2 sagatda 2 gezek Olimpiýa rekordyny täzeledi

Umumylykda medallar toplumynyň 35-si paýlanjak ýüzmek ýaryşynda ilkinji 5 günde 20 ugruň ýeňijisi belli boldy.Erkekleriň arasynda fransiýaly Leon Marşan 3 altyn medal gazanyp, Olimpiýa oýunlarynyň ýyldyzy bolmak ugrunda öňe saýlanýar.

Ol 400 metr garyşykda Maýkl Felpsiň 16 ýyllyk Olimpiýa rekordyny täzeläp (4:02,95 minut) altyn medal gazanmagyndan soň, 1 günde hatda 2 sagadyň içinde ýene-de 2 altyn medala mynasyp boldy. Üstesine-de ikisinde hem Olimpiýa rekordyny täzeledi.

Ol ilki 200 metr brass ýüzüşde 2 minut 05,85 sekuntda pellehana gelip, wengriýaly Kristof Milagyň Tokioda goýan rekordyny, soňra 200 metr kebelekleýin ýüzüşde 1 minut 51,2 sekuntda ýaryşy tamamlap, ýene-de Milagyň Ýaponiýanyň paýtagtynda täzelän rekordyny öz adyna geçirdi. Ähli döwürleriň iň ökde ýüzüjisi Maýkl Felps hem 2 sagadyň dowamynda 2 Olimpiýa rekordy bilen altyn medal gazanmandy.

Ýene degişli makalalar

16 ýyllyk rekordy täzeledi
Täze Maýkl Felps peýda bolýar fransiýaly ýüzüji 4-nji altynyny-da Olimpiýa rekordy bilen gazandy
DAŞARY ÝURT RAÝATLARYNY TÜRKMENISTANYŇ MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ 300 ÝYLLYGYNA ATLY ÝUBILEÝ MEDALY BILEN SYLAGLAMAK HAKYNDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY
Saud Arabystanynda kub görnüşli äpet bina gurlar
Buker baýragynyň uzyn sanawy mälim edildi
Dünýä täzelikleri gysga setirlerde