2-nji gezek çempionlyk gazanan 17-nji sürüji

Moto GP boýunça çekeleşikli geçen möwsümiň çempiony iň soňky ýaryşda belli boldy.Ispaniýanyň Walensiýa şäherinde geçirilen möwsümiň 20-nji ýaryşynda sanawyň lideri, “Ducati Lenovo” toparynyň italýan Françesko Banaia ýeňiş gazandy. 4 kilometrlik Rikardo Tormonyň adyny göterýän trassasynda geçirilen 27 aýlawdan ybarat ýaryşy 40 minut 58,535 sekuntda tamamlady.

Bu onuň şu möwsümdäki 7-nji, karýerasyndaky 18-nji ýeňşi bolup, ol bassyr 2-nji gezek Moto GP-niň çempionlygyny gazandy.

Ýaryşda 2-nji ýeri “Prima Pramac” toparynyň fransuz sürüjisi Ýohan Zarko 2-nji, “Red Bull KTM” toparynyň günorta afrikaly piloty Bred Baýnder 3-nji ýeri eýeledi. Çempionlyk ugrunda ýiti göreş alyp baran ispaniýaly Horge Martin (“Prima Pramac”) 5-nji aýlawda kiçeňräk awariýadan soň ýaryşy dowam etdirip bilmedi.

Sprint ýaryşynda Horge Martin 1-nji ýeri eýelese-de, bu oňa çempionlyk üçin ýeterlik bolmady. Sprint ýaryşynda Banaia 5-nji orna mynasyp boldy.

Şunlukda, Françesko Banaia 467 utuk bilen bassyr 2-nji çempionlygyny baýram etdi. Ol Moto GP-de 2 çempionlyk gazanan 17-nji sürüji hökmünde hasaba alyndy. Horge Martiniň 2-nji bolan ýaryşynda italiýaly Marko Bezzekki (Mooney VR46 Racing) 3-nji ýeri eýeledi.

Ýene degişli makalalar

Täze çempion
Täze çempion
Çempionlyk ugrunda ýiti göreş
Karýerasyndaky ilkinji birinjiligi
1-nji orna çykaran ýeňiş
Awstriýada Baýnder ýeňiji boldy