Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.Gün tertibine ýurdumyzyň welaýatlaryny we paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň strategiýasyny amala aşyrmak, möwsümleýin oba hojalyk işlerini degişli derejede geçirmek, şanly seneler mynasybetli çäreleri guramak, şeýle hem döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meseleleri girizildi.
Hormatly Prezidentimiz ilki bilen göni aragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowy çagyrdy.Wise-premýer hormatly Prezidentimizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagtynda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagynyň 10 ýyllygy hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň “BMG-niň Merkezi Aziýa üçin sebit merkeziniň orny” atly Rezolusyýasynyň kabul edilmegi bilen türkmen diplomatlarynyň adyndan tüýs ýürekden gutlady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyna üýtgewsiz ygrarlydygyny we bu syýasatyň dünýä bileleşigin goldawyna eýe bolýandygyny nygtap, wise-premýeriň, DIM-niň ýolbaşçysynyň ünsüni ikitaraplaýyn görnüşde hem, iri halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäginde hem netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin bar bolan ähli mümkinçilikleriň netijeli herekete getirilmeginiň zerurdygyna çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz umumy abadançylygyň maksatlaryna kybap gelýän halkara gatnaşyklarynyň giňeldilmegi üçin ägirt uly köptaraplaýyn amatly mümkinçilikleriň we kuwwatyň bardygyny belläp, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna bu meselä hemişe üns bermegi tabşyrdy.
Soňra milli Liderimiz maslahatyň gün tertibine geçip, wideoşekilli göni aragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Ahal welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary O.Gurbannazarowy hem-de bu welaýatyň häkimi T.Atahallyýewi çagyrdy.Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy, welaýatlary özgertmek boýunça milli maksatnamany üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Soňra Ahal welaýatynyň häkiminiň hasabaty diňlenildi, ol milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, möwsümleýin agrotehniki çäreleriň barşy barada habar berdi.Häkim milli oba maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň çözülişi, welaýatda dowam edýän gurluşyk işleri, şol sanda döwrebap ýyladyşhana hojalyklarynyň gurluşygy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, şäher we oba ilatyny üpjün etmek üçin welaýatda gök önüm we miwe öndürilýän ýyladyşhanalaryň gurluşygynyň barşyna ünsi çekdi.Döwlet Baştutanymyz gurulmagy meýilleşdirilen 55 ýyladyşhanalaryň häzire çenli diňe 13-siniň gurlandygyny belläp, alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginini çaltlandyrmagyň zerurdygyny nygtady.
Türkmenistanyň Prezidenti welaýatyň oba hojalyk toplumyny ösdürmegiň meseleleriniň aýratyn möhümdigini belläp, ekin meýdanlarynda agrotehniki çäreleriň ýokary hilli geçirilmegine jogapkärçilikli çemeleşmegi, hususan-da, gidrotehniki desgalary degişli derejede saklamak, şol sanda suwaryş desgalaryny tertibe salmak, zeý suw akabalaryny we beýleki suwaryş ulgamlaryny arassalamak işlerine aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtady.
Suw howdanlarynyň köpüsinde suwuň derejesi peselipdir, olary haşal otlar basypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz emele gelen ýagdaýy düzetmek boýunça gaýragoýulmasyz çäreleri görmegi talap etdi.Welaýatda durmuş-medeni maksatly desgalary gurmak boýunça aýratyn görkezmeler berildi.
Soňra göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna wise-premýer B.Annameredow we Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykow çagyryldy.Hökümetiň Başlygynyň orunbasary gözegçilik edýän pudaklarynda, şol sanda sebitleri ösdürmegiň Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Öz gezeginde welaýatyň häkimi sebitdäki işleriň ýagdaýy hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat bermek bilen, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň we gidrotehniki çäreleriň geçirilişi barada habar berdi. Şeýle hem welaýatyň çäklerinde bina edilýän desgalarda gurluşyk işleriň barşy barada habar berildi.
Döwlet Baştutanymyz ähli möwsümleýin agrotehniki çäreleriň şu günüň talaplaryna hem-de oba hojalyk ylmynyň gazananlaryna laýyklykda geçirilmelidigine ünsi çekdi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň gidrotehniki ulgamlarynyň ýagdaýyna aýratyn ünsi çekip, olaryň işlemeginiň ygtybarly derejesini üpjün etmegi tabşyrdy hem-de suw howdanlaryndaky suwuň hiliniň ýokarlandyrylmagy üçin gaýragoýulmasyz çäreleri görmegi talap etdi.
Döwlet Baştutanymyz welaýatyň çäklerinde bina edilýän desgalar babatynda gurluşyk işleriniň hiline gözegçiligiň möhümdigine we täze binalaryň, şol sanda gök ekinleriň we miwe-ir-iýmişleriň önümçiligi boýunça ýyladyşhanalaryň öz wagtynda ulanmaga berilmeginiň zerurdygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz welaýatda gurulmagy meýilleşdirilen dokuz ýyladyşhanadan häzirki wagta çenli diňe bäşisiniň gurlandygyny belläp, emele gelen ýagdaýy seljermegi hem-de degişli çäreleri görmegi talap etdi.Soňra göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Daşoguz welaýatyna gözegçilik edýän wise-premýer E.Orazgeldiýewiň we bu welaýatyň häkimi M.Baýramgulyýewiň hasabatlary bilen dowam etdirildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat bermek bilen, häzirki wagtda welaýatlarda güýzlik däne ekinlerine ideg etmek, meýdanlarda galan pagta hasylyny ýygnamak işleriniň alnyp barylýandygyny belledi.
Oba hojalyk tehnikasyny we gurallary, ýer we suw serişdelerini geljekki möwsüme taýýarlamak boýunça agrotehniki çäreler geçirilýer.Daşoguz welaýatynyň häkimi sebiti ösdürmegiň esasy görkezijileri boýunça işleriň ýagdaýy barada hasabat bermek bilen möwsümleýin agrotehniki çäreleriň ýerine ýetirilişi barada habar berdi. Şonuň bilen birlikde, Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça toplumlaýyn esasda alnyp barylýan işler, durmuş-medeni maksatly hem-de oba hojalyk ugurly desgalaryň gurluşygy, ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek wezipelerini amala aşyrmak boýunça çäreler barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere we welaýatyň häkimine oba hojalyk önümleriniň möçberlerini artdyrmak, şol sanda oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmagyň hem-de häzirkizaman ýyladyşhana hojalyklaryny gurmagyň hasabyna köpeltmek babatynda anyk görkezmeleri berdi.
Milli Liderimiz häzirki wagtda welaýatda gurulmagy meýilleşdirilýän 21 ýyladyşhananyň diňe 3-niň gurlandygyny belläp, ýagdaýy düzetmek ugrunda degişli çäreleri görmegi talap etdi.Döwlet Baştutanymyz agrotehniki çäreleri ylmy esasda alyp barmak meselelerine ünsi güýçlendirmegi, ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmegi gowulandyrmak boýunça umumydöwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň barşyny hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şunda, gidrotehniki ulgamlary döwrebaplaşdyrmak, olary göwnejaý derejede tertibe getirmek boýunça işleriň geçirilmeginiň mähümdigi nygtaldy.
Milli Liderimiz obasenagat toplumyndaky ýagdaýlar bilen bir hatarda, durmuş meselelerine yzygiderli üns berilmelidigini belläp, welaýatyň ilatynyň durmuş şertlerini gowulandyrmak, gurluşygyň hiline hem-de ýaşaýyş jaýlarynyň we beýlekli durmuş maksatly desgalary öz wagtynda ulanmaga bermek meselelerini gözegçilikde saklamagy talap etdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşyga birwagtda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Lebap welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary M.Aýdogdyýewi hem-de welaýatyň häkimi Ç.Çarlyýewi çagyrdy, wise-premýer gözegçilik edýän ulgamlarynda geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Häkim welaýatdaky işleriň ýagdaýy barada hasabat bermek bilen, häzirki wagtda alnyp barylýan oba hojalyk işleri we agrotehniki çäreler, sebitde gurulýan desgalaryň öz wagtynda ulanmaga berilmegi boýunça görülýän çäreler barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz welaýatda häzirki zaman ýyladyşhanalarynyň gurluşygynyň depginleriniň pesdigine, ýagny göz öňünde tutulan 26 ýyladyşhananyň ýerine diňe 8-siniň gurlandygyny belläp, häkimden bu ugurda degişli çäreleri görmegi talap etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agrotehniki çäreleriň geçirilmegi babatynda anyk görkezmeleri berip, suw howdanlarynyň arasaçylygynyň üpjün edilmegi, suwaryş ulgamynyň we beýlekileriň göwnejaý tertibe getirilmegi ýaly möhüm wezipeleriň çözülmegi ugrunda ähli düzümleriň işiniň utgaşdyrylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi.
Mundan başga-da, milli Liderimiz welaýatda bina edilýän desgalaryň gurluşygynyň depginlerini güýçlendirmek hem-de ýokary hilini üpjün etmek meseleleriniň üstünde durup geçdi we bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra wideoşekilli göni aragatnaşyk boýunça Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow hasabat berip, welaýatda işleriň ýagdaýy, oba hojalyk pudagynda geçirilýän işler, şol sanda amala aşyrylýan agrotehniki çäreler barada habar berdi.
Mundan başga-da, welaýatda dürli maksatly desgalaryň gurluygynyň barşy hakynda habar berildi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ilaty ter gök önümler bilen üpjün etmäge niýetlenen dowrebap ýyladyşhanalaryň gurluşygynyň depginleriniň pesdigine ünsi çekdi.
Gurulmagy meýilleşdirilen ýyladyşhanalaryň 8-sinden häzir diňe 3-siniň gurlandygyny belläp, döwlet Baştutanymyz bu ýagdaýy düzetmek üçin zerur çäreleri görmegi talap etdi. Şeýle hem milli Liderimiz agrotehniki çäreleriň ählisini degişli derejede geçirmek üçin ähli düzümleriň sazlaşykly işini ýola goýmagy talap edip, suw howdanlarynyň haşal otlardan arassalanmagyna, şeýle hem zeý suw akaba ulgamlarynyň ýagdaýyna gözegçilik edilişine aýratyn üns bermegi tabşyrdy.
Welaýatyň häkimine sebitde gurulýan durmuş-medenii maksatly desgalaryň gurluşyk depginlerini ýokarlandyrmak hem-de beýleki durmuş ähmiýetli wezipeleri çözmek boýunça aýratyn tabşyryklar berildi.Soňra döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşyga Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewi çagyrdy, ol paýtagtymyzdaky işleriň ýagdaýy, birnäçe desgalarda gurluşyk işleriniň barşy, Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak we bagy-bossanlyga öwürmek, durmuş ulgamyny kämilleşdirmek, hem-de milli Liderimiz tarapyndan ozal berlen tabşyryklary ýerine ýetirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz täze binalarda gurluşyk işleriniň ýagdaýyny, bina edilýän dürli desgalaryň hil görkezijileriniň we ulanmaga bermek möhletleriniň berjaý edilişini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň baş şäherinde arassaçylygyň berjaý edilişine, Aşgabady bagy-bossanlyga öwürmek işlerine, onuň ekologiýa ýagdaýynyň mundan beýläk-de gowulandyrylmagyna aýratyn ünsi çekip, bu babatda häkime anyk görkezmeleri berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, mähriban halkymyzyň abadançylygynyň we bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.