.

Biziň gatnaşyklarymyz dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk, doganlyk halklarymyzyň umumy taryhyna, medeniýetine, däplerine esaslanandyr.Men edil türkmen dostlarymyz ýaly, bu saparyň doganlyk halklarymyzyň we döwletlerimiziň gatnaşyklarynyň ösdürilmegine itergi berjekdigine ynanýaryn.

Nebitgaz pudagynda we beýleki ugurlarda ýurtlarymyzyň özara gatnaşyklary üçin täze mümkinçilikleri açjak çözgütler kabul edilse, örän şat bolarys.Azerbaýjan üstaşyr ýurt hökmünde çykyş edýär, häzir türkmen nebiti biziň esasy turba geçirijimiz arkaly dünýä bazarlaryna akdyrylýar.

Biziň gatnaşyklarymyzyň geljekde hem giňeldiljekdigine ynanýaryn.Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň Baştutanlarynyň duşuşygynyň bolsa biziň döwletlerimiziň we halklarymyzyň has-da ýakynlaşmagyna hyzmat etjekdigine ynanýaryn. — Bilşiňiz ýaly, Türkmenistan TOPH gaz geçirijisini gurmak başlangyjy bilen çykyş etdi.

Siziň pikiriňizçe, bu halkara taslama Owganystanda möhüm ykdysady hem-de durmuş meselelerini çözmek üçin näderejede wajyp bolar? — Biz Türkmenistanyň ähli ugurlarda, elbetde, nebitgaz pudagynda hem gazanýan üstünliklerine guwanýarys.Siziň hormatly Prezidentiňiz öz wagtynda TOPH gaz geçirijisini gurmak başlangyjy bilen çykyş etdi.

Elbetde, nebitgaz pudagynda parasatly syýasat we özara bähbitli gatnaşyklar taslama gatnaşýan ähli ýurtlaryň ösmegine mümkinçilik berýär.Nesip bolsa, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasy doly amala aşyrylar. Ýurtda gaz bolanda, öýlerde abadançylyk, ýylylyk we ýagtylyk bolýar.

Goý, ähli gowy taslamalar adamlaryň bähbidine üstünlikli amala aşyrylsyn!

Ýene degişli makalalar

PETRONAS “OGT 2023” maslahatynyň we sergisiniň altyn hyzmatdaşy boldy
В Ашхабале состоялась Международная конференция по экологическим направлениям ТЭК страны
SOCAR kompaniýasy Türkmenistanda wekilhana açmak boýunça gepleşik geçirýär
“Eni Turkmenistan Limited” “OGT 2023” forumynyň bürünç hyzmatdaşy boldy
SOCAR “OGT 2023” halkara maslahatynyň we sergisiniň premýer hyzmatdaşy boldy
PETRONAS kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy hukukçylary gözleýär