2-nji Aýynda Ysraýylyň Gaza Hüjümleri we Oňa Seslenmeler

2-nji Aýynda Ysraýylyň Gaza Hüjümleri we Oňa Seslenmeler

Hamasa tabynlykdaky Kassam topary bilen ululy-kiçili ýerli söweşjeň toparlaryň 7-nji oktýabrda Ysraýyla garşy ýyldyrym operasiýasyny başlatmagyndan bäri tas 2 aý geçdi.Ysraýyl ilki howadan agyr bomardymana sezewar edilen Gazany, soň bolsa demirgazyk we günorta bölüp, demirgazyk zolagyny gury ýerden basyp aldy.

Ol ýerde garşylygyň Ysraýylyň goşunyna garşy göreşi dowam edýärkä, ysraýylly ýolbaşçylaryň beýan etmegine görä Günorta tarap hem gury ýer hüjümini başladar.Ysraýylyň esasy maksady Gazany ýaşalmasyz ýagdaýa getirip, ilatsyzlaşdyrmakdan ybarat.

SETA-nyň Daşary syýasaty öwreniji alymy Jan Ajunuň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Hamasa tabynlykdaky Kassam topary bilen ululy-kiçili ýerli söweşjeň toparlaryň 7-nji oktýabrda Ysraýyla garşy ýyldyrym operasiýasyny başlatmagyndan bäri tas 2 aý geçdi. “Aksa Tupany” atlandyrylan bu hüjüm, täze doktrinalary özünde jemleýan, dron we paramotorlardan peýdalanmak ýaly täze tehniki şertler bilen Ysraýylyň goşunynda agyr täsir galdyrypdy.

Gazanyň daşynda ýerleşen harby bazalar palestinalar tarapyndan alynyp, Gazadan has uly ilatly ýer hem gözegçilik astyna alynypdy.

Ysraýyl birnäçe wagt ysmaz bolandan soň, hüjüme agyr gaýtawul görkezdi.Günüden asuda ilaty nyşana alan howa hüjümleri bilen hamala diýersiňiz gyrgynçylyk etmegä başlady.Demirgazyk we günorta sebitlere bölüp, demirgazyk gury ýerden basylyp alyndy.

Netijede Hamasy nyşana alýandygyny öňe sürýän hem bolsa, harby operasiýa usuly jemgyýetçilik binalary nyşana almagy, gabawy agyrlaşdyryp, suwa we azyga elýeterliligi çäklendirmegi Ysraýylyň Gazany ýaşalmasyz ýagdaýa getirip, ol ýerde köpçülikleýin gyrgynçylygy nazarda tutýandygyny görkezýär.

Demirgazyk sebitden soň günorta tarap basyp alyş operasiýasynyň guralmagy meýilleşdirilýär.Gazada Ysraýylyň hüjümleri dowam edýärkä, çaknyşygyň geosyýasy we sebitleýin seslenmeleri dowam edýär.

Çaknyşyklaryň başynda Hizbullahyň täze front açyp, açmajakdygy we söweşiň sebitleýin häsýete eýe bolup, bolmajakdygy näbellikä, Eýranyň tarapynda hereket edýän Hizbullahyň we beýleki güýçleriň şeýle operasiýa goşulmajakdyklary görüldi.Emma gözegçilikli we çäkleri kesgitlenen çarçuwada Ysraýyla we ABŞ-na garşy dürli harby ylalaşyklary hem kabul etdiler.

Hizbullah Ysraýyl-Liwan serhet zolagynda Ysraýyly nyşana alýan bolsa, Yrakda we Siriýada şaýy partizan toparlar Amerikan bazarlaryna hüjümlerini dowam etdirýär.Emma esasy garaşylmadyk göçümler Ýemendäki Ansarullah hereketi tarapyndan edildi.

Husiler Ysraýyla gönüden uruş yglan edendiklerini habar berdiler we Gyzyl deňizde Ysraýyla degişli gämilere hüjümler guramaga başladylar.Sebitdäki gämi gatnawynyň howpsuzlygy taýdan uly wehim ýüze çykan bolsa, ABŞ-nyň flotuna degişli harby gämiler bolsa oňa garşy çäre görmäge çalyşýarlar.

Ysraýylyň wekilçilikli güýçlerden peýdalanyp, eskalasiýa basgançagy mantygy bilen tapgyrlaýyn häsýetde güýçlendirendigini aýtmak mümkin, emma ozalky retorikleriniň tersine, doly göwrümli çaknyşyk etmejekdikleri görülýar.

Ysraýylyň Gazanyň günorasyny basyp almagy we asuda ilatyň Sina çölüne göçürilmegi bilen bilelikde Müsüriň herekete geçmegi hem-de Arap bloguny Ysraýyla garşy işe girişmäge mejbur etmegi mümkin bolup biler. Eger şeýle bolsa, harby operasiýalar däl, eýsem syýasy we ykdysady taýdan dürli sanksiýalary gün tertibine getirer.

Ýene degişli makalalar

BMG: “Gaza ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegi üçin iň howply ýer”
Ysraýyl BMG-niň Gazadaky hassahanalardan birine ugradan kömek kerweninň geçmegine rugsat bermedi
Ysraýyl goşuny Gazadaky hüjümleriniň gerimini giňeltdi
Ysraýylyň Gazanyň Nusaýrat bosgun düşelgesinde azyndan 30 palestinalyny gyrdy
Ysraýyl Gazanyň demirgazygyny bombalady, 8 palestinaly ýogaldy
Hakan Fidan Müsüre Gider
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny