“Türkiýe Magaryf” gaznasy tarapyndan TRT-niň aragatnaşyk hemaýatkärliginde guralan, 7 ýurtdan bilim ministrleri bilen dünýäniň bilermen bilim awtoritarlaryny “Mekdebiň gelejegi, Pandemiýadan soňky bilim zerurlyklary” temasy bilen duşuşdyran “2-nji Stambul Bilim Sammiti” öz işini jemledi. Baglarbaşy Maslahatlar we medeniýet merkezinde geçirilen sammitiň soňky gününiň birinji mejlisinde “Kowid Nesliniň Geljegi”, ikinji mejlisinde bolsa “Tapawutlandyrylan bilim” temalary ara alynyp maslahatlaşyldy.
Sammitiň soňky mejlisinde bolsa “Bilimde alternatiw gözlegler” temasy seljerildi.Stambulyň Medeniýet uniwersitetiniň mugallymy Dosent doktor Ömer Awjynyň moderatorlygynda geçirilen mejlisinde “EdX” Iş kämilleşdiriş edarasynyň Başlygy Jon Şwars, “Kursera for Kampus” edarasynyň Global Ýolbaşçysy Skott Şirman, Marmara uniwersitetiniň mugallymy Professor doktor Kemal Saýar, Peşawar uniwersitetiniň Pedagokiki sosiologiýa we Mugallymçylyk bölüminiň Professory Saýed Munir Ahmed bilen Afrikanyň Galkynyşy uniwersitetiniň Başlygy Kader Keneýe dokladçy bolup çykyş etdiler.
“Baýlar bilen ýoksullaryň arasyndaki tapawudy ortadan aýyrýarys”
Kowid-19 pandemiýasy sebäpli bilim ulgamynyň gysga möhletde sanly bilim modeline geçilendigini ýatladan “EdX” Iş kämilleşdiriş edarasynyň Başlygy Jon Swars, şonuň netijesinde bilimiň giň halk köpçüligi üçin elýeterli bolandygyny nygtady.
Şwars çykyşyny: “Size, Garwarda we MIT-de öz kontentlerini, talyplara berýan derslerini dünýädäki her bir adama tölegsiz bererler” diýsem, näme diýerdiňiz? Ömür boýy öwrenme ekoulgamyny ähli ýerde hemmeleriň dykgatyna hödürleýäris.
Esasanda şol saýlama okuw jaýlarynda okajak zehinli we onuň tölegini töläp biljek adamlar bilen, maddy şertleri bolmadyklaryň arasyndaki tapawudy ortadan aýyrýarys.Häzirki döwürde bilim ulgamynda ony kabul edip, ösmeli we ondan serişde hökmünde peýdalanalyň” diýip, dowam etdirdi.
“Üç hepdäniň dowamynda millionlarça okuwçy ýekeje düwmä basyp, onlaýn bilim ulgamyna geçdi”
Onlaýn bilim ulgamynyň, adaty bilim ulgamyna öwez edilip, edilmezligi hakynda-da durup geçen Şwars, “Bu soragy özüme köp soradym we onuň boljakdygy netijesine geldim. Üç hepdäniň dowamynda millionlarça okuwçy bir düwmä basyp, onlaýn bilim ulgamyna geçdi.
Pandemiýanyň dowamynda onuň ähmiýetini nygtaýardyk.Kabul etmediklerem boldy.Onuň nähili dowam etjekdigi hakynda adamlarda hiç hili pikir ýokdy.Täsirlerini bilenokdylar, ýöne pandemiýa erbet hem bolsa, ol biziň badalgamyzdy.
Bütin dünýäde tanaýan adamlarymyň ählisi onlaýn bilim aldy” diýdi.
“Onlaýn bilim ulgamy ençeme tarapdan gowy mümkinçilik”
“Kursera for Kampus” edarasynyň Global Ýolbaşçysy Skott Şirman; “Onlaýn bilim birnäçe tarapdan gowy mümkinçilik.Birinjisi bilim almagy üpjün edýär.Uniwersitetleriň talyplary üçin hem peýdaly.Sebäbi size ozal döredilmedik ýeňillikler döredilýär.
Onlaýn bilimiň käbir peýdalary bar.Käbirleri adaty ulgam bilen deňeşdiriklende onlaýn has gowy we biri-birini höweslendirýän, goldaýan ulgam.Häzirki wagtda talyplary ileri tutýan we bar bolan şertlerimizden peýdalanyp hem adaty hem-de onlaýn bilimi kämilleşdiriji häsýetde taýýarlaýarys” diýdi.
Sammitiň çäginde “Türkiýe Magaryf” gaznasy tarapyndan guralan 3-nji Halkara Magaryf fotosurat bäsleşiginiň baýraklary gowşuryldy. Bäsleşikde Pakistandan Şažar Zahra birinji orny eýeledi. Brundiden Radia Hasan ikinji orny, Owganystandan gatnaşan Mustafa Rejebi bolsa üçünji orny eýeledi. Baýraklary “Türkiýe Magaryf” gaznasynyň Ýolbaşçysy Professor Birol Akgün gowşurdy.