20.07.2017 | Täze lukmançylyk merkeziniň açylmagy halkymyzyň saglygy baradaky aladanyň aýdyň nyşanydyr

Mary welaýatynyň merkezinde täze ýöriteleşdirilen hassahananyň — Iç keselleri hassahanasynyň açylyş dabarasy boldy.Ol Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda welaýatyň ýaşaýjylary üçin ajaýyp sowgat boldy.Täze desganyň açylyş dabarasynda hakyky baýramçylyk ýagdaýy emele geldi, oňa şäher we welaýat häkimlikleriniň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, şäheriň köp sanly ýaşaýjylary gatnaşdylar.

Aýdym-saz we tans toparlary özleriniň döredijilik çykyşlary bilen hakyky ruhubelentlik ýagdaýyny emele getirdiler. Ýygnananlaryň belleýşi ýaly, täze hassahana Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän giň möçberli özgertmeleriniň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Halkymyzyň saglygyny goramak, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak milli Liderimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen “Saglyk” Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Häzirki wagtda paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda hereket edýän döwrebap köpugurly ylmy-kliniki we bejeriş hem-de keseli anyklaýyş merkezleri, şypahanalar toplumlary hem-de derman öndürýän kärhanalar türkmen lukmançylygynyň okgunly ösýändigini aýdyňlyk bilen görkezýär.

Olarda adamlaryň saglygyny goramak üçin innowasion tehnologiýalar, dünýä ylmynyň we tejribesiniň öňdebaryjy gazananlary giňden ulanylýar.Maryda açylan hassahana näsaglara ýokary hilli lukmançylyk kömegini bermek, keselleri öz wagtynda ýüze çykarmak, dürli iç keselleriniň öňüni almak we bejermek üçin ähli mümkinçiliklere eýedir. Öňdebaryjy enjamlar hem-de iň täze tehnologiýalar bilen üpjün edilen hassahana dört gatly binada ýerleşýär.

Hassahana toplumy ilata stasionar şertlerde hyzmat etmäge gönükdirilendir hem-de jemi 205 orunlyk hirurgiýa, umumy terapiýa, kardiologiýa, endokrinologiýa, newrologiýa bölümlerini birleşdirýär.Hassahananyň birinji gatynda reanimasiýa merkezi ýerleşýär. Şol ýerde emeli dem alyş enjamy, ykjam ultrases barlag enjamy, elektrokardiograf, rentgen, kardiomonitorlar we beýleki zerur bolan enjamlar lukmanlaryň ygtyýaryndadyr.

Bu ýerdäki barlaghana bölümi umumy kliniki, bakteriologiki we biohimiki barlaglaryny geçirmäge niýetlenendir.Binanyň ikinji we üçünji gatlary dikeldiş terapiýasyny geçirmek üçin niýetlenendir.Olarda dürli çäreler arkaly bu ýere gelýänleriň saglygyny saklamak we berkitmek göz öňünde tutulandyr.

Wannalaryň, Şarko duşlarynyň, infragyzyl şöhleleriň, ozokeritiň we melhemli palçyklaryň kömegi bilen keseller bejerilýär.Fizioterapiýa bölüminiň otaglary hem döwrebap enjamlaşdyrylypdyr.Bu ýerde manual terapiýa, iňňe sanjym usullary, oňurga kesellerini bejermek üçin häzirki zaman tehnologiýalary ulanylýar.

Bejeriş-sagaldyş bedenterbiýesi bilen meşgullanmak üçin niýetlenen giň otaglar ýörite trenažýorlar bilen üpjün edildi. Ýatylýan otaglar merkezleşdirilen ýylylyk we howany sowadyjy ulgamlary bilen enjamlaşdyryldy, olarda telewizorlar, sowadyjy enjamlar ornaşdyryldy.

Hassahananyň dördünji gatynda ýokary takyklykdaky endoskopiýa enjamlary, şol sanda bütin dünýäde meşhur “Karl Storz” nemes kompaniýasynyň enjamlary bilen üpjün edilen üç sany operasiýa otagly iki hirurgiýa bölümi ýerleşýär.Bu önüm öndürijiniň enjamlarynyň artykmaçlygy sanly ýazgylary işläp taýýarlamakdan we şekilleri hem-de wideoparçalary arhiwleşdirmekden ybaratdyr. “Dräger” kompaniýasynyň “Fabius Tiro” innowasion ulgamlarynyň hem-de “Heyer Medikal AG” kompaniýasynyň enjamlarynyň kömegi bilen anesteziýa we emeli dem alyş çäreleri geçiriler.

Olar çylşyrymly operasiýalaryň birbada birnäçesiniň ýokary hilli geçirilmegini üpjün eder. Önüm öndüriji kompaniýalaryň kärhanalarynda okuwlar guraldy, olarda türkmen lukmanlary ýörite taýýarlygy geçdiler.Hassahanada uruş weteranlarynyň saglygyny bejermäge aýratyn üns berler.

Dermanhana häzirki zaman hassahanalarynyň esasy bölekleriniň biri bolup durýar. Şu hassahanada ýerleşýän dermanhanada zerur bolan dermanlaryň we lukmançylyk serişdeleriniň ählisi, şol sanda ýurdumyzyň derman senagatynda öndürilen önümler bar.Hassahananyň binasynda 180 orunlyk uly maslahatlar zaly hem-de 50 orunlyk kiçi zal ýerleşdirildi.

Bu ýerde internet hyzmatlary hem elýeterli bolar.Dabara gatnaşyjylar “Döwlet adam üçindir!” diýen şygar astynda amala aşyrylýan durmuş ugurly netijeli syýasat üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň nobatdaky senesi bilen tüýs ýürekden gutladylar we milli Liderimize berk jan saglyk hem-de täze taryhy eýýamyň strategiki wezipelerini durmuşa geçirmekde mundan beýläk-de üstünlikler arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň şypahana hyzmaty ulgamy dünýä derejesinde
23.07.2019 | Türkmenistanyň şypahana hyzmaty ulgamy dünýä derejesinde
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen milli itşynaslygyň döwrebap düzümi döredilýär
Dalaşgär 2024: Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi
Mega Teknik dükanyna täze kafel plitalary gelip gowuşdy
Hazar deňziniň mümkinçiliklerini wagyz etmek arkaly ýaşlaryň ekologiki sowatlylygyny artdyrmak atly onlaýn duşuşyk geçirildi