20.09.2017 | Guşakly göreş boýunça ýaryşlarda türkmen pälwanlary 5 bürünç medal gazandylar

V Aziada guşakly göreş ýaryşlarynyň ikinji güni nusgawy görnüşdäki tutluşyklar bilen dowam etdi.Biziň türgenlerimiz sportuň bu görnüşinde ýokary netijeleri görkezýärler.Türkmen pälwanlarynyň 14-si final duşuşygyna çykdylar, özi-de iki finalda diňe ildeşlerimiz gatnaşar.

Bu bolsa ýygyndy toparymyza altyn we kümüş medallary kepillendirýär. Ýeňijiler günüň ikinji ýarymynda kesgitlener.Nusgawy görnüşde bürünç baýragynyň eýeleri eýýäm kesgitlendi.Türkmen türgenleriniň arasynda bürünç medallary Myrathan Azadow (55 kg), Agajan Täçmuhammedow (60 kg), Orazmyrat Orazmyradow (70 kg), Gulfiýa Jumaýewa (55 kg), Dinara Hallyýewa (65 kg) dagy eýeledi. Şu gün başa-baş söweşleriň ýene-de biri bolan kuraş boýunça ýaryşlar başlandy.

Bu ýaryşda hem milli ýygyndymyz ýokary netijelere dalaş edýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
20.09.2017 | Milli ýygyndy toparymyzyň hasabynda 127 medal: 53—altyn, 37 kümüş, 37—bürünç medal bar
Bäş günde 127 medal
Türkmen telekeçileri Dubaýdaky “Gulfood 2024” sergisinde öz önümleri bilen tanyşdyrdylar