Türkmenistanyň Prezidenti bir aýlyk zähmet rugsadyna çykdy, russiýaly mekdep okuwçylary Awaza dynç almaga geldiler, Türkmenistan garpyz we gawun eksportynyň möçberlerini artdyrdy we beýleki habarlar
Türkmenistanda
1. 1-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň Hökümet agzalary bilen bir aýlyk zähmet rugsadyna çykdy. Ýurduň ýolbaşçylaryna 1-nji sentýabra çenli Awazada, Arçmanda, Ýylysuwada ýa-da Türkmenistanyň beýleki şypahanalarynda dynç almaga rugsat berilýär.
2.Arkadag şäherinde geçirilen Halkara matematika olimpiadasynda birinji orna mynasyp bolan Russiýanyň mekdep okuwçylary Awaza milli syýahatçylyk zolagynda dynç almak üçin Türkmenistana geldiler.Dostlukly ýurduň zehinli ýaşlary mähirli garşylandy. Çagalar 1 10-njy awgust aralygynda Daýanç sagaldyş merkezinde dynç alyşda bolarlar.
Olaryň dynç alşy üçin ýollanma Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat Gaznasynyň maliýe serişdelerini hasabyna berildi.
3. Türkmenistanda şu ýyl garpyz eksportynyň mukdary tutuş 2022-nji ýyldaky eksportyň umumy mukdary bilen deňeşdirilende 10 esse, 2023-nji ýyldaky umumy eksport mukdary bilen deňeşdirilende bolsa 9 esse ýokarlandy. Bu ýyl türkmen garpyzlaryny esasy import ediji ýurtlar Russiýa we Katardyr. Türkmen gawunlaryny import edýän esasy ýurtlaryň hatarynda bolsa Russiýa we Gazagystan bar.
4. Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi AGPJ (TULM) ilkinji konteýner otlusynyň Hindistandan Özbegistana iberilmegini üstünlikli gurady. Keramiki plitalar ýüklenen 20 konteýnerden ybarat otly Bender-Abbas portundan ugrap, Sarahs goýberiş nokady arkaly Özbegistanyň Çukursaý demirýol menziline iberildi.
5. 1-nji awgustdan başlap, Aşgabatda, Arkadag şäherinde we ýurduň welaýat merkezlerinde mekdep bazarlary öz işine başlady.Göçme söwda sekileri kanselýariýa harytlarynyň we mekdep esbaplarynyň giň saýlawyny hödürleýär, bu bolsa ene-atalara we okuwçylara täze okuw ýylyna taýýarlanmaga mümkinçilik berýär.
Täze 2024/2025-nji okuw ýylyna Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary mekdep lybaslarynyň nusgawy görnüşlerini öndürdi.Hödürlenýän harytlaryň arasynda oglanlar üçin penjekler we galstuklar, gyzlar üçin ýaşyl reňkli köýnekler we ak öňlükler, şeýle hem türkmen milli başgaby tahýa bar.
6.Aşgabat şäheriniň 127-nji ýöriteleşdirilen çagalar bagynda ýurduň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň şepagat uýalarynyň we aşpezleriniň arasynda iki hünär bäsleşiginiň jemleýji milli tapgyry geçirildi. Şepagat uýalarynyň bäsleşiginde Baş baýraga Aşgabat şäherindäki 12-nji çagalar bakja-bagynyň şepagat uýasy Zubeýda Kurambaýewa mynasyp boldy.
Aşpezleriň bäsleşiginde bolsa Baş baýrak Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň 5-nji çagalar bakja-bagynyň aşpezi Altyn Jümmiýewa gowşuryldy.Bäsleşige gatnaşanlaryň ählisi Bilim ministrliginiň diplomlary, şeýle hem Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň gymmat bahaly baýraklary bilen sylaglandylar.
Dünýäde
1. Nýu-Delide geçirilen Bütindünýä miras komitetiniň 46-njy mejlisinde Hytaýyň täze desgasy ÝUNESKO-nyň sanawyna girizmek üçin tassyklandy. Bu desga Pekiniň merkezi oky Hytaýyň paýtagtynyň taryhy merkeziniň daşky keşbini kesgitleýän özboluşly binagärlik toplumydyr. Demirgazykdan günorta 8 kilometre uzap gidýän bu binalar toplumy taryhyny Ýuan nesilşalygyndan alyp gaýdýar.
2.Marselde elektrikden, gazdan we odundan düýbünden ýüz öwren Ýewropadaky ilkinji restoran açyldy.Aşhanada nahar bişirmekden başlap, zalyň yşyklandyrylyşyna çenli ähli amallar diňe Gün energiýasy bilen üpjün edilýär.
Aşhana enjamlarynyň binýady Gün şöhlelerini toplaýan we bir nokada gönükdirýän uly parabola şekilli antennadyr.Bu tehnologiýanyň kömegi bilen peçiň üstündäki temperatura 400°C-e ýetýär.Häzirki wagtda restoran diňe iş günleri, sagat 11:30-dan 14:00-a çenli, Günüň işjeňligi iň ýokary bolan wagtynda işleýär. Şeýle-de bolsa, restoranyň eýeleri munuň bilen çäklenmän, restoranyň organiki galyndylaryny gaza gaýtadan işleýän biogaz ulgamyny gurnamagy meýilleşdirýärler.
Bu täzelik bulutly howada we Gün ýaşandan soň hem işlemäge mümkinçilik berer.
Sport habarlary
1.Türkmenistanyň Ahal futbol topary Kartepedäki taýýarlyk ýygnanyşygynyň çäklerinde geçiren dostluk duşuşygynda Türkiýäniň Fethiýespor toparyndan 3:1 hasabynda üstün çykdy.Toparyň kapitany Elman Tagaýew dubl bilen tapawutlandy, hüjümçi Daýanç Meredow hem bir pökgi geçirdi.
Bu ýeňiş Ahal üçin Türkiýede geçirýän ýygnanyşygyndaky synag oýunlarynyň ikinjisi boldy.Ondan öň topar Saud Arabystanynyň Al-Safa klubyny 2:1 hasabynda ýeňdi. Öňümizdäki günlerde Ahal ýene iki dostluk duşuşygyny geçirmegi meýilleşdirýär: 4-nji awgustda Saud Arabystanynyň Al-Ahdoud topary bilen we 7-nji awgustda Eýranyň Gol Gohar kluby bilen.
2.Garyşyk başa-baş söweş sungaty boýunça türkmen türgeni Eziz Penjiýew ýaş zehinler üçin Fight Nights-yň täze taslamasynyň çäklerinde ilkinji çykyşyna taýýarlanýar.Tutluşyk 4-nji awgustda geçiriler.
Penjiýew täjigistanly Nurali Jobirow bilen duşuşar.Penjiýew eýýäm professional arenada özüni görkezdi. 2023-nji ýylyň noýabr aýynda ol Fight Nights 120 bäsleşiginde russiýaly Sergeý Tolmaçýow bilen duşuşykda söweşi bogmak tilsimi bilen tamamlap, täsirli ýeňiş gazanypdy.