2 gezek öňe saýlanan “Ýunaýted” ýeňlişe sezewar boldy

Toparçadaky beýleki duşuşykda 7 gol geçirilip, “Kopengagen” öz meýdançasynda “Mançester Ýunaýtedi” 4-3 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.Daniýaly hüjümçisi, “Kopengageniň” ozalky oýunçysy Rasmus Hoýlunnyň gollary bilen 2-0 öňe saýlanan iňlis topary üstünligini gorap bilmedi. 42-nji minutda Reşfordyň gyzyl kart almagyndan soň ýer eýeleri 1-nji ýarym tamamlanmanka hasaby deňlediler. 45-nji minutda Elýunussi, 45+9-njy minutda-da penaltiden Diogo Gonsalweş tapawutlandy. 2-nji ýarymda 69-njy minutda eminiň bellän penaltisini dürs ýerine ýetiren Bruno Fernandeşiň goly bilen “Ýunaýted” ýene-de öňe saýlandy. Ýöne ruhdan düşmedik “kopengagenliler” soňky 10 minutda ilki 83-nji minutda Lukas Lerageriň goly bilen hasaby deňlediler, soňam 87-nji minutda 17 ýaşyndaky oýunçysy Runi Bardagjiniň goly bilen ýeňiş gazandylar.

Ýene degişli makalalar

Iňlis klublarynyň uly hasaply ýeňişleri
Stambulda 6 golly duşuşyk
“Liwerpul” möwsümi kuboksyz tamamlap biler
“Mançester Ýunaýtediň” 9-y düzüw
56 ýyllyk rekordy gaýtalady
965 million dollarlyk final we haýsy teleýaýlymlarda görkeziler