20.03.2018 | GDA-nyň synçylarynyň wekilçilikli topary: saýlaw möwsümi açyk bäsdeşlik hem-de ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýär

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görlüşine we geçirilişine syn etmegiň netijeleri boýunça Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan synçylaryň wekilçilikli toparynyň Aralyk hasabaty (2018-nji ýylyň 5—20-nji marty) Umumy düzgünler Türkmenistanyň çakylygy boýunça Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan wekilçilikli topar (mundan beýläk — wekilçilikli topar) Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görlüşine we geçirilişine syn edýär.

Türkmenistanyň Mejlisi 2017-nji ýylyň 25-nji noýabryndaky karary bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň, welaýat, etrap we halk maslahatlarynyň agzalarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny 2018-nji ýylyň 25-nji martyna belledi.Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine girizilen üýtgetmelere laýyklykda, ähli derejedäki (umumymilli, sebit we ýerli) saýlawlar ilkinji gezek bitewi ses bermek gününde geçiriler.

GDA-dan synçylaryň wekilçilikli topary hakyndaky Düzgünnama laýyklykda Prezident we parlament saýlawlarynda, şeýle hem Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletlerde geçirilýän sala salşyklarda diňe Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryna syn edýär.

Wekilçilikli toparyň düzüminde Azerbaýjan Respublikasynyň, Ermenistan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, GDA gatnaşýan döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň, Belarusuň we Russiýanyň Birleşiginiň Parlament ýygnagynyň hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri bar.

Jemi 90 synçy bolup, olaryň 10-sy uzak möhletleýin esasda işleýär.Wekilçilikli topar saýlaw möwsümine 2018-nji ýylyň 5-nji martyndan monitoring geçirip başlady.Onuň işi köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edilýär, wekilçilikli toparyň ştaby tarapyndan saýlawlaryň taýýarlygyna syn etmegiň barşy barada maglumat habarlary çykarylýar.

GDA-dan synçylar özleriniň işini ýerine ýetirmek üçin zerur şertleriň döredilendigini belleýärler.Saýlawlary geçirmek üçin kanunçylyk binýady Saýlawlar Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Saýlaw kodeksiniň (mundan beýläk — Kodeks), beýleki kanunçylyk namalarynyň düzgünleri, şeýle hem Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň (mundan beýläk — Merkezi topar) kararlary esasynda geçirilýär.

Wekilçilikli toparyň bilermenleriniň pikirine görä, Kodeks raýatyň saýlamaga we saýlanmaga hukugyny, ählumumy, deň we göni saýlaw hukugynyň esasynda gizlin ses bermek arkaly saýlawlaryň erkinligini, saýlaw hukuklarynyň we azatlyklarynyň kazyýet we beýleki goraglylygyny, saýlawlara jemgyýetçilik we halkara gözegçiliginiň amala aşyrylmagyny kepillendirýär.

GDA-dan synçylar milli kanunçylygyň saýlaw çäreleriniň ähli tapgyrlaryny takyk we doly derejede kadalaşdyrýandygyny hem-de açyk, erkin we demokratik saýlawlary geçirmek üçin ygtybarly hukuk binýady bolup hyzmat edýändigini belleýärler.

Saýlawlara taýýarlyk görmek we geçirmek baradaky saýlaw toparlarynyň işi Merkezi topar, 125 okrug saýlaw topary we 2604 uçastok saýlaw topary, şol sanda daşary ýurtlardaky 39 uçastok saýlaw topary saýlawlara taýýarlyk görmegi we geçirmegi amala aşyrýarlar. Ähli derejedäki saýlaw toparlaryny döretmegiň tertibi we ygtyýarlyklary Kodeks tarapyndan kesgitlenilýär.

Düzüminde 15 adam bolan Merkezi topar Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan döredilýär.Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan tassyklanylýar.Merkezi toparyň düzümine wekiller Prezident, syýasy partiýalar we jemgyýetçilik birleşikleri tarapyndan hödürlenilýär.

Okrug saýlaw toparlary Merkezi topar tarapyndan 9 — 11 agzadan ybarat düzümde döredilýär.Okrug saýlaw toparlarynyň düzümine wekiller syýasy partiýalaryň welaýat, etrap, şäher guramalarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň mejlislerinde, raýatlyk toparlarynyň ýygnaklarynda hödürlenilýär.

Uçastok saýlaw toparlary degişli etrap, şäher saýlaw toparlary tarapyndan 5 — 15 agzadan ybarat düzümde döredilýär.Zerur bolan halatlarda uçastok saýlaw toparlary iň az sanda — üç adamdan ybarat düzümde döredilip bilner.

Uçastok saýlaw toparlarynyň düzümine wekiller syýasy partiýalaryň ilkinji guramalarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, raýatlar toparlarynyň ýygnaklarynda hödürlenilýär.Merkezi we uçastok saýlaw toparlarynyň düzümi 2014-nji ýylda, okrug saýlaw toparlarynyň düzümi 2017-nji ýylyň dekabrynda döredildi. Ähli saýlaw toparlarynyň ygtyýarlyk möhleti 5 ýyldyr.

Wekilçilikli topar Merkezi toparyň saýlawlara taýýarlyk görmek işini guramaçylykly we yzygiderli alyp barýandygyny belleýär.Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek we guramaçylykly geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.Kodeks tarapyndan bellenilen möhletlerde saýlaw okruglary we uçastoklary döredildi, olaryň çäkleri kesgitlenildi.

Bu baradaky habar metbugatda çap edildi.Saýlawlaryň guramaçylarynyň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak üçin Merkezi saýlaw toparynyň kabul eden meýilnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary boýunça okrug, uçastok saýlaw toparlarynyň işini netijeli guramak meselelerine bagyşlanan okuw maslahatlary geçirildi.

Merkezi topar tarapyndan 2018-nji ýylyň ýanwaryndan başlap, saýlaw kanunçylygy babatda bilimleri mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen, okrug we uçastok saýlaw toparlarynyň agzalary üçin niýetlenen okuw maslahatlary geçirilýär.Mejlisiň deputatlarynyň we Merkezi toparyň diwanynyň hünärmenleriniň, saýlaw kanunçylygy ulgamyndaky bilermenleriň gatnaşmagynda okuw maslahatlarynda uçastok saýlaw toparlarynyň agzalarynyň hukuk bilimini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, saýlaw uçastoklaryny enjamlaşdyrmak, saýlawçylaryň sanawlary bilen işlemek, möhletinden öň ses bermegi hem-de saýlawlar gününde ses bermegi guramak, şeýle hem saýlaw çäreleriniň açyklygyny we aýanlygyny üpjün etmekde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň orny bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Kodeksiniň kadalarynyň birmeňzeş ulanylmagyny üpjün etmek üçin Merkezi saýlaw topary okrug we uçastok saýlaw toparlary üçin gollanma çap etdi.Onda zerur bolan düşündirişler we resminamalaryň nusgalary beýan edildi.

Mundan başga-da, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, milli hem-de halkara synçylary üçin gollanmalar, beýleki neşir önümleri taýýarlanyldy.GDA-dan uzak möhletli synçylar Ahal, Balkan, Mary welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň okrug hem-de uçastok saýlaw toparlarynyň saýlawlara taýýarlyk görmek boýunça alyp barýan işleri bilen tanyşdylar.

Wekilçilikli toparyň agzalary toparlaryň aragatnaşyk serişdeleri, guramaçylyk tehnikasy, zerur bolan usulyýet edebiýaty hem-de maglumat serişdeler bilen üpjün edilendigini belleýärler.Wekilçilikli toparyň pikirine görä, Merkezi we ýerli saýlaw toparlary saýlaw kanunçylygynyň talaplaryna laýyklykda saýlawlara talabalaýyk taýýarlyk görmek we geçirmek üçin zerur çäreleri görýärler.

Saýlawçylaryň sanawlary Saýlawçylaryň sanawyna saýlawlaryň geçiriljek gününe çenli on sekiz ýaşy dolan, şol saýlaw uçastogynyň çäginde hemişelik ýa-da köplenç (saýlawlaryň geçiriljek gününe çenli azyndan soňky üç aýyň dowamynda) ýaşaýan we saýlaw hukugy bolan Türkmenistanyň raýatlary girizilýär.

Saýlawçylaryň sanawy her bir saýlaw uçastogy boýunça düzüldi. Ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary saýlawçylaryň sanawyny düzmek üçin degişli çäkde ýaşaýan saýlawçylar baradaky zerur maglumatlary uçastok saýlaw toparyna berdiler.

Saýlawçylaryň sanawyna uçastok saýlaw toparynyň başlygy we kätibi gol çekdiler hem-de möhür bilen tassyklanyldy.Saýlawçylaryň sanawlaryny düzmek işine jemgyýetçilik wekilleri çekildi.Haýsydyr bir sebäbe görä, saýlawçylaryň sanawyna girizilmedik Türkmenistanyň raýaty degişli uçastok saýlaw topary tarapyndan saýlawçylaryň goşmaça sanawyna girizildi.

Saýlawçylaryň sanawy saýlawlaryň geçiriljek gününe çenli azyndan 15 gün galandan gijä goýman, degişli saýlaw toparlarynyň otaglarynda tanyşmak üçin goýuldy.Sanawa girizilmändigi, nädogry düzülendigi ýa-da sanawdan aýrylandygy barada, şeýle hem sanawda saýlawçy baradaky maglumatlaryň görkezilişinde ýol berlen nätakyklyklar barada şikaýat etmäge her bir raýat hukuklydyr.

Wekilçilikli toparyň pikirine görä, saýlawçylaryň sanawyny düzmek we anyklamak Kodekse laýyklykda geçýär.Munuň özi Türkmenistanyň raýatlarynyň saýlawlara gatnaşmaga bolan konstitusion hukuklarynyň durmuşa geçirilmegini üpjün edýär.Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna dalaşgärleri hödürlemek we hasaba almak Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, Mejlis 125 deputatdan durýar.

Olar deňeçer saýlawçylar bolan bir mandatly saýlaw okruglar boýunça bäşýyllyk möhlet bilen saýlanylýar.Kodekse laýyklykda, deputatlyga dalaşgärler saýlawlar gününe çenli 25 ýaşy dolan hem-de soňky on ýylyň dowamynda Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlary görkezilip bilner.

Merkezi topar dalaşgärleri hödürlemek boýunça Gollanma taýýarlady.Onda geljekki deputatlary görkezmegiň tertibi hakynda maglumat-düşündiriş materiallar jemlendi.Mejlisiň deputatlygyna dalaşgärleri görkezmek 2018-nji ýylyň 24-nji ýanwaryndan 22-nji fewralyna çenli bolan döwürde geçdi.

Syýasy partiýalardan deputatlyga dalaşgärler mejlislerde (gurultaýlarda, maslahatlarda, umumy ýygnaklarda) olaryň merkezi, welaýat, etrap we şäher guramalary tarapyndan görkezildi. Şunlukda, Mejlisiň deputatlygyna birnäçe dalaşgärler görkezilip bilner. Ýöne her bir saýlaw okrugy boýunça bir dalaşgär bolmalydyr.

Dalaşgäriň görkezilmegi üçin, oňa mejlise gatnaşýanlaryň ýarysyndan gowragynyň ses bermegi zerur bolup durýar.Mejlisiň deputatlygyna dalaşgärleri görkezmek boýunça raýatlar toparlarynyň ýygnaklary degişli saýlaw okrugynyň çäginde ýaşaýan saýlawçylaryň 200-den az bolmadyk mukdarynyň gatnaşmagynda geçirilip bilner.

Degişli saýlaw okrugynda dalaşgärleri görkezmek boýunça raýatlar toparynyň her ýygnagynda bir dalaşgär görkezilip bilner. Ýöne oňa ýygnaga gatnaşyjylaryň ýarysyndan gowragy ses beren bolmalydyr.Syýasy partiýalaryň guramalarynyň mejlisleriniň çözgütleri, raýatlaryň ýygnaklarynyň teswirnamalary geçirilen gününden soň iki günlük möhletiň dowamynda olar dalaşgärleriň görkezilmäge ylalaşygy hakyndaky arzalary bilen bilelikde degişli okrug saýlaw toparlaryna ugradylýar.

Bellige almak üçin resminamalary 284 adam ugratdy.Syýasy partiýalardan deputatlyga 168, raýatlar toparyndan bolsa 116 dalaşgär görkezildi.Deputatlyga dalaşgärleri bellige almak 2018-nji ýylyň 3 — 27-nji fewraly aralygynda geçirildi.

Okrug saýlaw toparlary deputatlyga görkezilen ähli 284 dalaşgäri bellige aldy.Olaryň hatarynda ykdysadyýetiň pudaklarynyň ýokary hünärli işgärleri, dürli ugurlaryň wekilleri bar.Dalaşgärleriň 99 göterimden gowragynyň ýokary bilimi bar.

Olaryň 77 göterimden gowragy 30-dan 50 ýaş aralygyndaky adamlardyr.Dalaşgärleriň 26 göterimini aýal-gyzlar düzýär.Mejlisiň deputatlygyna dalaşgärleri bellige almak we olaryň terjimehallary baradaky maglumatlar metbugatda çap edildi.

Wekilçilikli toparyň pikirine görä, dalaşgärleri görkezmek we bellige almak deňhukukly esasda erkin we açyklykda, milli kanunçylygyň talaplaryny berjaý etmek esasynda geçirildi.Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň saýlawlaryň öňüsyrasyndaky wagyz etmek we saýlaw möwsüminiň geçişini şöhlelendirmek işi Dalaşgärleri wagyz etmek möwsümi olaryň hasaba alnan döwründen başlap, 2018-nji ýylyň 23-nji martynda tamamlanar.

Türkmenistanyň kanunçylygy deputatlyga dalaşgärlere we olaryň ynanylan adamlaryna köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen, saýlawçylar bilen duşuşyklary, ýygnaklary geçirmek, wagyz serişdelerini ýaýratmak arkaly saýlawlaryň öňüsyrasynda wagyz işlerini erkin alyp barmagy kepillendirýär.

Kodekse laýyklykda, dalaşgärleri deň şertlerde döwletiň tele we radioýaýlymlarynda mugt ýaýlym wagtyny almak hukugyna eýe boldular.Olar her günde bir sagatdan az bolmadyk möçberde çykyş etdiler.Olaryň gepleşik wagty 19.00-dan 23.00-a çenli bolan döwri öz içine alýar.

Döwürleýin neşirler dalaşgärleriň wagyz-nesihat materiallary üçin mugt metbugat meýdançalaryny deň şertlerde berdiler.Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri her bir deputatlyga dalaşgär üçin “Altyn asyr: Türkmenistan”. “Miras”, “Ýaşlyk” teleýaýlymlarynda 10 minutlyk mugt efir wagtyny berdi. Şeýle hem “Türkmenistan”, “Neýtralnyý Turkmenistan” merkezi gazetleriň we “Aşgabat”, “Ahal durmuşy”, “Balkan”, “Daşoguz habarlary”, “Türkmen gündogary”, “Maru-şahu jahan” ýaly sebitleýin gazetleriň sahypalarynda deň şertdäki metbugat meýdançalary berildi.

Merkezi saýlaw topary deputatlyga dalaşgärleriň telewideniýe boýunça çykyşlaryň tertipnamasyny taýýarlady.Saýlaw toparlarynyň, ýerli ýerine ýetiriş häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň işjeň goldaw bermeginde dalaşgärleriň we olaryň ynanylan adamlarynyň ilat bilen duşuşyklary, ýygnaklary gurnaldy. Şu maksat bilen medeniýet köşkleri we öýleri, okuw mekdepleriň hem-de edaralarynyň maslahat zallary ulanylýar.

Jemi duşuşyklaryň müňe golaýy geçirildi. Ýerli ýerine ýetiriş häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary her bir saýlaw uçastogynyň çäginde deň şertlerde dalaşgärleriň wagyz-nesihat serişdelerini ýerleşdirmek üçin ýörite ýerleri taýýarladylar.

Wekilçililki topar saýlawlaryň guramaçylarynyň saýlaw möwsüminde wagyz-nesihat işlerini geçirmek üçin deň şertleri we erkinlikleri üpjün edendigini tassyklaýar.Merkezi we aşaky saýlaw toparlary Kodeksiň talaplaryna laýyklykda, raýatlary saýlaw möwsüminiň geçirilişi hakynda habardar etmek boýunça ägirt uly işleri alyp barýarlar.

Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna Merkezi saýlaw toparynyň buýurmasy esasynda saýlawçylaryň ýaşaýan ýerlerinde we jemgyýetçilik ýerlerinde deputatlyga dalaşgärler hakyndaky maglumat serişdeleriniň 11 müňden gowragy taýýarlanyldy we ýaýradyldy.Tele we radioýaýlymlar boýunça öňde boljak saýlawlar hakyndaky maglumat habarlary yzygiderli berildi.

Merkezi saýlaw topary Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde ses bermegiň, möhletinden öň ses bermegiň geçirilişini, saýlaw býulletenlerini doldurmak kadalarynyň ýerine ýetirilişini düşündirýän wideofilmleriň 15-sini taýýarlady.

Olar teleýaýlymlarda görkezildi.Mahabat göterijilerde ses bermäge çagyryşlar ýerleşdirildi.Merkezi saýlaw toparynyň kabul edýän çözgütleri, saýlaw möwsümi bilen baglanyşykly kadalar, gözükdirijiler, täzelikler Merkezi saýlaw toparynyň (saylav.gov.tm) Internet-saýtynda ýerleşdirildi.

Saýlawlar bilen baglanyşykly meseleler metbugatda hem-de tele we radio gepleşiklerinde yzygiderli beýan edildi.Uçastok saýlaw topary saýlawçylara ses bermegiň senesini, ýerini we wagtyny görkezmek bilen çakylyklary ugradýar.

Wekilçilikli toparyň pikirine görä, raýatlara deputatlyga dalaşgärler, saýlaw möwsüminiň tapgyrlary hem-de barşy hakyndaky anyk we hemmetaraplaýyn maglumatlar bilen tanyşmak mümkinçiligi berildi.Möhletinden öň ses bermek Kodekse laýyklykda saýlawlar gününde ýaşaýan ýerlerinde bolmak mümkinçiligi bolmadyk saýlawçylar 2018-nji ýylyň 15 — 24-nji marty aralygynda saýlaw uçastoklarynda möhletinden öň ses berip bilýärler.

Möhletinden öň ses bermek uçastok saýlaw toparynyň ikiden az bolmadyk agzalarynyň gatnaşmagynda geçirilýär.Raýatlaryň dolduran saýlaw býulleteni möhürlenen saýlaw çeleklerine atylýar.Wekilçilikli toparyň agzalary möhletinden öň ses bermek çäresine gözegçilik etdiler we olaryň Kodekse laýyklykda geçirilendigini tassyklaýarlar. *** Wekilçilikli toparyň pikirine görä, saýlaw möwsümi durnukly ýagdaýda, açyk bäsdeşlik esasynda we ýokary guramaçylyk derejesinde geçýär.

Wekilçilikli topar özüniň gutarnykly netijelerini we saýlawlaryň geçişi baradaky bahalaryny saýlawlara gözegçiligiň netijeleri boýunça taýýarlanýan jemleýji resminamada beýan eder.GDA-nyň wekilçilikli synçylarynyň ştaby.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda Özbegistanyň konstitusiýasyna üýtgeşmeler girizmek boýunça ses bermek üçin uçastoklar açylar, hokkeý boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy dünýä çempionatyna taýýarlyk görüp başlady we beýleki habarlar
Polisiýa Türkmenistanyň şübheli’ adamlaryna telefon etmäge başlady
Ýuridiki konsultasiýalar. Polisiýa işgäri pasportyňy alyp bilýärmi? Aşgbatda propiskasyz ýaşamak mümkinmi?
Türkmenistanyň adam hukuklary ýagdaýyna syn. Sentýabr 2017. AHTI-niň hasabaty
24.03.2018 | 25-nji martda Türkmenistanda Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçiriler