2-nji noýabrda Türkhowaýollary Türkmenistana yzygiderli gatnawlaryny dikelder

2-nji noýabrda Türkhowaýollary Türkmenistana yzygiderli gatnawlaryny dikelder

Turkish Airlines kompaniýasy 2-nji noýabrdan başlap, Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça yzygiderli howa gatnawlaryny dikelder diýip, Atavatan Turkmenistan neşiri awiakomapniýanyň Aşgabatdaky şahamçasyna salgylanyp habar berýär.

Gatnawlar çarşenbe we penşenbe günleri ýerine ýetiriler. Türkiýeden Türkmenistana petegiň bahasy 497 dollardan başlanýar. Petekleri Turkish Airlines kompaniýasynyň Aşgabatdaky salgysyndan alyp bilersiňiz — Atatürk köç., 82, Berkarar SDAM, 1-nji gat, blok A7-A8. Yzygiderli gatnawlaryň çäklerinde ýolagçylar üçin karantin göz öňünde tutulmaýar.

Ýene degişli makalalar

Turkish Airlines-yň Aşgabatdaky satuw ofisinde howa gatnawynda daşamak bolmaýan zatlar barada gürrüň berdiler
Ýeňillik bilen syýahat ediň: Turkish Airlines goşundysyny ýükläp alyň
Turkish Airlines Aşgabat — Stambul gatnawlaryna amatly nyrhnamalary hödürleýär
Turkish Airlines 2025-nji ýylyň ýazyna çenli Aşgabat bilen Stambulyň arasyndaky howa gatnawlarynyň nyrhnamalaryny täzeledi
Turkish Airlines mobil goşundysy bilen syýahatyňyzy ýeňilleşdiriň
Turkish Airlines Santýago şäherine uçuşlary ýola goýýar
Turkish Airlines-yň Aşgabatdaky ofisi hyzmatlaryň bitewi toplumyny hödürleýär