20.06.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti halkara awtorallisine taýýarlyk meseleleri boýunça maslahat geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatynda başlanan iş saparynyň çäklerinde Ruhyýet köşgünde ýurdumyzda sporty ösdürmek meselelerine bagyşlanan maslahat geçirdi.Hususan-da,“Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisini geçirmäge görülýän taýýarlyk çärelerine garaldy. Şeýle hem maslahatda halkymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilki bilen içeri işler ministri I.Mulikow awtosport boýunça öňde boljak ýaryşlary guramakda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.Ol “Amul — Hazar 2018” awtoralliniň ugurlaryny kesgitlemek maksady bilen “Afriсa Eсo Raсe” kompaniýasynyň wekilleri bilen bilelikde maý aýynda guralan iş saparlary barada hasabat berdi, bu awtoralli ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň çäkleriniň, şol sanda Garagum çölüniň üstünden geçer.Ýoluň esasy we kömekçi bölekleriniň ugurlary we uzaklygy, düşelge ýerleri bellenildi.

Netijede, ähli ýollaryň umumy uzynlygy 1 müň 566 kilometre deň boldy, olaryň 1 müň 158 kilometri ýaryşlaryň geçýän ugry, 408 kilometri bolsa ýaryş geçirilmeýän ýollardyr.Duralgalary gurmak boýunça degişli işler alnyp barylýar, olaryň her birinde 3 müň orunlyk naharhana, metbugat merkezi, lukmançylyk nokady, sungat ussatlarynyň çykyş etmegi üçin sahna, sergileri guramak üçin ýörite ýerler, ak öýler, beýleki desgalar bolar, şeýle hem kiçi göwrümli uçarlar we dikuçarlar üçin gonuş meýdançalary göz öňünde tutulýar. Ýangyna garşy göçme toparlar ýangyn howpsuzlygyny üpjün ederler.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow “Amul — Hazar 2018” halkara rallisine gatnaşyjylaryň deslapky düzümi barada hasabat berdi.Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň ekipažlarynyň sany kesgitlenildi.Häzirki wagtda awtomobil sporty boýunça milli ýygyndy toparymyzyň bu iri halkara awtorallisinde üstünlikli çykyş etmegi üçin Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi, IIM hem-de Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasy tarapyndan tassyklanylan meýilnama laýyklykda, yzygiderli türgenleşikler guraldy.

Gadymy Amuldan Hazara çenli aralykda guralýan Halkara awtoralliniň geçirilýän döwründe duralgalaryň dördüsiniň hem golaýynda tejribeli lukmanlardan, Ýewropanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň enjamlary we derman serişdeleri bilen üpjün edilen ýörite reanomobillerden ybarat düzümde lukmançylyk toparlarynyň nobatçylygy guralar. Ýaryşlaryň ugry boýunça tehniki hyzmat edilýän nokatlarda “Tiz kömek” ulaglary nobatçylyk eder. Ýaryşa gatnaşyjylary we myhmanlary mynasyp garşylamak, dürli resminamalary taýýarlamak, terjimeçilik hyzmatlaryny etmek üçin 200-den gowrak meýletin kömekçiler saýlanyp alyndy, olar ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň, Bilim ministrliginiň, Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň we Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Meýletinçiler merkezlerinde taýýarlyk geçýärler.

Häzirki wagtda olar halkara awtorallilere hyzmat etmegiň ugurlary boýunça ýörite maksatnama esasynda degişli gollanmalar bilen üpjün edilýärler we okuw geçýärler. 2018-nji ýylyň 7-nji sentýabryndan 11-nji sentýabr aralygynda, Türkmenabat şäherinde awtorallini geçirmäge taýýarlyk görülýän döwürde awtomobil ýaryşlarynyň geçiriljek ugrunda, duralgalarda, şeýle hem pellehanada — "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi, Içeri işler ministrligi, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi hem-de welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan ýaryşa gatnaşyjylary ýokary hilli iýmit bilen üpjün etmek boýunça degişli işler geçiriler. “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisini giňişleýin beýan etmek maksadynda ýaryşlaryň resmi saýty — www.turkmendesertrace.

com saýty döredildi, onda ýaryşlar, Beýik Ýüpek ýoly, türkmen sportunyň taryhy we ýurdumyz hakynda, onuň medeniýeti, şu güni we gazananlary barada habarlar ýerleşdiriler. Şeýle hem jemgyýetçiligiň ünsüni çekmek üçin ýurdumyzyň habar beriş serişdelerinde awtomobil sportunyň taryhy, Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça Türkmenistanda geçiriljek awtomobil ýaryşlary barada habarlar çap edilýär.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisine taýýarlyk görmegiň çäklerinde geçirilýän işler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda sportuň iň meşhur gornüşleriniň biri boýunça guraljak iri ýaryşlar dünýä jemgyýetçiliginiň giň gyzyklanmasyna eýe bolýar.

Dürli ýurtlardan türgenleriň we toparlaryň taryhy Beýik Ýüpek ýolunyň, şol sanda Garagum çölüniň üstünden geçýän ýaryşlara gatnaşmaga isleg bildirmegi hem muňa şaýatlyk edýär.Soňra çykyş eden Lebap welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew welaýatda işleriň ýagdaýy hem-de öňde boljak dabaralara taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, “Amul — Hazar 2018” awtoralliniň başlanmagyna az wagtyň galandygyny belläp, bu çärä göwnejaý taýýarlyk görmek üçin ýene-de käbir meseleleriň çözülmelidigini aýtdy we ýolbaşçylara degişli tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz, hususan-da, wise-premýer D.Amangeldiýewe awtoralliniň kömekçi ugurlary hökmünde bellenilen ýollary gözden geçirmegi we ýaryşa gatnaşyjylary hem-de olary guramaga, beýan etmäge we hyzmat etmäge çekilen beýleki adamlary ulag bilen üpjün etmäge degişli beýleki tabşyryklary berdi.

Wise-premýer E.Orazgeldiýewe we Lebap welaýatynyň häkimi T.Atahallyýewe ekologiýa standartlarynyň we kadalarynyň berjaý edilmegine, bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işlere gözegçilik etmek, şeýle hem ekologiýa medeniýeti ulgamynda köpçülikleýin düşündiriş işlerini işjeňleşdirmek tabşyryldy.

Halkara ralliniň geçirilmegi iň täze ylmy-tehniki derejede we häzirki zaman guramaçylyk çemeleşmeleri esasynda guralmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýerler D.Amangeldiýewe, M.Çakyýewe we Lebap welaýatynyň häkimi T.Atahallyýewe giň gerimli sport çäresini degişli derejede üpjün etmek boýunça döwrebap aragatnaşyk, inžener-tehniki hyzmatlaryň berjaý edilmelidigi babatynda görkezmeleri berdi.

Bu ýaryşlar türkmen awtosporty üçin hakyky taryhy waka öwrüler hem-de Türkmenistanyň dünýädäki abraýynyň artmagyna ýardam berer diýip, milli Liderimiz şol sebäpli hem olary guramagyň derejesiniň ýurdumyzyň häzirki döwürdäki okgunly ösüşini, onuň kuwwatyny hem-de ägirt uly mümkinçiliklerini äşgär etmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer M.Meredowa ozaly bilen ralli ýaryşlaryna gatnaşýan sürüjileri ýokary hilli ýangyç-çalgy ýaglary bilen üpjün etmek boýunça degişli tabşyryklar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýewe, döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Osmanowa hem-de döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Gurdowa türgenleriň we awtorallä gatnaşyjy beýlekileriň, şeýle hem ýörite tehnikalaryň migrasiýa we gümrük işlerini geçmeginiň ýokary derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz wise-premýer M.Çakyýewe “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisine gatnaşyjylary we guramaçylary “Türkmenhowaýollary” gullugynyň howa gämileri bilen daşamagyň meselelerini öwrenmegi we zerur bolan ýagdaýynda goşmaça gatnawlary guramagy tabşyrdy.

Aşgabadyň we Türkmenabadyň Halkara howa menzillerinde, şeýle hem Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunda mahabat hem-de beýleki gollanma serişdelerini ýerleşdirmek gerek diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.Myhmanlaryň dabaraly garşylanmagyny guramak boýunça medeni çäreler babatda hormatly Prezidentimiz wise-premýer B.Abdyýewa welaýat häkimleri bilen bilelikde degişli meýilnamany taýýarlamak barada wezipe goýdy.

IIM-niň we MHM-niň ýolbaşçylaryna “Amul — Hazar 2018” awtorallisiniň geçirilýän döwründe köpçülikleýin çäreleriň guralýan ýerlerinde howpsuzlygy üpjün etmek boýunça tabşyryklar berildi.Geçiriljek halkara ýaryşlarynda türgenlerimiziň üstünlikli çykyş etmekleri üçin olaryň depginli türgenleşik geçmeklerini hem dowam etmek gerek.

Mundan başga-da, milli Liderimiz olary ýörite egin-eşikler bilen üpjün etmegi tabşyryp, wise-premýerler P.Agamyradowa we K.Durdymyradowa anyk görkezmeleri berdi.Hormatly Prezidentimiz sport ulgamynda hem-de bu ugur boýunça daşary ýurtly hünärmenler we halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmak babatda diplomatik işleriň esasy ugurlaryna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň ünsüni çekdi.

Oýlanyşykly çemeleşmegiň esasynda öňde boljak sport ýaryşlaryny hem-de olar bilen ugurdaş geçiriljek çäreleri iň ýokary derejede üpjün etmek boýunça hemme zerur çäreleri görmek, olaryň sowatly dolandyrylmagy we ähli tapgyrlarda utgaşdyrylmagy üçin wise-premýer G.Myradowa anyk tabşyryklar berildi.

Döwlet Baştutanymyz Lebap welaýatynda geçirilýän maslahatyň gün tertibiniň indiki meselesine geçmek bilen, soňky ýyllarda sebitde uly üstünlikleriň gazanylandygyny belledi.Hökümet tarapyndan welaýatyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine gönükdirilen birnäçe kararlar kabul edildi.

Bu ýerde nebiti gaýtadan işleýän we nebit çykaryjy düzümler, himiýa, ýeňil we azyk senagaty pudaklarynyň düzümleri yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar, gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi artdyrylýar we oba hojalygy döwrebaplaşdyrylýar.Durmuş-ykdysady ösüşde oňat netijeler gazanyldy, medeniýet, saglygy goraýyş, ylym we bilim ulgamlarynda ep-esli üstünlikler gazanyldy.

Ilatyň durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar.Mysal üçin ertir ýaşaýyş toplumynyň düýbi tutular hem-de täze kiçi etrapçany ulanmaga bermek dabarasy geçiriler diýip, milli Liderimiz aýtdy.Iň täze tehnika we enjamlar bilen üpjün edilen iri lukmançylyk toplumy ulanmaga bermäge taýýarlyk görülýär.

Ony Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlap açmagy maksadalaýyk hasaplaýaryn diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.Lebap welaýatynda döwrebap ulag ulgamy işjeň ösdürilýär.Mälim bolşy ýaly, ýakynda Amyderýanyň üstünden iri awtomobil we demir ýol köprüleri açyldy, Türkmenabatda täze halkara howa menzili ulanmaga berildi.

Kerki şäherinde hem howa menzili gurulýar.Häzirki güne çenli welaýatda jemi, umumy bahasy üç ýarym milliard manada golaý bolan takmynan 750 desga bina edilýär. Şunuň bilen bir hatarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu sebitde halkara syýahatçylygyny ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi, welaýatyň çäklerinde Repetek we Köýtendag, Garlyk we Hojapil ýaly ösümlikleriň seýrek görnüşi gabat gelýän täsin tebigatly goraghana künjekleri ýerleşýär.

Welaýaty toplumlaýyn ösdürmek, ilatyň abadançylyk derejesini ýokarlandyrmak boýunça dowam etdirilýän yzygiderli işler onuň geljekde gülläp ösmegi üçin ygtybarly binýady döredýär diýip, milli Liderimiz sözüni jemledi.Döwlet Baştutanymyz maslahaty tamamlap, Lebabyň zähmetsöýer ilatyna berk jan saglyk, bagtyýar we abadan durmuş hem-de işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

31.07.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi
18.05.2018 | Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi
24.09.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
12.10.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden
04.04.2019 | Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
07.08.2019 | Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi